Ikinji Taryh 30:1—27
-
Hizkiýa Pasha baýramyny belleýär (1—27)
30 Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny bellemek+ isledi. Ol tutuş Ysraýyla+ we Ýahuda, efraýym we manaşa taýpalaryna+ çenli hat iberip, olary Iýerusalime, Ýehowanyň öýüne çagyrdy.
2 Emma patyşa, han-begler we Iýerusalim ilaty Pasha baýramyny ikinji aýda+ bellemegi makul bildi.
3 Ruhanylaryň hemmesi özüni tämizlemändi+, halk hem Iýerusalime ýygnanyp ýetişmändi, şonuň üçin baýramçylygy wagtynda+ geçirip bilmediler.
4 Patyşa-da, bütin jemagat-da şeýle karara gelipdi.
5 Olar Beýer-şebadan tä Dana+ çenli tutuş Ysraýyla jar çekdirip, bütin halky Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny bellemek üçin Iýerusalime çagyrdylar. Sebäbi baýramçylygy Kanunda ýazylyşy ýaly tutuş halk bolup bellemändiler+.
6 Çaparlar patyşanyň buýrugyny berjaý etdiler. Olar patyşanyň we han-begleriň haty bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, şeýle jar çekdiler: «Eý ysraýyllar, Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa dolanyň! Şonda ol sizi kabul eder*. Halkyň arasyndan diňe siz Assiriýa patyşalarynyň elinden ölmän galdyňyz+.
7 Ata-babalaryňyz we doganlaryňyz ýaly bolmaň! Olar ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa biwepalyk etdiler. Hudaý hem olaryň başyna betbagtçylyk getirdi, muňa özüňizem şaýat+.
8 Ata-babalaryňyz ýaly kesir bolmaň!+ Ýehowa tabyn boluň, ebedilik mukaddes eden öýüne+ gelip, Ýehowa Hudaýyňyza hyzmat ediň. Şonda Hudaýyň gazaby sizden sowlar+.
9 Ýehowa dolansaňyz, doganlaryňyzy we ogullaryňyzy ýesirlige äkiden duşmanlaryň haýpy gelip+, olary yzyna ugradar+. Ýehowa rehim-şepagatly*, geçirimli Hudaýdyr+, oňa dolansaňyz, ol sizi kabul eder*»+.
10 Çaparlar Efraýym we Manaşa+ topragyna şäherme-şäher aýlanyp, Zebuluna çenli bardylar. Emma adamlar ýaňsylap, olaryň üstünden güldüler+.
11 Ýöne aşer, manaşa we zebulun taýpasyndan käbir adamlar tabşyryga gulak asyp*, Iýerusalime geldi+.
12 Hak Hudaýyň kömegi bilen, Ýahuda ilaty-da patyşanyň we han-begleriň Ýehowanyň sözi esasynda beren tabşyrygyny agzybirlikde ýerine ýetirdiler.
13 Ikinji aýda+ Petir baýramyny bellemek+ üçin Iýerusalime birgiden adam ýygnandy. Baýramçylyga gelenleriň hetdi-hasaby ýokdy.
14 Olar Iýerusalimdäki ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny*+ we tütetgi ojaklaryny*+ aýryp, Kidron jülgesine zyňdylar.
15 Ikinji aýyň 14-ne Pasha gurbanlygyny soýdular. Ruhanylar we lewiler üýtgeşik zat etmändigine utanyp, özlerini tämizlediler-de, Ýehowanyň öýüne ýakma gurbanlyklaryny getirdiler.
16 Olar hak Hudaýyň guly Musanyň kanunyna görä borjuny ýerine ýetirdiler. Ruhanylar lewileriň getiren gurbanlyklarynyň ganyny alyp, gurbanlyk ojagyna sepdiler+.
17 Emma ýygnanan jemagatyň arasynda özüni tämizlemedik adamlar kändi. Tämizlenmedik adamlary+ Ýehowanyň öňünde mukaddes etmek üçin, lewilere Pasha gurbanlyklary soýmak tabşyryldy.
18 Adamlaryň köpüsi, esasan-da, efraýym, manaşa+, ysahar we zebulun taýpasy Kanunda ýazylyşy ýaly tämizlenmese-de, Pasha gurbanlygyndan iýdiler. Hizkiýa olar üçin doga edip: «Mähriban Ýehowa+, olaryň günäsini geç!
19 Mukaddes baýramçylyk üçin özlerini tämizlemese-de+, hak Hudaýa, ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwen+ adamlara rehim et» diýdi.
20 Ýehowa Hizkiýanyň dogasyny eşidip, halkyň günäsini geçdi*.
21 Şeýlelikde, ysraýyllar ýedi günläp Iýerusalimde şatlyk-şowhun bilen+ Petir baýramyny bellediler+. Lewiler we ruhanylar bolsa her gün Ýehowanyň şanyna joşup saz çalyp, Ýehowany şöhratlandyrýardy+.
22 Hizkiýa Ýehowa edýän gullugyna çynlakaý seredýän* lewileri öwüp ruhlandyrdy. Olar baýramçylygyň ýedi güni+ hem iýip-içip, parahatlyk gurbanlyklary+ hödürläp, ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowa alkyş aýtdylar.
23 Soňra halk ýene-de ýedi günläp baýramçylyk bellemegi makul bildi. Olar ýene ýedi gün şatlyk-şowhun bilen baýramçylyk bellediler+.
24 Ýahuda patyşasy Hizkiýa halk üçin 1 000 öküz we 7 000 goýun sadaka berdi, han-begler bolsa 1 000 öküz we 10 000 goýun berdiler+. Ruhanylaryň köpüsi özüni tämizläpdi+.
25 Ruhanylar, lewiler, Ýahuda we Ysraýyl ilaty+, Ysraýyldan gelen we Ýahudada ýaşaýan gelmişekler+ uly şatlyk-şowhun etdiler.
26 Iýerusalimde şatlyk-şagalaň boldy, Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde şeýle baýram edilmändi+.
27 Soňra lewi ruhanylary turup, halka ak pata berdiler+. Olaryň doga-dilegleri göklere, Hudaýyň mukaddes mekanyna baryp ýetdi, Hudaý olary eşitdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: size tarap öwrüler.
^ Ýa-da: mähirli; duýgudaş.
^ Ýa-da: ýüzüni sowmaz.
^ Ýa-da: boýun egip; özüni kiçeldip.
^ Sözme-söz: halky sagaltdy.
^ Ýa-da: gullugyny paýhasly ýerine ýetirýän.