Ikinji Petrus 1:1—21
1 Size Isa Mesihiň guly we resuly Simun Petrus hat ýazýar. Hudaýymyzyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň dogruçyllygy arkaly biziň bilen deň hatarda gymmatly hakykaty öwrenenlere salam bolsun!
2 Hudaý we Halypamyz Isa Mesih barada dogry bilim alyp+, köp berekede*, bol parahatlyga eýe boluň.
3 Bize uzak ýaşamak we wepaly bolmak üçin gerekli zatlar Hudaýyň güýji arkaly berilýär. Şol sebäpli bizi çagyran şöhratly we ýagşy Hudaý barada dogry bilim almaly+.
4 Hudaý şöhratly hem ýagşy bolany üçin gymmatly we uly wadalary berdi+, şonuň üçin siz azgyn dünýäniň erbet höweslerinden gaça durup, Hudaýyň häsiýetlerine eýe bolarsyňyz+.
5 Şol sebäpli siz bar güýjüňizi jemläp+, imanyňyzy ýagşylyk+ bilen, ýagşylygy bilim+ bilen,
6 bilimi özüňe erk etmek bilen, özüňe erk etmekligi+ çydam bilen, çydamy Hudaýa wepalylyk+ bilen,
7 Hudaýa wepalylygy doganlyk söýgüsi bilen, doganlyk söýgini hakyky söýgi bilen dolduryň+.
8 Eger sizde şeýle häsiýetler bar bolsa, olara doly eýerýän bolsaňyz, onda Halypamyz Isa Mesih baradaky dogry bilime görä ýaşarsyňyz, el gowşuryp oturmarsyňyz, miwe berýän agaç ýaly bolarsyňyz+.
9 Kimde şeýle häsiýetler bolmasa, ol kördür, ýagtylykdan ýüzüni sowýandyr*+. Ol birwagtky günäleriniň ýuwlandygyny+ unudandyr.
10 Doganlar, Hudaýyň çagyranlary+ we saýlanlary hökmünde wepaly bolmaga jan ediň. Eger mundan beýläk-de şol häsiýetlere görä ýaşasaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz+.
11 Şonda siz Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedilik Patyşalygyna+ hökman girersiňiz+.
12 Siz bulary bilseňiz-de, hakykatda berk dursaňyz-da, men şol zatlary elmydama ýatladyp duraryn.
13 Sebäbi men çadyrymda* ýaşaýan döwrüm+ sizi öwüt-nesihatlarym bilen oýarmagy makul bildim+.
14 Men tizden çadyrymy goýup gitjegimi bilýärin, muny Halypamyz Isa Mesih mälim etdi+.
15 Aýdanlarymy gidenimden soň hem ýatlamagyňyz üçin elimde baryny ederin.
16 Biz Halypamyz Isa Mesihiň güýji we gelmegi* barada gürrüň berenimizde, size ýalan rowaýatlary owadanlap aýdyp bermändik. Gaýtam gören zatlarymyzy, ýagny şan-şöhratyny gürrüň berdik+.
17 Beýik şöhratyň eýesi Atamyz Hudaý: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn»+ diýip*, ony uly hormata mynasyp gördi, şöhratlandyrdy.
18 Hawa, biz şol sözleri onuň bilen mukaddes dagda bolanymyzda eşidipdik.
19 Görşümiz ýaly, pygamberlige ynamymyz has-da artýar. Siz pygamberlige ünsli bolup, dogry edýärsiňiz. Gün ýaşyp, daň ýyldyzy dogýança+, ol siziň ýüregiňizdäki garaňkylyga çyra+ kimin ýagty saçýar.
20 Ilki bilen şuny biliň, mukaddes kitaplardaky hiç bir pygamberlik adamyň pikirine esaslanyp ýazylmady.
21 Adamlar pygamberligi hiç haçan öz-özünden aýtmandylar+. Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik edýärdiler+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: uzakdan görmeýändir.
^ Ýagny ynsan bedende.
^ Sözme-söz: owaz eşidilende.