Ikinji Taryh 14:1—15

  • Abyýar aradan çykýar (1)

  • Ýahuda patyşasy Asa (2—8)

  • Asa 1 000 000 efiopiýalyny gyrýar (9—15)

14  Soňra Abyýar aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy, ýerine ogly Asa patyşa boldy. Asanyň höküm süren döwri ýurtda on ýyl parahatlyk* boldy.  Asa Ýehowa Hudaýyň öňünde dogry we ýagşy işleri etdi.  Ol ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny*+ we seždegählerini* aýyrdy, keramatly sütünleri çym⁠-⁠pytrak edip+, keramatly pürsleri* çapdy+.  Ol Ýahuda halkyna ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýy Ýehowany agtaryp, Kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi tabşyrdy.  Ol Ýahudanyň ähli şäherlerindäki seždegähleri we tütetgi ojaklary* aýyrdy+. Asanyň höküm süren döwri halk asuda ýaşaýardy.  Şol ýyllar hiç kim Asa garşy çykyp bilmedi+, sebäbi Ýehowa oňa parahatlyk* beripdi. Ýurt asuda wagty Asa Ýahudada galalary gurdy+.  Ol Ýahuda halkyna: «Geliň, beýik diwarly, diňli, derwezeli we gulply şäherleri guralyň+. Ýehowa Hudaýy agtaranymyz üçin, ol ýurdy elimize berdi. Hudaýyň ýolundan ýöredik, ol hem daş⁠-⁠töwerekdäki duşmanlardan gorady*» diýdi. Şeýlelikde, olar şäherleri gurdular+.  Asanyň goşunynda ýahudalardan uly galkanly we naýzaly 300 000 esger bardy. Benýaminlerden bolsa kiçi galkanly* we ýaýly 280 000 gaýduwsyz esger bardy+.  Biraz wagtdan efiopiýaly Zera 1 000 000 pyýada esgeri we 300 söweş arabasy bilen olaryň üstüne çozdy+. Zera Mareşana+ gelende, 10  Asa oňa gaýtawul bermäge çykdy. Olar Mareşandaky Sepata jülgesinde hatara düzüldiler. 11  Asa Ýehowa Hudaýyny çagyryp+: «Eý Ýehowa, sen ejize⁠-⁠de, güýçlä⁠-⁠de* kömek edip bilýäň+. Ýehowa, saňa bil baglaýarys+, bize kömek et. Seniň adyň bilen şeýle uly goşuna garşy çykdyk+. Ýehowa, sen biziň Hudaýymyz. Ynsana özüňden üstün çykmaga ýol berme»+ diýdi. 12  Şonda Ýehowa efiopiýalylary Asanyň we ýahudalaryň öňünde derbi⁠-⁠dagyn etdi. Efiopiýalylar olardan gaçdylar+. 13  Asa esgerleri bilen efiopiýalylary Gerara+ çenli kowalady. Olaryň ýekejesi⁠-⁠de diri galmady, ählisi gyryldy. Ýehowa goşuny bilen efiopiýalylary derbi⁠-⁠dagyn etdi. Olar birgiden olja hem aldylar. 14  Soňra olar Geraryň daş⁠-⁠töweregindäki şäherlere çozdular, şol şäherleri hem Ýehowadan gorky gaplap alypdy. Şäherleriň oljasy köpdi, Asa esgerleri bilen olary talady. 15  Olar çopanlaryň çadyrlaryny talap, birgiden goýun⁠-⁠geçi we düýe olja alyp, Iýerusalime dolandylar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: dynçlyk.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: dynçlyk.
Sözme⁠-⁠söz: her tarapdan dynçlyk berdi.
Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: köplüge⁠-⁠de.