Üçünji Musa 12:1—8
-
Çaga dogran aýalyň tämizlenişi (1—8)
12 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt: „Eger aýal göwreli bolup, ogul dogursa, ýedi günläp aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplansyn+.
3 Sekizinji gün çagany sünnetläň+.
4 Aýalyň gandan tämizlenmegi üçin ýene 33 gün gerek bolar. Tämizleniş döwri tamamlanýança, ol mukaddes zatlara el degirmesin, mukaddes çadyra-da gelmesin.
5 Eger ol gyz dogursa, 14 günläp aýbaşy döwründäki ýaly hapa hasaplansyn. Aýalyň gandan tämizlenmegi üçin ýene 66 gün gerek bolar.
6 Ogly ýa gyzy üçin tämizleniş döwri tamamlananda, ol ýakma gurbanlygy üçin erkek tokly+, günä gurbanlygy üçin kepderi* ýa-da gumry alyp, ýygnak çadyrynyň* agzyna, ruhana getirip bersin.
7 Ruhany olary Ýehowa hödürläp, aýaly günäden arassalar. Şeýdip, ol gan akmasyndan tämizlener. Aýalyň ogly bolsa-da, gyzy bolsa-da, şu kanuna eýermelidir.
8 Eger tokly bermäge ýagdaýy bolmasa, iki gumry ýa-da iki kepderi getirsin+. Birini ýakma gurbanlygy, beýlekisini günä gurbanlygy edip bersin. Ruhany hem aýaly günäden arassalasyn. Şonda ol tämizlener“».