Ikinji Musa 18:1—27

  • Şugaýyp we Sefura (1—12)

  • Şugaýyp kazylary bellemegi maslahat berýär (13—27)

18  Musanyň gaýynatasy Şugaýyp Midýanyň ruhanysydy+. Ol Ýehowa Hudaýyň Musa we ysraýyl halky üçin nämeleri edendigini, olary Müsürden nädip çykarandygyny eşitdi+.  Musa aýalyny atasy öýüne iberipdi. Biraz wagtdan Şugaýyp gyzy Sefurany,  iki agtygyny+ alyp, ýola düşdi. Musa: «Ýat ýurtda sergezdan boldum» diýip, uly oglunyň adyna Gerşom*+ dakypdy.  Kiçi ogly doglanda bolsa: «Atamyň Hudaýy kömekçimdir, ol meni faraonyň gylyjyndan+ halas etdi» diýip, adyna Alygezer* goýupdy.  Şeýdip, Musanyň gaýynatasy Şugaýyp gyzyny we agtyklaryny alyp, çöle Musanyň ýanyna geldi. Şol wagt Musa hak Hudaýyň dagynda düşläpdi+.  Şugaýyp Musa: «Gaýynataň Şugaýyp+ aýalyňy hem iki ogluňy alyp, ýanyňa barýar» diýip habar ýollady.  Musa dessine gaýynatasynyň öňünden çykyp, tagzym etdi-de, gujaklap ogşady. Olar saglyk-amanlyk soraşyp, çadyra girdiler.  Musa Ýehowanyň ysraýyl halkyny faraonyň we müsürlileriň elinden halas edişini+, ýolda gören kynçylyklaryny+ we Ýehowanyň olary goraýşyny gaýynatasyna birin-birin gürrüň berdi.  Şugaýyp Ýehowanyň ysraýyllary Müsürden çykaryp eden ýagşylyklaryna begenip: 10  «Sizi müsürlileriň we faraonyň elinden halas eden, halkyny Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowa şöhrat bolsun! 11  Indi Ýehowanyň ähli taňrylardan beýikdigine göz ýetirdim+. Ol halkyny ezen duşmanlary, gör, ne günlere salypdyr!» diýdi. 12  Soňra Musanyň gaýynatasy Şugaýyp Hudaýa ýakma gurbanlygyny we başga-da gurbanlyklary berdi. Harun we ysraýyl ýaşululary hak Hudaýyň öňünde Musanyň gaýynatasy bilen naharlandylar. 13  Ertesi Musa hemişekisi ýaly, halka kazylyk etmäge oturdy. Irdenden agşama çenli ýanyna gelip gidýänleriň yzy üzülmeýärdi. 14  Musanyň gaýynatasy muny görüp: «Halky näme beýdip köseýäň? Munça adama näme üçin ýeke özüň kazylyk edýäň? Adamlar ertirden agşama çenli aýak üstünde dur ahyryn» diýdi. 15  Şonda Musa: «Adamlar ýanyma Hudaýdan maslahat soramaga gelýär. 16  Aralarynda dawa bolsa, kimiň haklydygyny çözüp, olara hak Hudaýyň hökümlerini we kanunlaryny+ aýdýaryn» diýdi. 17  Gaýynatasy bolsa: «Muny başgaçarak etseň gowy bolar. 18  Ýogsam özüňi-de, halky-da kösärsiň. Beýle agyr ýük ýeke özüňe başartmaz. 19  Diňleseň, bir maslahat bereýin. Hudaý hem seni goldar+. Dogry, sen halkyň adyndan hak Hudaýa ýüz tutmaly+. Olaryň dawasyny hak Hudaýa ýetirmeli+. 20  Sen olara Hudaýyň kanunlaryny, tabşyryklaryny+ aýdyp, ýöremeli ýollaryny we etmeli işlerini öwretmeli. 21  Ýöne halkyň arasyndan Hudaýdan gorkýan, başarjaň+, haram gazanjy ýigrenýän+, ynamdar adamlary saýlap, olary müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belleseň+ gowy bolar. 22  Bir mesele ýüze çyksa, olar halka kazylyk etsinler. Çözüp bilmeseler, saňa aýtsynlar+. Kiçiräk zatlary özleri çözsün. Olara iş tabşyrsaň, ýüküň ýeňlär+, özüňe aňsat bolar. 23  Şeýtseň, Hudaý ýol berse, ähli işiň hötdesinden gelersiň, adamlar hem razy bolup gider» diýdi. 24  Musa gaýynatasyna gulak asyp, haýal etmän ähli zady aýdyşy ýaly etdi. 25  Ol ysraýyllardan başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip goýdy. 26  Şeýlelikde, olar halka kazylyk edip, ýüze çykan meselelere seredip başladylar. Çözüp bilmeseler, Musa habar berdiler+. Kiçiräk meseleleri bolsa özleri çözdüler. 27  Soňra Musa gaýynatasyny+ ugratdy, ol hem ýurduna gaýtdy.

Çykgytlar

Manysy: Ýat ýurtda sergezdan.
Manysy: Hudaý kömekçimdir.