Ikinji Korinfliler 9:1—15

  • Sadaka bermek hakda (1—15)

    • Hudaý şatlyk bilen berýäni söýýär (7)

9  Size mukaddeslere kömek* etmek+ babatda hat ýazmagyň geregi ýok.  Sebäbi siziň kömege taýyndygyňyzy bilip, makedoniýaly mesihçileriň ýanynda buýsanýaryn. Olara Ahaýýanyň bir ýyl bäri kömek etmäge taýýardygyny aýtdym. Siziň yhlasyňyz olaryň köpüsine täsir etdi.  Indi buýsanjym biderek bolmasyn. Kömege taýýardygyňyzy görmek üçin ýanyňyza doganlary iberýärin.  Eger makedoniýaly doganlar bilen baranymda siziň taýýar däldigiňizi görsek, ynamymyz puç bolar, ählimiz masgara bolarys.  Şeýlelikde, sözüňizde durup, jomartlyk bilen berýän sadakaňyzy taýyn edip goýmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza öňünden iberdim. Şonda sadakany mejbury däl-de, jomartlyk bilen berýändigiňiz belli bolar.  Emma gysgançlyk bilen ekýän adam az orar, jomartlyk bilen ekýän bolsa köp orar+.  Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de+, göwnünden çykaran zadyny bersin, sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir+.  Galyberse-de, gerek zadyňyz elmydama ýeterlikli bolup, ýagşy işleri etmäge zadyňyz bol bolar ýaly+, Hudaý size köp ýagşylyk eder.  Sebäbi: «Ol jomartdyr, garyp-gasaryň hossarydyr. Hiç haçan dogry ýoldan sowulýan däldir»+ diýip ýazylgy. 10  Ol size ekmäge tohum berer, iýjek çöregiňizi ýetirer, ekjek tohumyňyzy köpelder we dogruçyl işleriňizden bol hasyl almaga kömek eder. 11  Siz her ýagdaýda jomart bolar ýaly, Hudaý berekedini bolluk bilen berýär. Siziň yhlasyňyz adamlary Hudaýa minnetdar bolmaga höweslendirýär. 12  Sebäbi siziň edýän gullugyňyz mukaddeslere gerek zadyny ýetirýär+, şeýle-de ençeme adamlara Hudaýa alkyş aýtmaga mümkinçilik berýär. 13  Mukaddesler eden kömegiňizi görüp, Hudaýy şöhratlandyrýarlar. Sebäbi siz Mesih hakda wagyz edýän hoş habaryňyza tabyn bolýarsyňyz, olara-da, hemmelere-de jomartlyk bilen sadaka berýärsiňiz+. 14  Hudaýyň size köp ýagşylyk edýändigini görüp, olar siziň üçin doga-dileg edýärler, sebäbi sizi ýürekden söýýärler. 15  Geliň, köp ýagşylyk edýän* Hudaýa minnetdar bolalyň!

Çykgytlar

Sözme-söz: gulluk.
Ýa-da: ajaýyp sowgady berýän.