Ikinji Taryh 31:1—21

  • Hizkiýanyň ýalan seždäni ýok edişi (1)

  • Ruhanylary we lewileri goldamak (2—21)

31  Baýramçylyk gutaran badyna, ähli ysraýyllar Ýahudanyň şäherlerine gidip, tutuş Ýahudadaky, Benýamin, Efraýym we Manaşa+ topragyndaky keramatly sütünleri çym⁠-⁠pytrak etdiler+, keramatly pürsleri* çapdylar+, seždegähleri*+ we gurbanlyk ojaklary* ýumurdylar+. Olaryň ählisini ýok edip, her kim öz şäherine, mülküne dolandy.  Soňra Hizkiýa patyşa ruhanylary we lewileri topara bölüp+, hersine ýerine ýetirmeli borjuny tabşyrdy+. Olar ýakma gurbanlyklary we parahatlyk gurbanlyklary berip, Ýehowanyň howlularynyň derwezelerinde Hudaýy şöhratlandyryp, alkyş aýdyp, hyzmat etmelidi+.  Hizkiýa patyşa Ýehowanyň kanunyna görä, ertirine⁠-⁠agşamyna+, Sabat günlerinde+, Täze aý baýramynda+ we başga⁠-⁠da baýramçylyklarda+ ýakma gurbanlyklary bermek üçin mal⁠-⁠mülkünden paý aýyrdy+.  Lewiler we ruhanylar Ýehowanyň kanunyny birkemsiz ýerine ýetirer ýaly*, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna olara paý+ bermegi tabşyrdy.  Perman çykan badyna, ysraýyllar gallanyň, täze şerabyň, ýagyň+, balyň we hasylyň ilkinji miwesinden+ birgiden zat getirdiler. Olar ähli zadyň ondan bir bölegini artygy bilen getirdiler+.  Ýahudanyň şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllar we ýahudalar öküziň, goýnuň we Ýehowa Hudaýa bagyş eden mukaddes sadakalarynyň ondan bir bölegini getirdiler+. Getiren zatlary juda köpdi.  Halkyň getiren sadakalaryny üçünji aýda+ ýygnap başlap, ýedinji aýda+ tamamladylar.  Hizkiýa bilen han⁠-⁠begler ýygnalan zatlaryň köpdügini görüp, Ýehowany şöhratlandyrdylar we ysraýyl halkyna ak pata berdiler.  Hizkiýa ruhanylardan we lewilerden munça zady nädip ýygnandygyny sorady. 10  Sadygyň maşgalasyndan uly ruhany Azarýa: «Ýehowanyň öýüne sadaka getirilip+ başlany bäri bolelin iýip içdik, şonda⁠-⁠da köp zat galdy. Ýehowa halkyna bereket berdi. Seret, birgiden zat artyp hem galdy»+ diýdi. 11  Hizkiýa olara Ýehowanyň öýünde ammarlary*+ taýynlamagy tabşyrdy. Olar ammarlary taýynladylar. 12  Halk sadakalary, ähli zadyň ondan bir bölegini+ we mukaddes zatlary yzyny üzmän getirýärdi. Lewilerden Konanýa şol sadakalara gözegçilik edýärdi, dogany Şimeý kömekçisidi. 13  Hizkiýa patyşanyň buýrugy bilen, Ýehiýeli, Azazýany, Nahaty, Asaheli, Ýerimoty, Ýozabaty, Alygeli, Ismahýany, Mahaty we Binaýany Konanýa bilen dogany Şimeýe kömek etmäge bellediler. Azarýa bolsa hak Hudaýyň öýüne gözegçilik edýärdi. 14  Ybadathananyň gündogar derwezesinde durýan lewilerden+ Imnanyň ogly Kore sakçy hak Hudaýa getirilýän sadakalara+ jogap berýärdi. Ol Ýehowa üçin berilýän sadakalary+ we iň mukaddes zatlary+ paýlaýardy. 15  Erem, Minýamin, Ýoşuw, Şemaýa, Emirýar we Şekanýa Koreniň baştutanlygynda ruhanylaryň şäherlerinde+ doganlaryna uly⁠-⁠kiçi diýmän, paýlaryny deň bölüp berýärdi+. 16  Şeýlelikde, nesil daragtynda hasaba alynmadyklara⁠-⁠da paý berilýärdi. Nesil daragtynda üç ýaşdan ýokary erkekler hasaba alnypdy. Olar her gün Ýehowanyň öýüne gelip, toparlaryna görä borjuny ýerine ýetirýärdi. 17  Ruhanylar tirelerine+ görä hasaba alnypdy, lewileriň 20 ýaşdan ýokary erkekleri+ bolsa borçlaryna+ görä hasaba alnypdy. 18  Nesil daragtynda olaryň tutuş maşgalasynyň, çagalarynyň, aýallarynyň, ogul⁠-⁠gyzlarynyň ady ýazylypdy. Olar mukaddes borjy ýerine ýetirýändigi üçin hemişe mukaddes bolmalydy. 19  Öri meýdanly+ şäherlerde ýaşaýan Harunyň neslinden ruhanylar hem hasaba alnypdy. Nesil daragtynda ady agzalýan ruhanylara we lewilere paý bermek üçin, şol şäherlerde ýörite adamlary bellediler. 20  Hizkiýa tutuş Ýahudada şeýle etdi. Ol Ýehowanyň öňünde ýagşy we dogry işleri edip, Hudaýa wepaly boldy. 21  Ol Hudaýa gulluk edip, hak Hudaýyň öýüniň hyzmaty+, kanuny we tabşyrygy bilen bagly islendik işe ýürekden ýapyşýardy, edeni hem ugruna bolýardy.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ünsüni diňe Ýehowanyň kanunyna gönükdirer ýaly.
Ýa⁠-⁠da: naharhanalary.