Ikinji Selanikliler 2:1—17

  • Bikanun adam (1—12)

  • Pawlus berk durmagy ündeýär (13—17)

2  Doganlar, Halypamyz Isa Mesihiň gelmegi*+ we onuň ýanynda bolmak üçin ýygnanmagymyz babatda+ şuny haýyş edýäris:  kimdir biriniň Ýehowanyň* gününiň golaýlaşandygy+ babatda aýdýan ylhamly* sözleri+ ýa⁠-⁠da habary üçin ruhdan düşmäň. Bizden hat alan ýaly gepleýän adamlara ynanyp, aljyraňňylyga düşmäň.  Sizi hiç kim aldaýmasyn, sebäbi imandan dänmeklik başlanmasa+ we bikanun adam+, ýagny heläkçilik oglunyň+ kimdigi belli bolmasa, ol gün gelmez.  Bikanun adam duşmandyr we özüni «hudaý» hasaplaýanlaryň ýa⁠-⁠da özüne sežde etdirýänleriň üstünden agalyk edýändir. Ol Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, jemagatyň öňünde özüni taňry ýaly alyp barýandyr.  Şu zatlary ýanyňyzda aýdanymy unutdyňyzmy?  Bikanun adamyň kimdigi wagtyndan öň belli bolmaz ýaly, oňa kimiň böwet bolýandygyny bilýänsiňiz.  Bikanun adam erbet işleri edip başlady+. Ýöne böwet bolýan öňünden aýrylýança, ol syr bolup galar.  Şonda bikanun adam belli bolar we Halypamyz Isa gelendigini* äşgär edip+, agzyndan çykýan güýçli sözi*+ bilen ony ýok eder.  Bikanun adam gelende Şeýtanyň berýän güýji bilen+ gudratlary, alamatlary we görnüşleri görkezer+. 10  Ol heläk boljak adamlary her hili ýalan sözler+ we mekirlik bilen aldar, sebäbi olar halas bolmak üçin hakykaty söýmediler, kabul etmediler. 11  Şol sebäpli Hudaý olaryň ýalan zatlara ynanyp, azaşmaklaryna ýol berýär+. 12  Olar hakykata ynanman, erbetlikden lezzet aldylar. Şonuň üçin hem ählisi höküm ediler. 13  Doganlar, Ýehowa* sizi söýýär. Biz siziň üçin hemişe minnetdar bolmaga borçludyrys. Hudaý sizi halas etmek üçin öňden bäri saýlap+, hakykata iman edendigiňiz üçin ruhy bilen mukaddes etdi+. 14  Hudaý sizi wagyz eden hoş habarymyz arkaly çagyrdy. Ol muny Halypamyz Isa Mesihiňki ýaly şöhrata eýe bolmagyňyz üçin etdi+. 15  Şeýlelikde, doganlar, berk duruň+ we biziň aýdan ýa⁠-⁠da hat arkaly ýazan zatlarymyza berk ýapyşyň+. 16  Atamyz Hudaý bizi söýüp+, ýagşylyk etmek üçin göwünlik hem⁠-⁠de umyt berýär+. Goý, Hudaý we Halypamyz Isa Mesih 17  ýüregiňize giňlik bersin! Hemişe ýagşy işleri edip, gowy zatlar hakda gürrüň etmegiňiz üçin sizi berkitsin.

Çykgytlar

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa⁠-⁠da: ruh arkaly aýdýan. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözme⁠-⁠söz: ruhy.