Ikinji Musa 4:1—31
4 Emma Musa: «Eger olar: „Ýehowa saňa görnen däldir“ diýip, maňa ynanmasalar, sözüme gulak asmasalar näme?»+ diýdi.
2 Şonda Ýehowa: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol: «Hasa» diýip jogap berdi.
3 Hudaý: «Hasaňy ýere taşla» diýdi. Musa hasany ýere taşlan badyna, ol ýylana öwrüldi+. Musa gorkup, yza çekildi.
4 Ýehowa: «Eliňi uzat-da, ýylanyň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ýylany tutdy welin, ol ýene-de hasa öwrüldi.
5 Şonda Hudaý: «Ine, şu gudraty görkezseň, olar saňa ata-babalaryň Hudaýy, Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy Ýehowanyň+ görnendigine+ ynanarlar» diýdi.
6 Soňra Ýehowa: «Eliňi donuňa sal» diýdi. Musa elini donuna saldy. Elini donundan çykaryp görse, eli pis açyp, gar ýaly çuw ak+ bolupdyr.
7 Hudaý Musa: «Eliňi ýene-de donuňa sal» diýdi. Musa elini donuna salyp çykaranda, eli sagalyp, öňki durkuna geldi.
8 Hudaý: «Eger olar şübhelenip, birinji görkezen gudratyňa ynanmasalar, ikinjisine ynanarlar+.
9 Ýöne ikisine-de ynanman, seni diňlemeseler, Nil derýasyndan suw al-da, ýere dök. Döken suwuň gana öwrüler»+ diýdi.
10 Musa Ýehowa ýüzlenip: «Ýehowa, bagyşla, men dile çeper däl. Guluň öňem şeýledi, häzirem* şeýle. Sakawlap gepleýärin, dilim peltek»+ diýdi.
11 Ýehowa bolsa: «Ynsana dil berýän kim? Lal, ker, kör edýän ýa-da göz berýän men, Ýehowa dälmi?
12 Bar, ýola düş. Geplän wagtyň özüm kömek ederin, aýtmaly zadyňy öwrederin»+ diýdi.
13 Emma Musa: «Ýehowa, ýalbarýaryn, maňa derek başga birini ugradaý» diýdi.
14 Şonda Ýehowanyň Musa gahary gelip: «Lewilerden Harun+ seniň doganyň dälmi? Ol dilewar adam. Şu wagt seni garşylamaga gaýtdy. Seni görüp begener+.
15 Sözlerimi Haruna aýdyp durarsyň+. Men bolsa sizi goldap, diýjek sözleriňizi agzyňyza salaryn+, etmeli-goýmaly zadyňyzy öwrederin.
16 Saňa derek halk bilen Harun gepleşer. Ol seniň wekiliň bolar, sen bolsa oňa Hudaý ýaly bolarsyň+.
17 Hasaňy hem äkit, gudrat görkezersiň»+ diýdi.
18 Musa gaýynatasy Şugaýybyň+ ýanyna baryp: «Rugsat berseň, Müsüre gidip, dogan-garyndaşlarymdan habar tutup gaýdaýyn» diýdi. Ol: «Bolýar, arkaýyn gidiber» diýdi.
19 Musa heniz Midýan ýurdundaka, Ýehowa oňa: «Müsüre gitmäge gorkma, seni öldürjek bolanlar aradan çykdy»+ diýdi.
20 Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, Müsüre ýola düşdi. Hak Hudaýyň tabşyryşy ýaly, hasasyny hem alyp gitdi.
21 Ýehowa Musa: «Müsüre baryp, saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde gudrat görkez+. Emma men faraony doňýürek ederin+, ol halkymy goýbermez+.
22 Faraona: „Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl meniň oglumdyr, nowbaharymdyr+.
23 Oglumy goýber, maňa sežde etsin. Goýbermeseň, öz nowbahar ogluňy heläk ederin“+ diý“» diýip tabşyrdy.
24 Ýolda dynç almak üçin düşlänlerinde, Ýehowa*+ oňa duşup, ony* öldürjek boldy+.
25 Emma Sefura+ çakmakdaşy alyp, ogluny sünnetledi-de, pürçügini onuň* aýagyna degrip*: «Şu gan bilen sen maňa adaglandyň» diýdi.
26 Hudaý hem ony goýberdi. Sefura ogluny sünnetläni üçin*, «gan bilen adaglandyň» diýipdi.
27 Ýehowa Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk»+ diýdi. Ol hem gidip, hak Hudaýyň dagynda+ Musa bilen görşüp, ony gujaklap ogşady.
28 Musa Ýehowanyň aýdan zatlaryny+ we görkez diýen gudratlaryny+ Haruna birin-birin gürrüň berdi.
29 Olar gidip, ysraýyl ýaşulularyny ýygnadylar+.
30 Harun olara Ýehowanyň Musa aýdan sözlerini ýekän-ýekän gürrüň berdi. Musa bolsa halkyň öňünde gudratlary görkezdi+.
31 Adamlar Musa ynandylar+. Ýehowanyň ysraýyllara nazar salandygyny+ we çekýän jebir-jepalaryny+ görendigini eşidenlerinde, olar dyza çöküp, tagzym etdiler.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: guluň bilen gepleşip başlanyňdan bäri hem.
^ Ýagny Ýehowanyň perişdesi.
^ Musanyň ogly göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Perişdäniň aýagy göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýa-da: aýagynyň öňüne taşlap.
^ Sözme-söz: Sefura sünnet sebäpli.