Ikinji Taryh 27:1—9

  • Ýahuda patyşasy Ýotam (1—9)

27  Ýotam+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýeruşah Sadygyň gyzydy+.  Ýotam kakasy Uzyýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+. Emma ol kakasy ýaly, Ýehowanyň ybadathanasyna girjek bolmady+. Halk bolsa henizem erbet işleri edýärdi.  Ýotam Ýehowanyň öýüniň ýokarky derwezesini gurdy+ we Opel+ diwaryny dikeltdi.  Ýahudanyň daglarynda+ şäherler gurdy+, tokaýlykda berk galalary+ we diňleri+ gurdy.  Ýotam ammonlaryň+ patyşasy bilen söweşip, ýeňiş gazandy. Şol ýyl ammonlar 100 batman* kümüş, 10 000 hum* bugdaý we 10 000 hum arpa berdiler. Indiki we soňky ýyl hem şonça salgyt tölediler+.  Ýotam Ýehowa Hudaýyň ýolundan ýöremegi ýüregine düwüpdi, şonuň üçin barha güýçlenýärdi.  Ýotamyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, gatnaşan söweşleri we eden işleri hakda Ysraýyl hem⁠-⁠de Ýahuda patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr+.  Ýotam 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi+.  Soňra Ýotam aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy, ýerine ogly Ahaz patyşa boldy+.

Çykgytlar