Ikinji Taryh 29:1—36

  • Ýahuda patyşasy Hizkiýa (1, 2)

  • Hizkiýanyň aýgytly hereketi (3—11)

  • Ybadathananyň arassalanmagy (12—19)

  • Ybadathana hyzmaty ýola goýulýar (20—36)

29  Hizkiýa+ 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 29 ýyl höküm sürdi. Ejesi Abyýar Zekerýanyň gyzydy+.  Hizkiýa atasy Dawut+ ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+.  Hizkiýa hökümdarlygynyň birinji ýylynyň birinji aýynda, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny açyp bejertdi+.  Soňra ol ruhanylary we lewileri gündogar meýdança ýygnady.  Hizkiýa: «Eý lewiler, diňläň! Özüňizi tämizläň⁠-⁠de, ata⁠-⁠babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň öýüni mukaddes ediň+. Haram zatlary mukaddes ýerden çykaryň+.  Ata⁠-⁠babalarymyz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, biwepalyk etdiler+. Olar Ýehowanyň mukaddes öýünden we Hudaýdan ýüz öwürdiler+.  Minaranyň gapylaryny ýapyp+, şemlerini söndürdiler+. Ybadathanada Ysraýyl Hudaýyna tütetgi ýakmadylar+, ýakma gurbanlyklary bermediler+.  Şol sebäpli Ýehowa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna gaharlanyp+, başyna betbagtçylyk inderdi. Olary başga halklaryň gepine goýup, ile gülki bolar ýaly etdi, muňa özüňizem şaýatsyňyz+.  Ata⁠-⁠babalarymyz gylyçdan geçirildi+, aýallarymyz, ogul⁠-⁠gyzlarymyz ýesirlige äkidildi+. 10  Indi men Ysraýyl Hudaýy Ýehowa bilen äht baglaşmagy+ ýüregime düwdüm. Belki, Hudaýyň gazaby sowlar. 11  Doganlar*, häzir el gowşuryp oturmagyň* wagty däl. Ýehowa sizi huzurynda hyzmat etmäge+ we gurban bermäge saýlady»+ diýdi. 12  Şonda lewiler işe girişdiler. Olar kohatlardan+ Emasaýyň ogly Mahat, Azarýanyň ogly Ýowel, merarlardan+ Abdynyň ogly Kiş, Ýehaleliň ogly Azarýa, gerşonlardan+ Zimmanyň ogly Ýowa, Ýowanyň ogly Erem; 13  Alsapanyň neslinden Şimri we Ýeguwel, Asafyň neslinden+ Zekerýa we Mattanýa; 14  Hemanyň neslinden+ Ýehiýel we Şimeý, Ýedutunyň neslinden+ Şemaýa we Uzyýeldi. 15  Olar doganlaryny ýygnap, özlerini tämizlediler. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, patyşanyň buýrugy bilen, Ýehowanyň öýüni arassaladylar+. 16  Ruhanylar Ýehowanyň öýüni arassalamak üçin içerik girip, Ýehowanyň ybadathanasyndaky haram zatlary Ýehowanyň öýüniň howlusyna+ çykardylar. Lewiler bolsa Kidron jülgesine+ daşadylar. 17  Birinji aýyň birine ybadathanany arassalap başlap, aýyň sekizine Ýehowanyň öýüniň minarasyna+ ýetdiler. Ýehowanyň öýüni sekiz günläp arassalap, birinji aýyň 16⁠-⁠syna doly gutardylar. 18  Soňra olar Hizkiýa patyşanyň ýanyna baryp: «Ýehowanyň öýüni arassalap bolduk. Gurbanlyk ojagy*+ bilen gap⁠-⁠gaçlaryny+, hödür çörek goýulýan stol+ bilen gap⁠-⁠gaçlaryny arassaladyk. 19  Hudaýa biwepalyk eden Ahaz patyşanyň aýyrdan gap⁠-⁠gaçlaryny+ hem tämizläp+, taýýarlap goýduk. Olar Ýehowanyň gurbanlyk ojagynyň öňünde dur» diýdiler. 20  Hizkiýa patyşa daň bilen turdy⁠-⁠da, şäheriň han⁠-⁠beglerini ýygnap, Ýehowanyň öýüne gitdi. 21  Olar patyşalyk, ybadathana we Ýahuda halky üçin günä gurbanlygyny berer ýaly, ýedi öküz, ýedi goç, ýedi erkek tokly we ýedi teke äkitdiler+. Hizkiýa patyşa Harunyň neslinden ruhanylara şol mallary Ýehowanyň gurbanlyk ojagynda gurban bermegi tabşyrdy. 22  Ilki öküzleri soýdular+, ruhanylar olaryň ganyny gurbanlyk ojagyna sepdiler+. Soňra goçlary soýup, ganyny gurbanlyk ojagyna sepdiler. Erkek toklulary hem soýup, ganyny gurbanlyk ojagyna sepdiler. 23  Patyşanyň we jemagatyň öňünde ruhanylar günä gurbanlygy üçin tekeleriň üstüne elini goýdular. 24  Ruhanylar olary soýup, ganyny gurbanlyk ojagynyň üstüne sepdiler. Tutuş ysraýyl halkyny günäden arassalamak üçin günä gurbanlygyny berdiler, sebäbi patyşa halk üçin ýakma gurbanlygyny we günä gurbanlygyny hödürlemegi tabşyrypdy. 25  Patyşanyň buýrugy bilen, lewiler Dawudyň+, patyşanyň görgüri* Gadyň+ we Natan+ pygamberiň goýan tertip⁠-⁠düzgünine görä, Ýehowanyň öýüniň ýanynda bürünç çanly*, kirişli saz gurally we arfaly+ durdylar. Ýehowa muny pygamberleri arkaly tabşyrypdy. 26  Lewiler eline Dawudyň saz gurallaryny, ruhanylar bolsa surnaýlary+ alyp durdylar. 27  Hizkiýa patyşa gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygyny+ bermegi buýurdy. Ýakma gurbanlygy berlip başlanda, surnaýlary we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallaryny çalyp, Ýehowanyň şanyna aýdym aýtdylar. 28  Ýakma gurbanlygy berilýänçä, surnaý çalyp, aýdym aýtdylar. Halk bolsa dyza çöküp, Hudaýa tagzym edýärdi. 29  Olar gurbanlyk berip bolan badyna, patyşa bilen adamlar dyza çöküp, Hudaýa tagzym etdi. 30  Soňra Hizkiýa patyşa bilen han⁠-⁠begler lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň* mezmurlary bilen Ýehowany şöhratlandyrmagy+ buýurdy. Olar hem şatlyk⁠-⁠şowhun bilen Hudaýy şöhratlandyryp, dyza çöküp, tagzym etdiler. 31  Şonda Hizkiýa: «Siz indi Ýehowa üçin mukaddes bolduňyz. Geliň⁠-⁠de, Ýehowanyň öýünde sadakalary we şükür gurbanlyklary beriň» diýdi. Tutuş jemagat sadakalary we şükür gurbanlyklary getirip başlady, her kim göwnünden çykaran ýakma gurbanlygyny hem getirdi+. 32  Halk ýakma gurbanlygy üçin 70 öküz, 100 goç we 200 erkek tokly getirdi. Olary Ýehowa ýakma gurbanlygy edip berdiler+. 33  Başga⁠-⁠da mukaddes gurbanlyklar üçin 600 öküz* we 3 000 goýun getirdiler. 34  Ruhanylar ýakma gurbanlyklaryň derisini sypyrmaga ýetişmediler. Şol sebäpli ruhanylar özüni tämizleýänçä+ we işini dynýança, lewi doganlary olara kömek etdiler+. Ruhanylara garanyňda, lewiler özüni tämizlemäge çynlakaý garaýardy. 35  Şeýlelikde, birgiden ýakma gurbanlyklary+, parahatlyk gurbanlyklaryň ýagyny+ we ýakma gurbanlyklary bilen hödürlenýän şerap sadakalary+ berdiler. Ýehowanyň öýünde öňki ýaly hyzmat edip başladylar. 36  Ähli zat gysga wagtyň içinde boldy. Hizkiýa patyşa we tutuş jemagat hak Hudaýyň halkyna eden ýagşylyklaryna+ begendiler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Ogullarym.
Ýa⁠-⁠da: borjuňyza sowuk⁠-⁠sala garamagyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözlüge serediň.
Iri şahly mallar göz öňünde tutulýar.