Ikinji Korinfliler 4:1—18
4 Hudaýyň bize rehim edip, şeýle gullugy ynanandygy üçin elimizi gowşatmaýarys.
2 Ýöne biz gizlinlikde edilýän utanç-haýasyz işlere baş goşmaýarys, mekirlik etmeýäris. Hudaýyň sözüni ýoýman, hakykaty öwredýäris+. Hudaýyň öňünde ähli adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutup, görelde görkezýäris+.
3 Biziň wagyz edýän hoş habarymyz diňe heläk boljak adamlar üçin mata bilen ýapylandyr.
4 Sebäbi şu dünýäniň* taňrysy+ iman etmeýän adamlaryň aň-düşünjesini küteldendir+. Ol Hudaýyň keşbinde ýaradylan Mesih+ hakdaky ajaýyp hoş habaryň nur saçmagyny islemeýär+.
5 Biz wagyzda özümiz hakda däl-de, Isa Mesihiň Halypamyzdygy hakda gürrüň berýäris. Şeýle-de Isanyň hatyrasy üçin size hyzmat edýändigimizi aýdýarys.
6 Sebäbi: «Garaňkylykda nur saçsyn»+ diýen Hudaý ýüreklerimizi ýagtylandyryp+, Mesih* arkaly Özi hakdaky ajaýyp bilim bilen şöhratlandy.
7 Biz toprakdan ýaradylsak-da+, gymmatly hazyna ynanyldy+, şonuň üçin gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen ýerine ýetirýäris.+
8 Bizi her tarapdan gysyp-gowursalar-da, güýçden gaçmadyk. Biz aljyraňňy ýagdaýa düşsek-de, çykalgasyz ýagdaýda* däldiris+.
9 Biz yzarlansak-da, ýeke galmadyk+. Bizi urup-ýençseler-de, heläk bolmadyk+.
10 Isanyň ýaşaýşy durmuşymyzda görner ýaly, Isa ýaly hemişe görgi görüp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys+.
11 Biz ýaşasak-da, Isanyň hatyrasy üçin janymyzy howp astyna salýarys+. Adamlar hem biziň Isa ýaly görgi görýändigimizi görýärler.
12 Sizi ýaşaýşa gowşurmak üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
13 «Men iman bilen gepledim»+ diýip ýazylyşy ýaly, biz hem siziň imanyňyz üçin iman* bilen gepleýäris.
14 Isany direlden Hudaýyň bizi-de direldip, ählimizi Isanyň ýanyna eltjekdigini bilýäris+.
15 Ähli zat siziň üçin edilýär. Adamlar Hudaýa alkyş* aýdyp, şöhratlandyrar ýaly, Hudaý olara köp ýagşylyk edýär+.
16 Şeýlelikde, beden garrasa-da, içki dünýämiz günsaýyn täzelenýär, şonuň üçin ruhdan düşmeýäris.
17 Biziň häzirki görýän kynçylyklarymyz wagtlaýyn hem ýeňildir, ýöne şolar arkaly deňsiz-taýsyz we ebedi şöhrata ýeteris+.
18 Biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara seredýäris+, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Mesihiň ýüzi.
^ Başga manysy: taşlanan; ýeke galan.
^ Sözme-söz: ruhy iman.
^ Ýa-da: minnetdarlyk.