Ikinji Musa 27:1—21

27  Akasiýa agajyndan gurbanlyk ojagyny* ýasaň+. Uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek*, beýikligi üç tirsek bolsun. Ony dörtburç edip ýasaň+.  Her burçunda bir şah ýasaň+. Şahlar gurbanlyk ojagy bilen bir bitewi bolsun. Gurbanlyk ojagyny tutuşlygyna mise gaplaň+.  Külüni* aýrar ýaly gaplary, pilçeleri, tabaklary, çarşaklary, külatarlary ýasaň, ählisi misden bolsun+.  Gurbanlyk ojagyna misden gözenek ýasaň. Gözenegiň dört çüňküne misden halka berkidiň.  Gözenegi gurbanlyk ojagynyň içine, gyrasynyň edil aşagyndan dakyň. Şonda gözenegiň düýbi gurbanlyk ojagynyň ýarysyna ýetip durar.  Akasiýa agajyndan taýaklar ýasap, olary hem mise gaplaň.  Gurbanlyk ojagyny göterjek bolanyňyzda, taýaklary iki gapdalyndaky halkalardan geçiriň+.  Gurbanlyk ojagyny agaçdan guty ýaly edip ýasaň. Ony dagda görkezen nusgam boýunça ýasaň+.  Mukaddes çadyryň howlusy+ hem bolsun. Howlynyň günortasyna nepis zygyrdan* perde tutuň. Perdäniň uzynlygy 100 tirsek bolsun+. 10  Perdäni asmak üçin misden 20 söýe, olaryň aşagyna-da 20 direg goýuň. Söýeleriň ildirgiçleri we halkalary kümüşden bolsun. 11  Demirgazyk tarapyna-da uzynlygy 100 tirsek perde tutuň. Oňa hem misden 20 söýe, 20 direg, kümüşden ildirgiçler we halkalar ýasaň. 12  Günbatar tarapyna howlynyň inine görä 50 tirsek uzynlykda perde tutuň. Perdäniň on söýesi we on diregi bolsun. 13  Howlynyň gündogar tarapynyň ini hem 50 tirsek bolsun. 14  Howlynyň agzynyň sag tarapyna üç söýe bilen üç direg goýuň-da, 15 tirsek uzynlykda perde tutuň+. 15  Çep tarapyna-da üç söýe bilen üç direg goýup, 15 tirsek uzynlykda perde dakyň. 16  Howlynyň girelgesine gök ýüplükden, badam reňkli ýüňden, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan perde dakyň+. Perdäniň uzynlygy 20 tirsek bolsun. Perdä dört söýe bilen dört direg ýasaň+. 17  Howludaky söýeleriň halkalary we ildirgiçleri kümüşden, aşagyndaky diregleri misden bolsun+. 18  Howlynyň uzynlygy 100+, ini 50 tirsek, nepis zygyrdan edilen perdäniň beýikligi 5 tirsek bolsun. Perdä misden diregler hem ýasaň. 19  Mukaddes çadyrda ulanyljak ähli gap-gaçlar, esbaplar, çadyrdaky we howludaky gazyklar misden bolsun+. 20  Şemler hemişe ýanyp durar ýaly, ysraýyllara şemdan üçin arassa zeýtun ýagyny getirmegi tabşyr+. 21  Ýygnak çadyrynda*, äht* sandygynyň+ öňündäki tutynyň daşynda duran şemler Ýehowanyň huzurynda her gün agşam ýakylsyn we irdene çenli ýanyp dursun+. Şemlere Harun bilen ogullary gözegçilik etsin. Muny ysraýyllar hemişelik kanun hökmünde berjaý etmelidir+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: Ýagly külüni. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.