Üçünji Musa 13:1—59
13 Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Eger adamyň endamynda çiş, gotur ýa menek döräp, heýwere* keseline+ meňzese, ony Harun ruhana ýa-da ogullarynyň birine görkezsin+.
3 Ruhany onuň endamyndaky ýarany barlasyn. Eger ýaranyň ýüzündäki tüýler agaryp, deriden aşak geçen bolsa, diýmek, ol heýwere keselidir. Ruhany ýarany gözden geçirip, ol adamy hapa diýip yglan etsin.
4 Ýöne menek ak bolsa we deriden aşak geçmän, ýüzündäki tüýler agarmadyk bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+.
5 Ýedinji gün ruhany ýene-de barlasyn. Eger deri keseli ýaýraman, öňküligine galan bolsa, ruhany ony ýene ýedi gün aýry saklasyn.
6 Ýedinji gün ruhany ýene-de gözden geçirsin. Eger deri keseli gurap, endamyna ýaýramadyk bolsa, ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin+, sebäbi ýarasy ýokanç däldir. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň tämiz hasaplanar.
7 Emma ruhany ony tämiz diýip yglan edenden soň, ýara endamyna ýaýrap başlasa, ol ýene ruhana görünsin.
8 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger endam-jany ýaradan doly bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin, sebäbi oňa heýwere keseli degipdir+.
9 Heýwere keseline uçran adamy ruhanynyň ýanyna getiriň.
10 Ruhany ony gözden geçirsin+. Eger endamynda ak çiş bolsa, üstündäki tüýleri agaryp, açyk ýara dörän bolsa+,
11 diýmek, ötüşen heýwere keselidir. Ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Ony täzeden barlamak üçin aýry saklamak+ gerek däl, sebäbi hapadygy eýýäm belli.
12 Ýöne heýwere adamyň depesinden dabanyna çenli tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany gözden geçirip, gowy barlasyn.
13 Ruhany ony barlap, heýwere keseliniň tutuş endamyna ýaýrandygyna göz ýetirse, onda şol adamy tämiz* diýip yglan etsin. Ol tämizdir, sebäbi bütin bedeni agarypdyr.
14 Emma endamynda açyk ýara dörese, ol hapa bolýandyr.
15 Ruhany onuň endamynda açyk ýara görse, hapa diýip yglan etmelidir+. Sebäbi açyk ýara hapa hasaplanýandyr, ol heýwere keselidir+.
16 Emma açyk ýara bitip, ýene agarsa, ol adam ruhanynyň ýanyna barsyn.
17 Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin+. Eger ýarasynyň ýüzi agaran bolsa, ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Ol indi tämizdir.
18 Eger birine çyban çykyp, ýarasy bitse,
19 ýöne ýerinde ak çiş ýa-da açyk gyzyl menek dörese, ol ruhana görünsin.
20 Ruhany ony gözden geçirsin+. Eger ýara deriden aşak geçip, üstündäki tüýler agaran bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Ol çybanyň ýerinde dörän heýwere keselidir.
21 Emma ruhany ýarany barlanda, ýüzündäki tüýler agarmadyk bolsa, deriden aşak geçmän, guran bolsa, onda ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+.
22 Eger ýara tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Oňa heýwere keseli degipdir.
23 Ýöne menek ýaýramasa, ol çybanyň yzydyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin+.
24 Adam bir ýerini ýaksa, ýanan ýerinde-de açyk gyzyl ýa ak menek dörese,
25 ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki tüýler agaryp, ýara deriden aşak geçen bolsa, onda ýarasynda heýwere keseli döräpdir. Ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin, sebäbi oňa heýwere keseli degipdir.
26 Emma ruhany ýarany barlanda, ýüzündäki tüýler agarmadyk bolsa, deriden aşak geçmän, guran bolsa, onda ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+.
27 Ýedinji gün ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ýara endamyna ýaýran bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Oňa heýwere keseli degipdir.
28 Ýöne ýara ýaýraman, gurasa, onda ol ýanyk sebäpli dörän çişdir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, sebäbi ýarasy diňe sowuklapdyr.
29 Bir erkegiň we aýalyň kellesine ýa-da eňegine ýara çyksa,
30 ruhany ony gözden geçirsin+. Eger ýara deriden aşak geçip, üstündäki tüýler saralyp, selçeňleşen bolsa, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin. Ol saç-sakgalda döreýän ýokanç keseldir, kellede we eňekde bolýan heýweredir.
31 Emma ruhany ýarany barlanda, ýara deriden aşak geçmedik bolsa, üstünde gara tüýler ýok bolsa, onda ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn+.
32 Ýedinji gün ruhany ýene-de barlasyn. Eger ýara ýaýramadyk we deriden aşak geçmedik bolsa, üstünde-de sary tüýler ýok bolsa,
33 ol adam saç-sakgalyny syrsyn, ýöne ýaraly ýerine degmesin. Ruhany ony ýene ýedi gün aýry saklasyn.
34 Ýedinji gün ruhany ýene barlasyn. Eger kelledäki ýa-da eňekdäki ýara ýaýramadyk we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin. Ol adam eşiklerini ýuwsun, şondan soň tämiz hasaplanar.
35 Emma ol tämizlenenden soň, ýarasy ýaýrap başlasa,
36 ruhany ony gözden geçirsin. Ýarasy ýaýran bolsa, sary tüýleriň bolmagy hökman däl, sebäbi onuň hapadygy eýýäm belli.
37 Ýöne ruhany gözden geçiren mahaly ýara ýaýraman, üstünde gara tüýler çykan bolsa, diýmek, ýara bitipdir. Ol adam tämizdir, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin+.
38 Erkegiň ýa aýalyň endamyna ak menekler çyksa,
39 ruhany gözden geçirsin+. Eger menekler agymtyl bolsa, onda örgüni ýokanç däldir. Ol adam tämizdir.
40 Eger biriniň saçy düşüp, kel bolsa, ol tämizdir.
41 Maňlaý saçy düşüp, kel bolsa, ol tämizdir.
42 Emma depe ýa-da maňlaý saçynyň düşen ýerinde açyk gyzyl ýara çyksa, ol kellede we maňlaýda döreýän heýweredir.
43 Ruhany ony barlasyn. Eger depe ýa maňlaý saçynyň düşen ýerinde açyk gyzyl çiş döräp, heýwere keseline meňzese,
44 diýmek, ol heýwere kesellidir we hapadyr. Kellesine ýara çykandygy sebäpli, ruhany ol adamy hapa diýip yglan etsin.
45 Heýwere keselli adam ýyrtyk eşikleri geýip, saçyny daramasyn*. Ol agzyny tutup: „Men kesel, men kesel!“* diýip gygyrsyn.
46 Keselinden doly gutulýança, ol hapa hasaplanar. Ol düşelgäniň daşynda başgalardan aýry ýaşasyn+, sebäbi ol hapa hasaplanýar.
47 Eger ýüň ýa-da zygyr* matadan tikilen eşik,
48 zygyr ýa-da ýüň matanyň ýüplügi*, deri ýa-da deriden edilen zat heňlese*,
49 eşikde, deride, ýüplükde, deriden edilen zatda sarymtyl-ýaşyl ýa gyzylymtyl tegmil dörese, onda heýweräniň alamatydyr. Şol zady ruhana görkeziň.
50 Ruhany ony gözden geçirip, ýedi gün aýry saklasyn+.
51 Ýedinji gün barlanda, eşikdäki, ýüplükdäki, deridäki we deriden edilen zatdaky heň ýaýran bolsa, diýmek, ol çalt ýaýraýan heýwere keselidir. Şol zat hapa hasaplansyn+.
52 Ruhany heňlän eşigi, ýüň ýa-da zygyr matanyň ýüplügini, deriden edilen zady ýaksyn, sebäbi olara çalt ýaýraýan heýwere degipdir. Olary hökman ýakmalydyr.
53 Emma ruhany barlan mahaly eşikdäki, ýüplükdäki ýa-da deriden edilen zatdaky heň ýaýramadyk bolsa,
54 şol zady ýuwduryp, ýene ýedi gün aýry saklasyn.
55 Heňlän zat gowy ýuwlansoň, ruhany ony barlasyn. Heň ýaýramasa-da, öňküligine galan bolsa, şonda-da hapa hasaplansyn. Şol zady ýakyň, sebäbi ýa iç ýüzi, ýa daş ýüzi zaýalanandyr.
56 Ýöne ruhany gowy ýuwlan eşigi, derini ýa ýüplügi barlan mahaly heň biraz aýrylan bolsa, heňlän ýerini ýyrtyp aýyrsyn.
57 Emma şol eşigiň, ýüplügiň ýa deriden edilen zadyň başga ýeri heňläp başlasa, diýmek, ol ýaýraýandyr. Şol zady ýakyň+.
58 Ýöne ýuwlan eşikdäki, ýüplükdäki ýa deriden edilen zatdaky heň aýrylsa, ony ýene-de ýuwuň. Şondan soň ol tämiz hasaplanar.
59 Ýüň ýa-da zygyr matadan tikilen eşik, ýüplük, deriden edilen zat heňlese, onda şu kanuna eýerip, hapa ýa-da tämizdigini anyklaň».
Çykgytlar
^ Ýa-da: keseli ýokanç däl.
^ Ýa-da: saçyna timar bermesin.
^ Sözme-söz: Men hapa, men hapa!
^ Sözme-söz: erşi ýa argajy.