Ikinji Musa 9:1—35

  • 5⁠-⁠nji jeza: mal⁠-⁠garalaryň gyrylmagy (1—7)

  • 6⁠-⁠njy jeza: çyban (8—12)

  • 7⁠-⁠nji jeza: jöwenek (13—35)

    • Faraon Hudaýyň güýjüni görýär (16)

    • Ýehowa öz adyny tanadýar (16)

9  Şonda Ýehowa Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da: „Ysraýyllaryň* Hudaýy Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber+.  Olary goýbermän, saklap otursaň,  Ýehowa beýik güýji+ bilen ähli mal-garaňy: atlaryňy, eşekleriňi, düýeleriňi, öküzleriňi, goýun-geçileriňi heläk eder+.  Emma Ýehowa ysraýyllaryň malyna degmez. Olaryň ýekeje maly-da ölmez“ diý“» diýip tabşyrdy+.  Ýehowa munuň haçan boljagyny aýdyp: «Men — Ýehowa muny ertir ederin» diýdi.  Ertesi Ýehowa aýdyşy ýaly-da etdi. Müsürlileriň mal-garasy gyrlyp başlady+, ýöne ysraýyllaryň malynyň ýekejesi-de ölmedi.  Faraon sorag-ideg edip, ysraýyllaryň hiç bir malynyň ölmändigini bildi. Ol şonda-da boýnuýogynlyk edip, halky goýbermedi+.  Ýehowa Musa bilen Haruna: «Pejiň düýbünden heriňiz bir goşawuç kül alyň. Musa küli faraonyň öňünde ýokaryk sepsin.  Kül tozana öwrülip, bütin Müsüre ýaýrar. Şonda Müsürdäki hemme adamlara we haýwanlara çyban çykar» diýdi. 10  Olar hem peçden kül alyp, faraonyň huzuryna bardylar. Musa küli ýokaryk sepdi welin, adamlara we haýwanlara çyban çykyp başlady. 11  Jadygöýler Musanyň ýanyna gelip bilmediler, sebäbi olaryň hem, ähli müsürlileriň hem endam-jany çybandan dolupdy+. 12  Emma Ýehowa faraony doňýürek etdi. Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, faraon olara gulak asmady+. 13  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Ertir irden faraonyň huzuryna baryp: „Ysraýyllaryň Hudaýy Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Maňa sežde eder ýaly, halkymy goýber. 14  Goýbermeseň, seni, hyzmatkärleriňi, halkyňy jezalandyryp, başyňyza bela-beter indererin. Şonda bütin ýer ýüzünde meniň ýaly Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirersiň+. 15  Aslynda, seni we halkyňy elhenç kesele uçradyp, bireýýäm ýok edibem bilerdim. 16  Ýöne saňa güýjümi görkezmek we adymy bütin dünýä tanatmak üçin+ seni diri galdyrdym. 17  Sen bolsa henizem halkymy goýbermän, olary äsgermezlik edýäň. 18  Ertir şu wagtlar güýçli jöwenek* ýagdyraryn. Müsürde şu çaka çenli beýle jöwenek ýagan däldir. 19  Adam ýolla-da, meýdandaky mal-garaňy we zatlaryňy ýygnat. Jöwenek ýagyp başlasa, içerik salynman, meýdanda galan adamlaryň, mallaryň bary öler“ diý“». 20  Faraonyň käbir emeldarlary Ýehowanyň sözünden gorkup, dessine hyzmatkärlerini we mal-garasyny öýüne ýygnady. 21  Ýehowanyň sözüne biperwaý garaýan adamlar bolsa hyzmatkärlerini we mal-garasyny meýdanda galdyrdylar. 22  Ýehowa Musa ýüzlenip: «Eliňi göge galdyr. Şonda tutuş Müsür ýurduna+, adamlaryň, haýwanlaryň, meýdandaky gök otlaryň üstüne jöwenek ýagar»+ diýdi. 23  Musa hasasyny göge galdyrdy welin, Ýehowa gök gürledip, jöwenek ýagdyrdy. Asmandan ot syçrap gitdi*. Ýehowa Müsür ýurduna yzyny üzmän jöwenek ýagdyrdy. 24  Güýçli jöwenek ýagyp, arasynda ot syçraýardy. Ýurt elhenç ýagdaýa düşdi. Beýle ýagdaý Müsür halky döräli bäri bolmandy+. 25  Güýçli jöwenek zerarly meýdanda galan adamlaryň we haýwanlaryň bary öldi, gök otlar hem, agaçlar hem weýran boldy+. 26  Ýöne ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri Goşene jöwenek ýagmady+. 27  Faraon Musa bilen Haruny çagyryp: «Men ýalňyşypdyryn. Ýehowa adalatly Hudaý, bar günä mende we halkymda. 28  Gök gürlemesi we jöwenek ýagmasy kesilsin diýip, Ýehowa dileg edäýiň. Indi sizi goýbererin, saklap oturmaryn» diýdi. 29  Musa bolsa: «Şäherden çykan badyma, elimi göge galdyryp, Ýehowa dileg ederin welin, gök gürlemesi, jöwenek ýagmasy kesiler. Şonda bütin ýer ýüzüniň Ýehowanyň elindedigini bilersiň+. 30  Ýöne şonda-da sen hem, hyzmatkärleriň hem Ýehowa Hudaýdan gorkmaz» diýdi. 31  Güýçli jöwenekden ýaňa arpa we zygyr* weýran boldy, sebäbi arpa hasyla ýetişipdi, zygyr bolsa gunçalapdy. 32  Emma bugdaýa we çowdara* zyýan ýetmedi, olaryň hasyly gijräk ýetişýärdi. 33  Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, şäheriň daşyna çykdy-da, elini göge galdyryp, Ýehowa dileg etdi. Şol bada gök gürlemesi we jöwenek ýagmasy kesilip, ýagyş diňdi+. 34  Ýagşyň, jöwenegiň we gök gürrüldisiniň kesilenini görüp, faraon bilen hyzmatkärleri ýene-de Hudaýa garşy gidip, boýnuýogynlyk etdiler+. 35  Ýehowanyň Musa arkaly aýdyşy ýaly, faraon ýene kesirlik edip, ysraýyllary goýbermedi+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Ýewreýleriň.
Ýa-da: doly; buz.
Güýçli ýyldyrym göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Müsürde ekilen bugdaýyň bir görnüşi göz öňünde tutulýar.