Ikinji Taryh 25:1—28
25 Amazýa 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýehoýadan iýerusalimlidi+.
2 Amazýa Ýehowanyň öňünde dogry işleri etse-de, Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmeýärdi.
3 Amazýa patyşalygy berkidensoň, kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi+.
4 Emma ol Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren kanunynda: «Atalar ogullarynyň etmişi üçin, ogullar hem atalarynyň etmişi üçin öldürilmesin. Her kim öz eden günäsi üçin öldürilmelidir»+ diýip tabşyryşy ýaly, olaryň ogullaryny öldürmedi.
5 Soňra Amazýa ähli ýahudalary ýygnady. Ýahuda we benýamin taýpalaryny tireleri boýunça bölüp, hersini öz müňbaşylary we ýüzbaşylary bilen duruzdy+. Olaryň 20 ýaşdan ýokary erkeklerini+ hasaba aldy. Şonda naýza we uly galkan göterip, goşunda gulluk edip biljek 300 000 edermen* esger çykdy.
6 Amazýa 100 batman* kümşe Ysraýylyň 100 000 gaýduwsyz esgerini hakyna tutdy.
7 Emma hak Hudaýyň guly gelip: «Patyşahym, ysraýyl esgerlerini söweşe äkitme, sebäbi Ýehowa ysraýyllary, efraýymlaryň hiç birini goldamaýar+.
8 Hak Hudaý seni duşmanlaryň eline bermez ýaly, söweşe özüň git. Gorkma, batyrgaý bol, Hudaýyň saňa kömek etmäge-de, seni duşmanlaryň eline bermäge-de güýji ýetýändir»+ diýdi.
9 Amazýa bolsa: «Ysraýyl esgerlerine 100 batman kümüş berdim ahyryn» diýdi. Hak Hudaýyň guly: «Ýehowa saňa has köp zat berer»+ diýdi.
10 Amazýa Efraýymdan gelen esgerleri yzyna ugratdy. Emma olar ýahudalara gaharlandylar, gahar-gazap bilen ýurduna dolandylar.
11 Amazýa dogumlanyp, goşuny bilen Duz jülgesine+ gitdi-de, Segiriň+ 10 000 adamyny gyrdy.
12 Ýahudalar 10 000 adamy diriligine ele salyp, olary gaýadan aşak zyňdylar. Olar bölek-bölek boldy.
13 Emma Amazýanyň söweşe äkitmän, yzyna iberen esgerleri+ Ýahudanyň şäherlerine çozup, Samariýadan+ tä Beýthorona+ çenli 3 000 adamy öldürdiler we birgiden olja aldylar.
14 Amazýa edomlylary derbi-dagyn edip geldi. Emma ol Segiriň taňrylaryny alyp gaýtdy. Olary hudaý hasaplap+, sežde etdi, gurban berdi.
15 Şonda Ýehowanyň Amazýa gahary gelip, ýanyna pygamberini iberdi. Pygamber: «Sen näme üçin halkyny gorap bilmedik taňrylara sežde edýäň?»+ diýdi.
16 Ol heniz gepläp durka, patyşa: «Kes sesiňi!+ Patyşa maslahat berer ýaly, sen kim bolupsyň?+ Ýene bir agyz gepläýseň, janyňy alaryn!» diýdi. Şonda pygamber: «Butlara sežde edip, maslahatyma gulak asmandygyň üçin, Hudaý seni heläk eder»+ diýdi-de, sesini çykarman durdy.
17 Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatçylaryna geňeşip, Ysraýyl patyşasyna, Ýehuwyň agtygy, Ýehogahazyň ogly Ýehoýaşa: «Gel, güýç synanyşaly»+ diýip habar ýollady.
18 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş bolsa Ýahuda patyşasy Amazýa şeýle jogap berdi: «Liwanyň ýandagy Liwanyň kedr agajyna: „Gyzyňy ogluma bersene“ diýip, sawçy iberipdir. Emma Liwanyň ýyrtyjy haýwany şol ýandagy depeläp geçipdir.
19 „Edomlylary derbi-dagyn etdim“+ diýip, özüňe göwnüň ýetýändir, şöhrat gazanasyň gelýändir. Ýöne öýüňde otursaň gowy bolar. Başyňa bela satyn almak nämä gerek? Ýahudany hem özüň bilen ýok etjek bolýaňmy?»
20 Emma Amazýa gulak asmady+, sebäbi şeýle bolmagyna hak Hudaý ýol beripdi. Edomyň taňrylaryna sežde edendigi üçin+, Hudaý olary duşmanlaryň eline berjek bolýardy+.
21 Şonda Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş söweşe çykdy. Ol Ýahudanyň Beýtşemeş+ şäherinde Ýahuda patyşasy Amazýa bilen söweşdi.
22 Ýahudalar ysraýyllardan ýeňlip, öýli-öýüne gaçdylar.
23 Ysraýyl patyşasy Ýehoýaş Ýahuda patyşasyny, Ýehogahazyň* agtygy, Ýehoýaşyň ogly Amazýany Beýtşemeşde ele salyp, Iýerusalime äkitdi. Ýehoýaş Efraýym derwezesinden+ Burç derwezesine+ çenli Iýerusalimiň diwarynyň 400 tirsek* aralygyny ýumurdy.
24 Ol Abytedomyň gözegçiliginde* hak Hudaýyň öýünde we köşgüň hazynalarynda+ goýlan altyn-kümüşleri, gap-gaçlary aldy. Ýesir alan adamlaryny hem Samariýa äkitdi.
25 Ysraýyl patyşasy Ýehogahazyň+ ogly Ýehoýaş+ aradan çykypdy. Ýahuda patyşasy Ýehoýaşyň ogly Amazýa+ bolsa ýene 15 ýyl ýaşady.
26 Amazýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda başdan-aýak ýazylandyr.
27 Amazýa Ýehowanyň ýolundan ýüz öwrenden soň, Iýerusalimde Amazýa garşy dildüwşük guradylar+, ol hem Lakyşa gaçyp gitdi. Emma yzyndan adam iberip, ony öldürdiler.
28 Jesedini atly arabada getirip, Ýahuda şäherinde, ata-babalarynyň ýanynda jaýladylar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: tälim berlen.
^ Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Takmynan 178 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ahazýa hem diýilýär.
^ Başga manysy: Abytedom bilen.