Ikinji Musa 19:1—25

  • Sinaý dagynda (1—25)

    • Ysraýyllar patyşa hem ruhany bolýar (5, 6)

    • Halk Hudaýyň huzuryna barmak üçin tämizlenýär (14, 15)

19  Ysraýyllar Müsürden çykyp gaýdanlaryndan soň, üçünji aýda Sinaý çölüne bardylar.  Repidimden+ gaýdan halk Sinaý çölüne gelip, dagyň öňünde düşledi+.  Musa daga çykyp, hak Hudaýyň huzurynda durdy. Şonda Ýehowa dagdan+ seslenip: «Ýakubyň nesillerine, Ysraýylyň ogullaryna şeýle diý:  „Bürgüdiň jüýjelerini ganatynda göterişi deý, sizi huzuryma+ getirmek üçin müsürlileri ne güne salanymy+ gözüňiz bilen gördüňiz.  Indi sözüme ýürekden gulak asyp, ähtimi berjaý etseňiz, sizi ähli halklaryň arasyndan eziz halkym* edip saýlaryn+, sebäbi bütin ýer ýüzi meniňki+.  Siz meniň üçin ruhanylaryň patyşalygy we mukaddes halk bolarsyňyz“+. Ine şu zatlary ysraýyllara aýt» diýdi.  Musa dagdan düşüp, ysraýyl ýaşulularyny ýygnady-da, Ýehowanyň tabşyran zatlaryny aýtdy+.  Şonda halk biragyzdan: «Ýehowanyň ähli aýdan zadyny ederis»+ diýdi. Musa dessine olaryň sözlerini Ýehowa ýetirdi.  Ýehowa Musa: «Gara bulut içinde ýanyňa gelip, seniň bilen gepleşerin. Adamlar sesimi eşidip, saňa hemişe ynanarlar» diýdi. Musa halkyň sözlerini ýene-de Ýehowa ýetirdi. 10  Şonda Ýehowa: «Git-de, halka aýt, olar şu gün we ertir özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwsunlar. 11  Birigüne taýyn bolsunlar, sebäbi şol gün Ýehowa halkyň gözüniň alnynda Sinaý dagyna iner. 12  Dagyň töweregine araçäk aýla-da, halka: „Daga çykaýmaň, araçäkden geçmäň. Kimde-kim daga aýak bassa, hökman öldüriler. 13  Şu tabşyrygy bozan adama eliňizi-de degirmän, daşlap ýa-da ok atyp* öldüriň. Ol ynsan bolsa-da, haýwan bolsa-da, hökman öldüriler“+ diý. Ýöne surnaý* sesini+ eşitseler, dagyň golaýyna gelip bilerler» diýdi. 14  Musa aşak düşüp, halkyň ýanyna bardy-da, olara özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwmagy tabşyrdy+. 15  Ol halka: «Birigüne taýyn boluň. Aýalyňyza ýanaşmaň*» diýdi. 16  Üçünji gün diýlende, irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Dagyň depesini gara bulut büräp+, güýçli surnaý sesi ýaňlandy. Düşelgedäki adamlar gorkudan ýaňa sandyraşyp başladylar+. 17  Musa halky düşelgeden alyp gaýdyp, hak Hudaýyň huzuryna getirdi. Olar dagyň eteginde durdular. 18  Sinaý dagyny tüsse gaplap alypdy, sebäbi Ýehowa lowlap duran ýalyn+ içinde aşak inipdi. Dag ojak ýaly gara tütün bolup, güýçli sarsýardy+. 19  Surnaýyň sesi gitdigiçe güýjeýärdi. Musa gepleýärdi, hak Hudaý bolsa jogap berýärdi. 20  Ýehowa Sinaý dagynyň depesine indi. Ýehowa Musany dagyň depesine çagyrdy, ol hem ýokaryk çykdy+. 21  Ýehowa Musa: «Aşak düş-de, halka duýdur, Ýehowany görjek bolup, araçäkden geçmesinler, ýogsam köpüsi heläk bolar. 22  Ýehowa hyzmat edýän ruhanylar* hem özlerini tämizlesin, ýogsam Ýehowa olary heläk eder»+ diýdi. 23  Şonda Musa Ýehowa: «Adamlar Sinaý dagyna çykmaz, sen: „Dagyň töweregine araçäk aýlap, mukaddes et“ diýip tabşyrypdyň ahyryn»+ diýdi. 24  Emma Ýehowa: «Aşak düş-de, Haruny alyp gel. Ýöne ruhanylar bilen adamlar Ýehowanyň ýanyna daga çykmasyn, ýogsam baryny heläk ederin»+ diýdi. 25  Şeýlelikde, Musa halkyň ýanyna baryp, Hudaýyň aýdan zatlaryny habar berdi.

Çykgytlar

Ýa-da: genji-hazynam; hususy emlägim.
Sözme-söz: goçuň şahynyň.
Peýkam atmak göz öňünde tutulýan bolmaly.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Maşgalabaşylar göz öňünde tutulýan bolmaly.