Ikinji Musa 17:1—16

  • Horepde suw ýokdugy üçin igenýärler (1—4)

  • Gaýadan suw çykýar (5—7)

  • Amalekleriň hüjümi we derbi⁠-⁠dagyn edilmegi (8—16)

17  Bütin ysraýyl jemagaty Sin çölünden+ ýola düşdi. Ýehowanyň görkezmesi bilen+, olar her ýerde düşläp, ahyry Repidime bardylar+. Emma ol ýerde suw ýokdy.  Adamlar: «Içmäge suw ber!» diýip, Musa bilen dawalaşyp başladylar+. Şonda ol: «Meniň bilen nämä dawalaşýaňyz? Ýehowany näme üçin gaýta-gaýta synaýaňyz?»+ diýdi.  Emma halk şeýle suwsapdy welin, olar Musa igenip+: «Bizi Müsürden näme üçin alyp gaýtdyň? Çagalarymyz, mal-garamyz bilen suwsuz öldürjek bolýaňmy?» diýişdiler.  Ahyry Musa Ýehowa perýat edip: «Men indi halky näme edeýin? Bu gidişine gitse, meni daşlap öldürjekler-ä!» diýdi.  Şonda Ýehowa: «Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesini al-da, halkyň öňünden Horebe git. Nil derýasyna+ uran hasaňy hem al.  Men Horepdäki gaýada öňüňde duraryn. Gaýa urarsyň welin, suw çykar. Adamlaram ondan içer»+ diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň gözüniň alnynda şeýle etdi.  Musa şol ýere Messa*+ we Meriba*+ diýdi. Sebäbi ysraýyllar Musa bilen dawalaşyp: «Ýehowa biziň aramyzdamy ýa ýok?» diýip, Ýehowany synadylar+.  Biraz wagtdan amalekler+ Repidime gelip, ysraýyllaryň üstüne çozdular+.  Şonda Musa Ýuşa+: «Halkyň arasyndan adam saýla-da, amaleklere garşy söweşe çyk. Men hem hak Hudaýyň aýdyşy ýaly, hasamy alyp, ertir depäniň üstünde duraryn» diýdi. 10  Ýuşa Musanyň aýdyşy ýaly+, amaleklere hüjüm etdi. Musa, Harun we Hur+ üçüsi bolsa depä çykdylar. 11  Musa elini ýokaryk galdyranda, ysraýyllar ýeňýärdi, aşak goýberende bolsa amalekler ýeňýärdi. 12  Musanyň eli ysgyndan gaçyp başlady. Şonda Harun bilen Hur daş getirip, Musany oturtdylar-da, hersi bir tarapynda durup, tä Gün ýaşýança, onuň ellerini saklap durdular. 13  Şeýdip, Ýuşa amalekleriň goşunyny gylyçdan geçirip, derbi-dagyn etdi+. 14  Ýehowa Musa: «Muny ýatlamak üçin kitaba ýaz-da, Ýuşa şeýle diý: „Men amalekleri ýer ýüzünden bütinleý ýok ederin. Olar gaýdyp hiç wagt ýatlanmaz“»+ diýip tabşyrdy. 15  Şonda Musa gurbanlyk ojagyny* gurup, adyna Ýehowa-nissi* goýdy. 16  Musa: «Amalekler Ýahyň+ tagtyna el galdyrdy, indi Ýehowa olar bilen nesilden-nesle söweşer»+ diýdi.

Çykgytlar

Manysy: Synag; barlag.
Manysy: Dawa.
Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa nyşanymdyr.