Ikinji Taryh 32:1—33
32 Hizkiýa Hudaýa wepaly bolup, köp ýagşy işleri etdi+. Assiriýa patyşasy Sanherip Ýahuda çozup, galalary gabady. Ol şäherleriň diwarlaryny ýumrup, basyp aljak bolýardy+.
2 Sanheribiň Iýerusalime çozmaga gelendigini gören Hizkiýa patyşa
3 han-begleri we esgerleri bilen maslahatlaşyp, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň gözbaşyny ýapjakdygyny aýtdy+. Olar patyşany goldadylar.
4 Adamlar üýşüp: «Assiriýa patyşalary gelende, hiç hili suw tapmaz ýaly edeliň» diýip, ýurduň ähli çeşmelerini we ýaplaryny gömüp çykdylar.
5 Soňra Hizkiýa aýgytly hereket edip, şäheriň diwarynyň ýykylan ýerlerini dikeltdi, diňler gurup, daşyndan ýene bir diwar aýlady. Dawudyň şäherindäki Millony*+ hem dikeldip, birgiden ýarag we galkan ýasady.
6 Esgerleriň üstünden serkerdeleri belledi. Hizkiýa olary şäher derwezesiniň meýdançasyna* ýygnady-da, ruhlandyryp:
7 «Batyrgaý hem dogumly boluň. Assiriýa patyşasyndan+, uly goşunyndan gorkup, howsala düşmäň. Biziňkiler olardan has köpdür+.
8 Ol ynsan güýjüne bil baglaýar, biz bolsa Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys. Hudaý biziň üçin söweşer, kömek eder»+ diýdi. Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözlerini eşidip, halk ruhlandy+.
9 Goşuny bilen Lakyşyň+ golaýynda duran Assiriýa patyşasy Sanherip wekillerini Iýerusalime iberip, Ýahuda patyşasy Hizkiýa we Iýerusalimdäki ýahudalara+ şeýle habar ýollady:
10 «Assiriýa patyşasy Sanherip şeýle diýýär: „Iýerusalimiň gabalandygyny göreňizokmy? Şäherde arkaýyn otyrsyňyz welin, nämä daýanýaňyz?+
11 Hizkiýa sizi aç-suwsuz öldürjek bolýar. Ol: „Ýehowa Hudaýymyz Assiriýa patyşasynyň elinden halas eder“ diýip aldaýar+.
12 Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Siz diňe ýekeje gurbanlyk ojagynda* sežde edip, gurban bermeli“ diýen bolup, Hudaýyňyzyň seždegählerini*+ we gurbanlyk ojaklaryny ýumran+ Hizkiýa dälmi näme?!+
13 Ata-babalarym bilen meniň başga halklara näme edenimi eşitmediňizmi?+ Şol halklaryň taňrylary ýurduny elimden halas edip bildimi?+
14 Ata-babalarym köp halklary ýok etdi. Taňrylaryň haýsysy halkyny elimden halas edip bildi? Indi gel-gel siziň Hudaýyňyz elimden halas eder öýdýäňizmi?+
15 Hizkiýanyň gepine gidip, özüňizi aldatmaň+. Oňa ynanmaň, hiç bir halkyň ýa patyşalygyň taňrysy halkyny ata-babalarymyň-da, meniň-de elimden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz asla halas edip bilmez!“»+
16 Sanheribiň wekilleri hak Hudaý Ýehowany we Hudaýyň guly Hizkiýany has-da kemsidip başladylar.
17 Sanherip Ysraýyl Hudaýy Ýehowa dil ýetirip+, gyjalat bermek üçin şeýle hat ýazdy+: «Hiç bir taňry halkyny meniň elimden halas edip bilmedi+. Hizkiýanyň Hudaýy hem halkyny elimden halas edip bilmez».
18 Olar Iýerusalimi basyp almak üçin, halky gorkuzyp, howsala düşürjek bolýardylar. Şonuň üçin diwaryň üstündäki adamlara ýehudy dilinde gygyryp geplediler+.
19 Olar ynsan eli bilen ýasalan taňrylary kemsidişi ýaly, Iýerusalimiň Hudaýyny-da kemsitdiler.
20 Hizkiýa patyşa we Amozyň ogly Işaýa pygamber+ bolsa dyngysyz doga edip, Hudaýdan kömek sorady+.
21 Şonda Ýehowa perişdesini iberip, Assiriýa patyşasynyň düşelgesindäki ähli edermen esgerleri, baştutanlary we serkerdeleri gyrdy+. Sanherip masgara bolup, ýurduna dolandy. Bir gün ol taňrysynyň buthanasyna baranda, ogullary ony gylyçdan geçirdi+.
22 Şeýdip, Ýehowa Hizkiýany we Iýerusalimiň ilatyny Assiriýa patyşasy Sanheribiň elinden halas etdi, olary daş-töwerekdäki ähli duşmanlardan gorady*.
23 Köp adamlar Iýerusalime Ýehowa üçin sadaka getirdiler, Ýahuda patyşasy Hizkiýa-da gymmatbaha sowgatlary berdiler+. Halklar arasynda Hizkiýanyň abraýy has-da artýardy.
24 Şol wagtlar Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Ýehowa doga etdi+, Hudaý hem jogap berip, bir gudrat* görkezdi+.
25 Emma Hizkiýa edilen ýagşylygyň gadyryny bilmedi. Ol tekepbir bolup, özüni-de, Ýahuda we Iýerusalim ilatyny-da, Hudaýyň gazabyna sezewar etdi.
26 Soňra Hizkiýa tekepbirlik edenine ökünip, özüni kiçeltdi+. Iýerusalimiň ilaty hem toba etdi*. Şol sebäpli Ýehowa Hizkiýanyň döwründe olara jeza bermedi+.
27 Hizkiýa juda baýap, şan-şöhrat gazandy+. Ol altyn-kümşüni, gymmatbaha daşlaryny, melhem ýagyny, galkanlaryny we gymmatbaha zatlaryny goýmak üçin hazynalar+ gurdy.
28 Galla, täze şerap we ýag goýar ýaly ammarlar saldy, mal-garasy üçin ýataklar we agyllar gurdy.
29 Ol özüne şäherler hem gurdy. Hizkiýanyň mal-garasy köpdi, Hudaý bol bereket beripdi.
30 Hizkiýa Gihon+ çeşmesiniň ýokarky gözbaşyna böwet goýup+, suwy günbatara, Dawudyň şäherine+ sowdy. Hizkiýanyň ähli işi rowaçlanýardy.
31 Biraz wagtdan Wawilonyň han-begleri Hizkiýanyň ýanyna wekillerini iberip, ýurtda bolan+ gudrat+ hakda soradylar. Şonda hak Hudaý Hizkiýany barlap+, ýüregini biljek+ boldy*.
32 Hizkiýanyň durmuşynda bolan başga-da wakalar, Hudaýa wepaly bolup* eden işleri+ hakda Amozyň ogly Işaýa+ pygamberiň görnüşinde*, Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň kitabynda ýazylandyr+.
33 Soňra Hizkiýa aradan çykyp, Dawudyň nesliniň mazaryna çykylýan ýerde jaýlandy+. Tutuş Ýahuda we Iýerusalim ilaty Hizkiýa üçin ýas tutdy. Hizkiýanyň ýerine ogly Manaşa patyşa boldy.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: baýry. Şäheriň daşyndan salnan gala göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: her tarapdan dynçlyk berdi.
^ Ýa-da: alamat.
^ Ýa-da: özüni kiçeltdi.
^ Sözme-söz: ýüregini bilmek üçin ýeke galdyrdy.
^ Ýa-da: wepaly söýgi bilen.