Ikinji Taryh 23:1—21

  • Ýehoýadanyň batyrgaýlygy; Ýehoýaşyň patyşa bellenmegi (1—11)

  • Atalýanyň ölümi (12—15)

  • Ýehoýadanyň aýgytly hereketi (16—21)

23  Ýedinji ýyl diýlende, Ýehoýada ruhany batyrgaý hereket edip, ýüzbaşylar+ bilen äht baglaşdy. Şol ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Abytyň ogly Azarýa, Adaýyň ogly Maseýa we Zikriniň ogly Alyşapatdy.  Olar tutuş Ýahuda aýlanyp, ähli şäherlerdäki lewileri+ we ysraýyl tirebaşylaryny ýygnadylar. Olar Iýerusalime gelende,  tutuş jemagat hak Hudaýyň öýünde patyşa bilen äht baglaşdy+. Soňra Ýehoýada ruhany olara şeýle diýdi: «Ýehowanyň Dawudyň nesli hakda beren wadasyna görä, indiden beýläk patyşanyň ogly höküm sürer+.  Siz Sabat güni hyzmat etjek ruhanylary+ we lewileri üç topara bölüň. Toparlaryň biri derwezäni+,  beýlekisi köşgi+, ýene biri Düýp derwezesini garawullasyn. Galany Ýehowanyň öýüniň howlularynda+ dursun.  Hyzmat edýän ruhanylardan we lewilerden+ başga hiç kimi Ýehowanyň öýüne salmaň. Diňe mukaddes gullugy berjaý edýänler içerik girip biler. Galan adamlar Ýehowanyň tabşyrygyny bozmaz ýaly daşarda dursun.  Lewiler eline ýarag alyp, patyşany her tarapdan gorasyn. Ybadathana girjek bolan adamy öldüriň. Patyşa nirä gitse⁠-⁠de, ýanyndan aýrylmaň».  Lewiler we Ýahuda ilaty Ýehoýada ruhanynyň tabşyryşy ýaly etdiler. Olar Sabat güni nobatçylyk edýän we nobatçylykdan boşaýan+ adamlary ýygnadylar, Ýehoýada ruhany olaryň+ hiç birini öýüne goýbermändi.  Ýehoýada ruhany ýüzbaşylara+ Dawut patyşanyň hak Hudaýyň öýünde+ duran naýzalaryny, kiçi* we tegelek galkanlaryny+ çykaryp berdi. 10  Soňra ol eli ýaragly nökerleri ybadathananyň sag tarapyndan çep tarapyna çenli aralykda we gurbanlyk ojagy* bilen ybadathananyň gapdalynda goýdy. Olar patyşany dumly⁠-⁠duşdan goradylar. 11  Soňra şazadany+ daşaryk çykaryp, başyna täç geýdirdiler⁠-⁠de, Hudaýyň kanunyny depesinde saklap*+, patyşa bellediler. Ýehoýada bilen ogullary onuň başyna ýag guýdular. Şonda adamlar: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar+. 12  Atalýa ylgaşyp barýan adamlaryň patyşany şöhratlandyrýanyny eşidip, Ýehowanyň öýüne üýşen märekäniň ýanyna bardy+. 13  Görse, patyşa girelgede sütüniň ýanynda dur. Baştutanlar+ bilen surnaýçylar bolsa patyşanyň gapdalynda duran eken, tutuş jemagat şatlanyp+, surnaý çalýar. Aýdymçylar saz gurallaryny çalyp, dabarany şatlyk⁠-⁠şowhun bilen alyp barýardy. Şonda Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Dönüklik! Dönüklik!» diýip gygyrdy. 14  Ýehoýada ruhany bolsa nökerleriň üstünden goýlan ýüzbaşylary çagyryp: «Atalýany bärden äkidiň, kim tarapyny tutsa, ony hem gylyçdan geçiriň!» diýdi, sebäbi Ýehoýada: «Atalýany Ýehowanyň öýünde öldüräýmäň» diýip tabşyrypdy. 15  Olar Atalýany tutup, köşgüň Bedew derwezesine eltip öldürdiler. 16  Soňra Ýehoýada ruhany özüniň, halkyň hem⁠-⁠de patyşanyň hemişe Ýehowanyň halky bolmagy üçin äht baglaşdy+. 17  Adamlar Bagalyň buthanasyna baryp, buthanany ýumurdylar+. Bagalyň gurbanlyk ojaklaryny we butlaryny çym⁠-⁠pytrak etdiler+. Bagalyň ruhanysy Mattany bolsa gurbanlyk ojaklarynyň öňünde öldürdiler+. 18  Ýehoýada beýleki ruhanylara we lewilere Ýehowanyň öýüne gözegçilik etmegi tabşyrdy. Dawut olary toparlara bölüp, Ýehowanyň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly+, Ýehowa ýakma gurbanlyklary berip+, Dawudyň goýan tertip⁠-⁠düzgünine görä, joşup aýdym aýtmalydylar. 19  Özüni tämizlemedik adamy Ýehowanyň öýüne salmaz ýaly, Ýehoýada derwezeleriň agzynda garawullary+ goýdy. 20  Ol ýüzbaşylar+, begler, baştutanlar we tutuş halk bilen patyşany Ýehowanyň öýünden alyp gaýtdy. Olar ýokarky derwezeden geçip, köşge bardylar. Patyşany şa tagtynda+ oturtdylar. 21  Bütin halk şatlandy, şäheriň ilaty asuda ýaşap başlady, sebäbi Atalýany gylyçdan geçiripdiler.

Çykgytlar

Ýaýçylaryň göterýän galkany göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: oňa Hudaýyň kanunynyň nusgasyny berip.