Ikinji Taryh 5:1—14
5 Şeýlelikde, Süleýman Ýehowanyň öýi bilen bagly işleri tamamlady+. Ol kakasy Dawudyň Hudaýa bagyş eden*+ altyn-kümüşlerini we başga-da zatlaryny getirip, hak Hudaýyň öýüniň hazynalarynda goýdy+.
2 Soňra Süleýman ysraýyl ýaşulularyny, taýpa baştutanlaryny we tirebaşylaryny ýygnady. Olar Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň şäheri+ Siondan+ alyp gaýtmak üçin Iýerusalime geldiler.
3 Bütin ysraýyl halky ýedinji aýda Çatma baýramyny bellemek üçin+ patyşanyň huzuryna ýygnandy.
4 Ysraýylyň ähli ýaşululary gelende, lewiler äht sandygyny göterdiler+.
5 Ruhanylar bilen lewiler äht sandygyny, ýygnak çadyryny*+ we çadyryň içindäki mukaddes gap-gaçlary alyp gaýtdylar.
6 Süleýman patyşa we tutuş ysraýyl jemagaty äht sandygynyň öňünde durdy. Olar birgiden goýunlary we öküzleri gurbanlyk berdiler+.
7 Soňra ruhanylar Ýehowanyň äht sandygyny ybadathananyň içki otagyna, ýagny iň mukaddes otaga eltip, öz ýerinde, keruplaryň ganatlarynyň aşagynda goýdular+.
8 Keruplaryň ganatlary äht sandygynyň üstüne ýaýylyp, sandygy we taýaklaryny+ örtüp durdy.
9 Taýaklar uzyn bolansoň, olaryň ujy içki otagyň öňündäki mukaddes otagdanam görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar henizem şeýle dur.
10 Äht sandygynyň içinde Kanun ýazylgy iki daşdan başga zat ýokdy+. Musa Horepde şol iki daşy sandyga salypdy. Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä+, Ýehowa olar bilen äht baglaşypdy+.
11 Ähli topardaky+ ruhanylar özüni tämizläpdi+. Ruhanylar mukaddes ýerden çykanda,
12 Asafyň+, Hemanyň+, Ýedutunyň+, olaryň ogullarynyň we doganlarynyň ýolbaşçylygyndaky lewi aýdymçylar+ gurbanlyk ojagynyň* gündogarynda durdylar. Olaryň egninde nepis matadan tikilen eşik, elinde bürünç çan*, kirişli saz gurallar we arfa bardy. Olaryň ýanynda 120 ruhany surnaý çalyp durdy+.
13 Surnaýçylar bilen aýdymçylar: «Ol ýagşydyr, wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, Ýehowany şöhratlandyrýardylar. Surnaýlaryň, bürünç çanlaryň we saz gurallaryň sesi ýaňlanyp durka, Ýehowany şöhratlandyryp, alkyş aýdýardylar. Şonda ybadathanany, ýagny Ýehowanyň öýüni bulut gaplap aldy+.
14 Bulutdan ýaňa ruhanylar hyzmatyny ýerine ýetirip bilmediler, sebäbi hak Hudaýyň öýi Ýehowanyň şöhratyndan dolupdy+.