Ikinji Timoteos 3:1—17
3 Bilip goý, soňky günlerde+ juda kyn döwür bolar.
2 Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene-atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa,
3 dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,
4 dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän,
5 Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýan adamlar bolar+. Şeýle adamlardan uzakda dur.
6 Olaryň käbiri ejiz we günäli aýallary aldap, mekirlik bilen öýlerine girýärler. Olar aýallaryň gözüni-başyny aýlap, dürli höwesleriň guly edýärler.
7 Şeýle aýallar hemişe hakykat bilimini alsalar-da, oňa doly düşünmeýärler.
8 Olar hem Musa garşy çykan Ýannys we Ýambrys ýaly, hakykata garşy çykýarlar. Şeýle adamlaryň aň-düşünjesi doly zäherlenendir. Olar imanyna görä ýaşamaýarlar, Hudaý hem olardan razy däldir.
9 Olar hiç hili üstünlik gazanmazlar, şol iki adamyňky ýaly olaryň hem akylsyzlygy hemmelere belli bolar+.
10 Sen bolsa öwreden zatlaryma, ýaşaýşyma+, maksadyma, imanyma eýerýärsiň hem-de sabyr-takadymdan, söýgimden we çydamymdan görelde alýarsyň.
11 Galyberse-de, Antakyýada+, Ikoniýada+, Listrada gören görgülerimi+ bilýänsiň. Men olara çydadym, Hudaý hem olardan halas etdi+.
12 Aslynda, Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar+.
13 Emma zalym we ýalançy adamlar erbet işleri etmekde ökdeleşerler. Olar adamlary aldarlar, özleri-de aldanarlar+.
14 Sen bolsa öwrenen we iman eden zatlaryňa hemişe eýer+, olary saňa ynamdar adamlar öwredipdi.
15 Sen mukaddes kitaplary bäbeklikden+ bäri bilýärsiň+. Olar seni Isa Mesihe iman etmegiň we halas bolmagyň üçin akyldar edýär+.
16 Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen+ ýazylyp, öwretmek+, käýemek, dogry ýola getirmek* we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr+.
17 Olar Hudaýyň guluny ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar.
Çykgytlar
^ Ýa-da: düzetmek.