Ikinji Petrus 2:1—22

  • Ýalan mugallymlar dörär (1—3)

  • Ýalan mugallymlara höküm çykarylar (4—10a)

    • Tartara zyňlan perişdeler (4)

    • Tupan, Sodom we Gomorra (5—7)

  • Ýalan mugallymlar (10b—22)

2  Ysraýyl halkynda ýalan pygamberleriň bolşy ýaly, siziň hem araňyzda ýalan mugallymlar dörär+. Olar bölünişik* döredýän taglymatlary bildirmän girizerler, özlerini satyn alan hojaýyndan+ hem ýüz öwrerler, şonuň üçin tizden heläk bolarlar.  Köp adamlar olaryň haýasyz* işlerine+ baş goşarlar, şeýle adamlar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler+.  Şeýle⁠-⁠de olar ýalan sözläp, sizi öz bähbitleri üçin ulanarlar. Emma höküm birmahal çykarylan bolsa⁠-⁠da+, eglenmän geler, olar hökman ýok ediler+.  Hudaý günä eden perişdeleri+ temmisiz goýmady, olary Tartara*+ zyňyp, höküm edilýänçä tüm⁠-⁠garaňkylykda zynjyrlar bilen baglap goýdy*+.  Ol gadymy dünýäni hem ýok etmän goýmady+, hudaýsyz adamlary tupan bilen ýok etdi+. Emma ol dogruçyllyk hakda wagyz eden Nuh pygamber+ bilen ýedi adamy halas etdi+.  Hudaý Sodom bilen Gomorra şäherlerine⁠-⁠de jeza berip, ýakyp kül etdi+. Şeýdip, hudaýsyz adamlara näme boljakdygyny görkezdi+.  Şeýle⁠-⁠de Hudaý zalym adamlaryň haýasyzlygyny* görüp, ejir çekýän dogruçyl Luty halas etdi+.  Şol dogruçyl adam zalymlaryň arasynda ýaşaýardy, olaryň edýän erbet işlerini görüp hem eşidip, her gün jany ýanýardy.  Diýmek, Ýehowa* wepaly adamlary synaglarda halas etmegi başarýar+, erbetleri bolsa höküm gününde ýok etmek üçin saklaýar+. 10  Hudaý başgalary ahlaksyzlyk bilen hapalamaga çalyşýanlary+ we häkimiýeti äsgermeýänleri*+ ýok etmegi başarýandyr. Haýasyz we özdiýenli adamlar şöhrata eýe bolanlara dil ýetirmäge gorkmaýarlar. 11  Perişdeler has güýçli we ygtyýarly bolsalar⁠-⁠da, Ýehowanyň* hatyrasy üçin ýalan mugallymlary ýamanlamadylar, erbet sözleri aýtmadylar+. 12  Şol erbet adamlar soýulmak üçin doglan düşünjesiz mal ýalydyr. Olar düşünmeýän zatlary hakda erbet gürrüňler edýärler+. Olar zalym işleri sebäpli ýok edilerler. 13  Olar erbet işleri sebäpli zyýan çekýärler. Olar gündiziň güni keýpi⁠-⁠sapa kowalaşmak+ isleýärler. Olar haram, bozuk adamlardyr. Siziň bilen oturyşyklarda ýalan taglymatlary gürrüň berip lezzet alýarlar+. 14  Olaryň gözleri zynadan doýmaýar+, günäli işlere garşy durup bilmeýär we imany gowşaklary duzaga düşürýär. Ýürekleri açgözlüge öwrenişipdir. Hudaý olary temmisiz goýmaz. 15  Olar dogry ýoldan sowlup azaşdylar, sylag⁠-⁠serpaý üçin erbetlik eden+ Benuryň ogly Bilgamyň yzyna eýerdiler+. 16  Emma oňa günäsi üçin käýinç berildi+. Eşek ynsan dilinde gepläp, pygamberi akylsyzlyk etmekden saklady+. 17  Şol erbet adamlar gurap galan çeşmelerdir, güýçli ýel bilen kowulýan ümürdir. Olara tüm⁠-⁠garaňkylyk garaşýandyr+. 18  Olar agzyny dolduryp gepleseler⁠-⁠de, aýdýan zatlary manysyzdyr. Günäli işlerini ýaňy goýan adamlary ten höwesleri+ we haýasyz* işleri bilen duzaga salýarlar+. 19  Olar azatlygy wada berýärler, özleri bolsa azgynlygyň gullarydyr+, sebäbi adam kimden* ýeňilse, şonuň hem guly bolýandyr+. 20  Dogrudan⁠-⁠da, adam Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesih barada dogry bilim alyp, dünýäniň haram işlerini goýýar+. Emma ol öňki işlerine dolanyp, erbet höwesleriniň guly bolsa, onuň soňky ýagdaýy öňküsinden hem beter bolýar+. 21  Ol mukaddes tabşyrygy bilip⁠-⁠de, ondan däneninden, hakykat ýoly barada bilmedik bolsa has gowy bolardy+. 22  Şeýlelikde, «It gusugyny iýmek üçin yzyna dolanýar, ýuwlan doňuz bolsa ýene batgalykda ýatýar»+ diýlen nakyl olarda ýerine ýetýär.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: sekta. Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Başga manysy: çukura taşlady.
Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: göwnüýetmezçilik edýänleri.
Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: nämeden.