Üçünji Musa 1:1—17
-
Ýakma gurbanlygy (1—17)
1 Ýehowa Musany ýygnak çadyryna*+ çagyryp, şeýle diýdi:
2 «Bar, ysraýyllara aýt: „Kimde-kim sürüsinden Ýehowa gurbanlyk bermek islese, öküz, sygyr ýa-da goýun-geçi bersin+.
3 Eger ol ýakma gurbanlygyny iri maldan berjek bolsa, şikessiz+ öküz saýlasyn. Ony höwes bilen+ Ýehowanyň huzuryna, ýygnak çadyrynyň agzyna getirsin.
4 Ol ýakma gurbanlyk malynyň kellesine elini goýsun. Şonda gurbanlygy kabul edilip, günäleri bagyşlanar.
5 Soňra Ýehowanyň huzurynda öküzçäniň damagy çalynsyn. Harunyň neslinden bolan ruhanylar+ gany getirip, ýygnak çadyrynyň agzyndaky gurbanlyk ojagynyň* çar tarapyna sepsinler+.
6 Derisini sypyryp, maly böleklesinler+.
7 Harunyň neslinden ruhanylar gurbanlyk ojagyna köz getirsinler-de+, üstüne odun örsünler.
8 Böleklenen maly+ kellesi we içýagy* bilen gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň üstünde goýsunlar.
9 Malyň içegeleri we aýaklary ýuwlansoň, ruhany olaryň hemmesini gurbanlyk ojagynda ýakma gurbanlygy hökmünde ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly gurbanlyk şeýdip berilmelidir+.
10 Eger ol ýakma gurbanlygyny maýda mallardan+ berjek bolsa, şikessiz erkek tokly ýa teke saýlasyn+.
11 Maly Ýehowanyň huzuryna, gurbanlyk ojagynyň demirgazygyna getirip, damagyny çalsynlar. Harunyň neslinden ruhanylar malyň ganyny gurbanlyk ojagynyň çar tarapyna sepsinler+.
12 Maly bölekläp, kellesini we içýagyny* aýyrsynlar. Ruhany olary gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň üstünde goýsun.
13 Ol malyň içegelerini we aýaklaryny ýuwsun. Ruhany olaryň hemmesini gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk şeýdip berilmelidir.
14 Eger ol Ýehowa ýakma gurbanlygyny guşlardan berjek bolsa, gumry ýa-da kepderi*+ saýlasyn.
15 Ruhany guşy gurbanlyk ojagynyň ýanyna getirip, damagyny çalsyn-da, gurbanlyk ojagynda ýaksyn. Ganyny bolsa gurbanlyk ojagynyň gapdalyna akdyrsyn.
16 Ol guşuň petekesini we ýelegini aýryp, gurbanlyk ojagynyň gündogaryna, kül* dökülýän ýere taşlasyn+.
17 Guşy ganatlarynyň ýanyndan dilsin, ýöne ikä bölmesin. Ruhany guşy gurbanlyk ojagynda tutaşyp başlan odunyň üstünde ýaksyn. Ýehowa üçin ýakymly ysly ýakma gurbanlyk şeýdip berilmelidir.
Çykgytlar
^ Ýa-da: böwrek ýagy.
^ Ýa-da: böwrek ýagyny.
^ Kepderi jüýjesi göz öňünde tutulýar.
^ Ýa-da: ýagly kül. Gurbanlygyň ýagy daman kül göz öňünde tutulýar.