Ikinji Musa 7:1—25
7 Ýehowa Musa: «Seni faraonyň üstünden Hudaý ýaly edip goýdum*. Doganyň Harun hem pygamberiň bolar+.
2 Aýtjak zatlarymy doganyň Haruna ýetir, ol hem faraona aýtsyn. Ahyry faraon ysraýyllary goýberer.
3 Men faraony doňýürek edip+, Müsürde köp alamat we gudrat görkezerin+.
4 Şonda-da faraon size gulak asmaz. Men Müsüre garşy elimi göterip, olara agyr jezalary bererin+. Ysraýyl halkymy topar-topar edip, Müsürden çykararyn.
5 Güýçli golumy Müsüre uzadyp, ysraýyllary çykaranymda, müsürliler meniň Ýehowadygymy biler»+ diýdi.
6 Musa bilen Harun Ýehowanyň tabşyrygyny ýerine ýetirip, ähli zady aýdyşy ýaly etdiler.
7 Faraon bilen gepleşende, Musa 80, Harun bolsa 83 ýaşyndady+.
8 Ýehowa Musa bilen Haruna:
9 «Faraon size gudrat görkez diýse, Haruna: „Hasaňy faraonyň öňüne taşla“ diý. Şonda hasa ullakan ýylana öwrüler»+ diýdi.
10 Musa bilen Harun faraonyň huzuryna baryp, edil Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Harun hasasyny faraonyň we hyzmatkärleriniň öňüne taşlady welin, hasa ullakan ýylana öwrüldi.
11 Faraon hem maslahatçylaryny we jadygöýlerini* çagyrdy. Müsür jadygöýleri*+ jadyly güýji bilen edil şonuň ýaly gudrat görkezdiler+.
12 Olaryň hersi hasasyny ýere taşlanda, ullakan ýylana öwrüldi. Harunyň ýylany* bolsa olaryň ýylanlaryny ýuwutdy.
13 Ýöne Ýehowanyň aýdyşy ýaly, faraon kesirlik edip+, Musa bilen Haruna gulak asmady.
14 Şonda Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Faraon doňýürek+, ol halky goýbermekden boýun gaçyrýar.
15 Ertir irden faraonyň ýanyna git. Ol Nil derýasyna barar. Faraon bilen görüşmek üçin derýanyň kenarynda dur, ýylana öwrülen hasany hem alyp git+.
16 Faraona şeýle diý: „Meni ýanyňa ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa iberdi+. Ol: „Halkymy goýber, çölde maňa sežde etsinler“ diýýär. Sen bolsa entegem boýun bolaňok.
17 Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Meniň Ýehowadygymy şundan bilersiň+: hasamy uzadyp, Nil derýasyna uraryn welin, suw gana öwrüler.
18 Nildäki balyklar ölüp, derýa porsar. Müsürliler derýanyň suwundan içip bilmez“».
19 Soňra Ýehowa Musa tabşyryk berip: «Haruna: „Suw gana öwrüler ýaly, hasaňy Müsüriň+ ähli suwlaryna, derýalaryna, ýaplaryna*, köllerine+ we howdanlaryna uzat“ diý. Şonda bütin Müsürdäki, hatda gap-gaçlardaky* suwlar hem gana öwrüler» diýdi.
20 Musa bilen Harun dessine Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdiler. Harun hasany galdyryp, faraonyň we hyzmatkärleriniň gözüniň alnynda Nil derýasyna urdy welin, suw gana öwrüldi+.
21 Nildäki balyklar öldi+, derýa porsap başlady. Müsürliler Nil derýasynyň suwundan içip bilmediler+. Tutuş Müsürdäki suw gana öwrüldi.
22 Emma Müsür jadygöýleri hem jadyly güýji* bilen edil şonuň ýaly etdiler+. Muny gören faraon ýene-de boýnuýogynlyk etdi. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady+.
23 Faraon köşgüne gaýtdy, bolan zatlar onuň piňine-de däldi.
24 Müsürliler bolsa suw gözläp, Nil derýasynyň töwereginde guýy gazyp başladylar, sebäbi derýanyň suwundan içer ýaly däldi.
25 Şeýdip, Ýehowanyň Nil derýasyny gana öwrenine ýedi gün boldy.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Saňa faraonyň üstünden ygtyýar berdim.
^ Ýa-da: porhanlaryny.
^ Sözme-söz: jadygöýlik edýän ruhanylaryny.
^ Sözme-söz: hasasy.
^ Sözme-söz: ýewreýleriň.
^ Ýa-da: kanallaryna. Nil derýasynyň şahalary göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: agaç we daş gaplardaky.
^ Ýa-da: gizlin hileleri.