Üçünji Musa 21:1—24
21 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: «Ruhanylara, ýagny Harunyň ogullaryna aýt: „Halkyň* arasyndan biri ýogalsa, hiç bir ruhany merhum üçin özüni hapalamasyn+.
2 Ol diňe ýakyn hossarynyň: ene-atasynyň, ogul-gyzynyň, doganynyň
3 ýa-da özi bilen bir öýde ýaşaýan* durmuşa çykmadyk uýasynyň ýasyny tutup* biler.
4 Emma ruhany ildeşine durmuşa çykan aýal üçin özüni hapalap, haram etmesin.
5 Ruhanylar saçyny syrmasyn+, sakgalynyň gyralaryny gyrkmasyn, endamyny kesmesin+.
6 Olar öz Hudaýynyň öňünde mukaddes bolmalydyr+, adyna ysnat getirmeli däldir+. Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary, ýagny Hudaýyň paýyny* hödürleýändigi üçin mukaddes bolsunlar+.
7 Olar ahlaksyz+, namysyna deglen ýa-da aýrylyşan aýala öýlenmesin+, sebäbi ruhany öz Hudaýy üçin mukaddesdir.
8 Hudaýyň paýyny hödürleýändigi üçin, ruhanyny mukaddes hasaplaň+. Ol siziň üçin mukaddes bolmalydyr, sebäbi sizi mukaddes edýän men — Ýehowa mukaddesdirin+.
9 Eger ruhanynyň gyzy azgynlyga* ýüz urup, biabraý bolsa, kakasynyň namysyny depeleýändir. Gyzy öldüriň-de, ýakyň+.
10 Başyna mukaddes ýag guýlup, doganlarynyň arasyndan saýlanan+ we ruhanylyk lybasyny geýen+ baş ruhany saçyny ösdürmesin*, ýakasyny ýyrtmasyn+.
11 Hatda ejesi ýa kakasy ýogalsa-da, jesede golaýlaşyp+, özüni hapalamasyn.
12 Ol mukaddes çadyrdan gitmesin, öz Hudaýynyň çadyryny haram etmesin+, sebäbi onuň başyna mukaddes ýag guýlup, Hudaýa bagyş edildi+. Men Ýehowadyryn.
13 Ol päk* gyza öýlensin+.
14 Dul galan, aýrylyşan, namysyna deglen ýa-da ahlaksyz aýaly alman, öz halkyndan päk gyza öýlensin.
15 Halkynyň içinde neslini hapalamasyn+, sebäbi ony mukaddes edýän men — Ýehowadyryn“».
16 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
17 «Haruna aýt: „Nesliňdäki maýyp adamlar Hudaýa paý hödürlemek üçin gurbanlyk ojagynyň* ýanyna gelmesin.
18 Gurbanlyk ojagynyň ýanyna maýyp, ýagny kör, agsak, ýüzi şikesli*, eli ýa-da aýagy uzyn,
19 aýagy ýa eli döwük,
20 küýki, kelte boýly*, gözi şikesli, gotur açan, demrewli* ýa erkeklik mäzine şikes ýeten adam gelmeli däldir+.
21 Harunyň neslinden maýyp adam Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürlemek üçin gurbanlyk ojagyna golaýlaşmasyn. Ol maýyp bolandygy üçin, Hudaýa paý hödürläp bilmez.
22 Ýöne ol Hudaýa berilýän paýdan, ýagny mukaddes+ we iň mukaddes zatlardan+ iýip biler.
23 Emma maýyp bolandygy üçin, tutynyň+ we gurbanlyk ojagynyň+ ýanyna gelip, mukaddes çadyrymy haram etmesin+. Sebäbi olary mukaddes edýän men — Ýehowadyryn“»+.
24 Musa bu zatlary Harun bilen ogullaryna we ysraýyllara ýetirdi.
Çykgytlar
^ Ruhanylaryň taýpasy ýa tiresi göz öňünde tutulýan bolmaly. 4, 14, 15-nji aýatlara serediň.
^ Sözme-söz: özüne ýakyn bolan.
^ Sözme-söz: özüni hapalap.
^ Sözme-söz: çöregini. Gurbanlyklar göz öňünde tutulýar.
^ Pul üçin ahlaksyzlyk etmek göz öňünde tutulýar.
^ Ýa-da: timarsyz goýmasyn.
^ Ýa-da: durmuşa çykmadyk.
^ Sözme-söz: burny çapyk.
^ Ýa-da: liliput. Başga manysy: igli; gaty hor.
^ Deriniň ýüzünde tegelek-tegelek tozgalap duran deri keseli.