Ikinji Musa 14:1—31
14 Ýehowa Musa ýüzlenip:
2 «Ysraýyllara aýt, yzlaryna öwrülip, Migdol bilen deňziň aralygyndaky Pihahirotyň garşysynda, Bagal-zeponyň golaýynda düşlesinler+. Düşelgäni deňziň ýakasynda, Bagal-zeponyň gabadynda guruň.
3 Şonda faraon: „Ysraýyllar çölde azaşyp, nirä ýörejegini bilýän däldir“ diýip pikir eder.
4 Men faraony doňýürek ederin+, ol yzyňyzdan kowalar. Faraony tutuş goşuny bilen+ ýok edip, adymy şöhratlandyraryn. Şonda müsürliler meniň Ýehowadygymy biler»+ diýdi. Ysraýyllar hem aýdylyşy ýaly etdiler.
5 Biraz wagtdan Müsür faraonyna ysraýyllaryň gaçyp gidendigini habar berdiler. Faraon bilen emeldarlary halky goýberendigine ökünip+: «Olary näme üçin gulçulykdan boşatdyk?» diýişdiler.
6 Faraon söweş arabalaryny taýynlap, nökerleriniň baryny aýaga galdyrdy+.
7 Ol 600 saýlama söweş arabasyny we Müsüriň hemme arabalaryny ýanyna alyp gitdi. Her arabada batyr ýigitler bardy.
8 Ýehowa Müsür faraonyny doňýürek etdi. Faraon ysraýyl halkynyň yzyndan kowalady. Ysraýyllar bolsa başyny dik tutup ýöräp barýardy+.
9 Müsürliler olary kowaladylar+. Şol wagt ysraýyllar deňziň kenaryna baryp, Pihahirotyň golaýynda, Bagal-zeponyň garşysynda düşläpdi. Faraon at-arabalary, atlylary, tutuş goşuny bilen olara barha golaýlaşýardy.
10 Faraon bilen müsürlileriň ýetip gelýänini görüp, ysraýyllar gorkdular we Ýehowa dady-perýat edip başladylar+.
11 Ysraýyllar Musa: «Näme, Müsürde gonamçylyk ýokdumy? Bizi çölde öldürmek üçin alyp gaýtdyňmy?+ Müsürden çykaryp, başymyza ne günleri saldyň?
12 Müsürde saňa: „Bizi günümize goý, müsürlilere hyzmat edibereli“ diýmedikmi? Çölde ölenimizden, Müsürde gul bolup ýören bolsak, müň esse gowy bolardy»+ diýişdiler.
13 Şonda Musa halka: «Gorkmaň!+ Berk duruň-da, Ýehowanyň sizi halas edişini görüň+. Müsürlileriň gaýdyp garasyny-da görmersiňiz+.
14 Siziň üçin Ýehowa söweşer+. Siz hiç zat etmeli bolmarsyňyz*» diýdi.
15 Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Näme beýle howsala düşüp, perýat edýäň? Ysraýyllara aýt, çadyrlaryny ýygnasyn.
16 Sen bolsa hasaňy uzat-da, deňzi ikä böl. Ysraýyllar deňziň ortasy bilen gury ýerden geçer.
17 Men müsürlileriň ýüregini gatadaryn. Olar siziň yzyňyzdan deňze girer. Şonda faraony, söweş arabalaryny, atlylaryny, bütin goşunyny ýok edip, adymy şöhratlandyraryn+.
18 Faraony, söweş arabalaryny, atlylaryny ýok eden mahalym, müsürliler meniň şöhratymy görüp, Ýehowadygymy biler»+.
19 Ysraýyllaryň öňünden barýan hak Hudaýyň perişdesi+ olaryň arka tarapyna geçdi. Öňlerindäki bulut sütüni hem yza süýşüp, olaryň arkasynda durdy+.
20 Bulut ysraýyllar bilen müsürlileriň arasynda saklandy+. Şonda müsürliler tarapy garaňky, ysraýyllar tarapy bolsa ýagty boldy+. Şeýdip, uzak gije müsürliler ysraýyllara golaýlaşyp bilmedi.
21 Musa hasasyny deňze uzatdy+. Ýehowa bütin gije gündogardan güýçli ýel öwüsdirip, deňziň suwuny iki ýana serpikdirdi-de, düýbüni guratdy+. Şeýlelikde, deňiz ikä bölündi+.
22 Ysraýyllar deňziň ortasy bilen gury ýerden geçdiler+. Suw olaryň iki tarapynda diwar ýaly bolup durdy+.
23 Müsürliler hem olaryň yzyndan galmadylar. Faraon at-arabalary, atlylary bilen ysraýyllaryň yzyndan deňze girdi+.
24 Daňa golaý* Ýehowa ot we bulut sütüninden+ Müsür goşunyna seretdi-de, olary aljyraňňylyga saldy.
25 Ol müsürlileriň söweş arabalarynyň tigirlerini çykardy. Olar arabalaryny zordan sürüp: «Ýörüň, gaçalyň, ysraýyllar üçin Ýehowa söweşýär!»+ diýip gygyryşdylar.
26 Şonda Ýehowa Musa: «Hasaňy deňze uzat. Suw müsürlileriň, söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstüne gaýtsyn» diýdi.
27 Musa dessine hasasyny deňze uzatdy. Daňdan deňziň suwy öňki durkuna geldi. Müsürliler gaçjak boldular, emma Ýehowa olary deňziň ortasyna taşlady+.
28 Şaglap gaýdan suw faraonyň söweş arabalaryny, atlylaryny, tutuş goşunyny gark etdi+. Ysraýyllary kowalap, deňze girenleriň ýekejesi-de diri galmady+.
29 Ysraýyllar deňziň düýbündäki gury ýerden geçdiler+. Suw olaryň iki gapdalynda diwar ýaly bolup durdy+.
30 Şol gün Ýehowa ysraýyl halkyny müsürlilerden halas etdi+. Görseler, müsürlileriň jesedi deňziň kenarynda serlip ýatyr.
31 Ýehowanyň müsürlileri beýik güýji bilen ýok edişini görüp, ysraýyllar hemişe Ýehowa gulak asmagy ýüregine düwdüler*. Olar Ýehowa we guly Musa iman etdiler+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: sesiňizi çykarman durarsyňyz.
^ Sagat 2:00-dan 6:00-a çenli aralyk.
^ Sözme-söz: Ýehowadan gorkup başladylar.