Ikinji Taryh 22:1—12
22 Iýerusalimiň ilaty Ýehoramyň ýerine körpe ogly Ahazýany patyşa belledi. Araplar bilen Ýahuda düşelgesine çozan talaňçylar Ýehoramyň uly ogullaryny öldüripdi+. Şeýlelikde, Ýehoramyň ogly Ahazýa Ýahudanyň patyşasy boldy+.
2 Ahazýa 22 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde bir ýyl höküm sürdi. Ejesi Atalýa+ Omranyň+ agtygydy*.
3 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň ýolundan ýöredi+. Ol ejesiniň maslahatyna gulak asyp, erbet işleri edýärdi.
4 Kakasy ýogalansoň, Ahabyň öýündäkiler Ahazýa gep berip, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdirdiler. Şol sebäpli Ahazýa heläkçilige uçrady.
5 Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýyl patyşasy Ahabyň ogly Ýehoram bilen Ramot-gileada+ gidip, Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşdi. Şonda ýaýçylar Ýehoramy ýaraladylar.
6 Ýehoram patyşa Ramada Siriýa patyşasy Hazaýyl+ bilen söweşende alan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele+ dolandy.
Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoramyň+ ogly Ahazýa* Ahabyň ogly Ýehoramyň+ hal-ýagdaýyny soramak üçin Ýizregele bardy, sebäbi ol agyr ýaralanypdy+.
7 Emma Hudaý Ahazýany Ýehoramyň ýanyna getirip, başyna betbagtçylyk inderdi. Ahazýa Ýehoram bilen Nimşiniň agtygy* Ýehuwyň+ ýanyna gitdi. Ýehowa Ýehuwa Ahabyň öý-içerisini ýok etmegi tabşyrypdy+.
8 Ýehuw Ahabyň öý-içerisine çykarylan hökümi ýerine ýetirip başlady. Bir gün ol Ahazýa hyzmat eden Ýahudanyň han-beglerine we Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi+.
9 Soňra ol Ahazýanyň gözlegine çykdy. Ahazýany Samariýada gizlenip ýören ýerinden tapyp, Ýehuwyň ýanyna getirdiler. Olar ony öldürip+: «Her näme-de bolsa, ol Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk eden Ýehoşapatyň+ agtygy» diýip jaýladylar. Şeýlelikde, Ahazýanyň neslinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmady.
10 Ahazýanyň ejesi Atalýa+ oglunyň ölendigini eşiden badyna, Ýahudanyň şa tagtynyň mirasdüşerlerini gyryp başlady+.
11 Emma patyşanyň gyzy Ýehoşabet Ahazýa patyşanyň Ýehoýaş+ atly ogluny alyp gaçyp, enekesi bilen bir otagda* gizledi. Ýehoram+ patyşanyň gyzy Ýehoşabet Ýehoýada+ ruhanynyň aýalydy, Ahazýanyň bolsa uýasydy. Ýehoşabet çagany Atalýadan gizläp, diri galdyrdy+.
12 Çagany alty ýyllap hak Hudaýyň öýünde gizläp sakladylar. Şol wagt ýurtda Atalýa höküm sürýärdi.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: gyzydy.
^ Käbir ýewreý golýazmalarynda Azarýa.
^ Sözme-söz: ogly.
^ Sözme-söz: ýatylýan otagda.