Üçünji Musa 10:1—20

  • Ýehowadan gelen ot Nadap bilen Abyhuwy ýakýar (1—7)

  • Ruhanylara iýip⁠-⁠içmek barada berlen düzgün (8—20)

10  Birnäçe wagtdan Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhuw+ külatarlaryna köz we tütetgi salyp+, Ýehowanyň öňünde kanuna garşy gelýän ot ýakyp+, özlerine tabşyrylmadyk zady etdiler.  Şonda Ýehowadan ot gelip, olary ýakdy+. Olar Ýehowanyň huzurynda heläk boldular+.  Musa Haruna: «Ýehowa şeýle diýýär: „Huzuryma gelýän adam meniň mukaddesdigimi unutmasyn+, bütin halk meni şöhratlandyrsyn“» diýdi. Harun bolsa sesini çykarmady.  Musa Harunyň agasy* Uzyýeliň+ ogullary Mişaýyl bilen Alsapany çagyryp: «Geliň⁠-⁠de, doganlaryňyzyň jesedini mukaddes ýerden düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi.  Olar hem gelip, ruhany eşikli Nadap bilen Abyhuwy Musanyň aýdyşy ýaly, düşelgäniň daşyna çykardylar.  Musa Haruna we beýleki ogullary Algazar bilen Ytamara: «Ýas tutup, saçyňyzy ösdürmäň*, ýakaňyzy ýyrtmaň+. Ýogsam heläk bolarsyňyz, bütin halky hem Hudaýyň gazabyna duçar edersiňiz. Ýehowanyň ýakyp öldüren adamlary üçin ysraýyl doganlaryňyz ýas tutup biler.  Heläk bolmaz ýaly, ýygnak çadyrynyň* agzyndan gitmäň, sebäbi siz Ýehowanyň mukaddes ýagy bilen bellendiňiz»+ diýdi. Olar hem Musanyň aýdyşy ýaly etdiler.  Soňra Ýehowa Haruna:  «Senem, ogullaryňam ýygnak çadyryna içgili ýagdaýda* girmeli dälsiňiz+, ýogsam ölersiňiz. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 10  Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň tapawudyny bilip+, 11  Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunlaryny ysraýyllara öwretmelisiňiz»+ diýdi. 12  Musa Haruna we diri galan ogullary Algazar bilen Ytamara: «Ýehowa ýakylyp berlen galla sadakasyndan galanyny alyň⁠-⁠da, petir* bişirip, gurbanlyk ojagynyň* ýanynda iýiň+. Ol örän mukaddes sadakadyr+. 13  Petiri mukaddes ýerde iýiň+, ol Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan saňa we ogullaryňa düşen paýdyr. Muny maňa Hudaý tabşyrdy. 14  Göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi, mukaddes paý hökmünde berilýän budy+ ogul⁠-⁠gyzlaryň bilen arassa ýerde iý+. Ysraýyllaryň parahatlyk gurbanlyklaryndan saňa we ogullaryňa berýän paýym şoldur. 15  Olar mukaddes paý hökmünde berilýän budy we göterme sadakasynyň döşüni getirsinler. Şol zatlary ýakylýan gurbanlyklaryň ýagy bilen Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk⁠-⁠beýläk galgatmalydyr. Ýehowanyň tabşyryşy ýaly, şol zatlar saňa we ogullaryňa hemişelik berlen paýdyr»+ diýdi. 16  Musa günä gurbanlygy+ üçin geçini soranda*, ony eýýäm ýakypdyrlar. Musa Harunyň diri galan iki ogly Algazar bilen Ytamara gaharlanyp: 17  «Näme üçin günä gurbanlygyny mukaddes ýerde iýmediňiz?+ Ol örän mukaddes ahyryn! Hudaý şol gurbanlygy halkyň günäsini boýnuňyza alyp, olary Ýehowanyň öňünde günäden arassalaň diýip beripdi. 18  Gurbanlygyň gany mukaddes çadyra eltilmedi+, şonuň üçin Hudaýyň tabşyrygyna görä, gurbanlygyň etini mukaddes çadyryň howlusynda iýmelidiňiz» diýdi. 19  Şonda Harun Musa: «Olar Ýehowanyň huzurynda günä we ýakma gurbanlyklaryny hödürlediler+. Ýöne başyma düşen zatlardan soň, bu gün günä gurbanlygyndan iýen bolsam, Ýehowa ýarardymy?» diýdi. 20  Musa hem onuň bilen razylaşdy.

Çykgytlar

Harunyň kakasynyň dogany göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: timarsyz goýmaň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: şerap ýa-da şoňa meňzeş içgileri içip.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: gözlände.