Üçünji Ýahýa 1:1—14

  • Doganlyk salamy we doga (1—4)

  • Ýahýa Gaý dogany öwýär (5—8)

  • Hojaýynsyraýan Diýotref (9, 10)

  • Dimitris hakdaky öwgüli sözler (11, 12)

  • Hoşlaşyk sözleri (13, 14)

 Men ýaşuly* hökmünde gowy görýän dostum Gaýa hat ýazýaryn.  Eziz doganym, seniň mundan beýläk⁠-⁠de ähli zatda üstünlik gazanyp, janyň sag bolmagy üçin doga⁠-⁠dileg edýärin.  Doganlar seniň hakykat ýolunda berk durup, şoňa görä ýaşaýandygyňy+ gürrüň berdiler. Men muňa ýürekden begendim.  Çagalarymyň hakykat ýolunda ýöreýändigini+ eşidip, şatlygymyň* çägi bolmady.  Eziz dostum, tanamaýan doganlara⁠-⁠da eden kömegiňden Hudaýa wepalydygyň görünýär+.  Şol doganlar seniň söýgiň hakda ýygnaga gürrüň berdiler. Indi olara ähli gerek zatlary berip ýola sal, şonda Hudaýy razy edersiň+.  Olar Hudaýyň adynyň hatyrasyna wagyz edip, adamlardan hiç zat almaýarlar+.  Şonuň üçin şeýle doganlara myhmansöýer bolmaga borçludyrys+. Şonda biz hakykat ýolunda eginme⁠-⁠egin işleşeris+.  Men ýygnaga hat ýazypdym, ýöne hojaýynsyraýan*+ Diýotref bize hormat goýmaýar, sözümize gulak asmaýar+. 10  Şeýle⁠-⁠de ol biz hakda ýaramaz gürrüňleri ýaýradýar+. Ol munuň bilen hem çäklenmän, doganlara⁠-⁠da hormat goýmaýar, olary myhman almaýar+. Myhman almak isleýänleri⁠-⁠de ýygnakdan çykarjak bolýar. Men baranymda, erbet işlerini ýüzüne aýdaryn. 11  Eziz doganym, ýamanlyk däl⁠-⁠de, ýagşylyk et+. Sebäbi ýagşylyk edýänler Hudaýyň tarapyndadyr+, ýamanlyk edýänler Hudaýy tanaýan däldir*+. 12  Doganlaryň ählisi Dimitrisi öwýärler. Onuň hakykat ýolunda ýöreýändigini hemmeler bilýär. Biz hem onuň ýagşy edim⁠-⁠gylymyna şaýatdyrys. Sen hem aýdanlarymyzyň dogrudygyna şaýatsyň. 13  Men köp zatlary aýtmak isleýärin, ýöne hat üsti bilen ýazasym gelmeýär. 14  Men tizden ýanyňa baryp, seniň bilen görüşmegi umyt edýärin. Saglykda görşeli! Doganlar saňa salam aýdýar. Sen hem meniň adymdan doganlara salam aýt.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýygnak ýaşulusy.
Başga manysy: minnetdarlygymyň.
Ýa⁠-⁠da: agalyk etmegi halaýan; başlyk bolmagy halaýan.
Sözme⁠-⁠söz: gören däldir.