Üçünji Musa 23:1—44
23 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt: „Ine şu baýramçylyklary+ mukaddes ýygnak hökmünde yglan edip+, Ýehowanyň şanyna bellemelisiňiz:
3 Ähli işiňizi alty günde ediň. Ýedinji gün doly dynç alynýan Sabatdyr+, mukaddes ýygnak günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, ol Ýehowa bagyşlanan Sabat güni bolsun+.
4 Şu mukaddes ýygnaklary, ýagny Ýehowanyň baýramçylyklaryny öz wagtynda belläň:
5 birinji aýyň 14-ne agşamara*+ Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny+ belläň.
6 Şol aýyň 15-ne bolsa Ýehowanyň şanyna Petir baýramyny belläň+. Ýedi günläp petir* iýiň+.
7 Birinji gün mukaddes ýygnak bolar+. Şol gün agyr iş etmeli dälsiňiz.
8 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Ýedinji gün mukaddes ýygnak bolar. Şol gün agyr iş etmeli dälsiňiz“».
9 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyllara aýt: „Size berjek ýurduma baranyňyzda, hasylyňyzyň ilkinji desselerini+ ruhana getirip beriň+.
11 Ruhany şol desseleri Hudaýyň huzurynda eýläk-beýläk galgadar welin, Ýehowa sizden razy bolar. Ol muny Sabat gününiň ertesi etmelidir.
12 Dessäniň galgadylan güni Ýehowa ýakma gurbanlygy hökmünde şikessiz erkek tokly beriň.
13 Ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, Ýehowa ýakymly ysly galla sadakasy hökmünde ýakyň. Şerap sadakasy üçin bolsa bir golça* şerap getiriň.
14 Hudaýyňyza sadaka berjek günüňize çenli täze galla we ondan bişirilen çörek, gowurga* iýmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
15 Sabat gününiň ertesi desseleriňizi göterme sadakasy edip hödürläniňizden soň, ýedi Sabat+, ýagny ýedi hepde geçsin.
16 Ýedinji Sabat gününiň ertesi, 50-nji gün+ Ýehowa täzeden galla sadakasyny hödürläň+.
17 Göterme sadakasy üçin öýüňizden* iki çörek getiriň. Olary iki jam* ýokary hilli una hamyrmaýa goşup bişiriň-de+, Ýehowa ekiniňiziň ilkinji hasyly hökmünde getiriň+.
18 Çörekleri şikessiz ýedi sany erkek tokly, bir öküzçe we iki goç bilen hödürläň+. Olary galla we şerap sadakalary bilen Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň. Olaryň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýandyr.
19 Bulardan başga-da, bir owlagy günä gurbanlygy+, iki erkek toklyny parahatlyk gurbanlygy edip hödürläň+.
20 Ruhany iki erkek toklyny we ilkinji hasyldan bişirilen çörekleri Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatsyn. Olar Ýehowa üçin mukaddes bolup, ruhana berilmeli paýdyr+.
21 Şol gün mukaddes ýygnak boljakdygyny yglan ediň+. Hiç hili agyr iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
22 Hasyl ýygymynda ekiniň gyrasyny doly ormaň, galan-gaçan desseleri çöplemäň+. Olary garyplara+ we gelmişeklere+ goýuň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».
23 Soňra Ýehowa Musa:
24 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň birine doly dynç alyň. Şol gün surnaý çalyp+, mukaddes ýygnak geçiriň.
25 Şol gün hiç hili agyr iş etmän, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyk hödürläň“» diýdi.
26 Ýehowa sözüni dowam edip:
27 «Ýedinji aýyň onuna Günä geçilýän gün+ bolar. Şol gün mukaddes ýygnak geçiriň we günäleriňize toba edip*+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyk hödürläň.
28 Günä geçilýän gün hiç hili iş etmäň, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda günäden arassalanarsyňyz+.
29 Kimde-kim şol gün günälerine toba etmese*, halkyň arasyndan ýok edilsin*+.
30 Şol gün işlän adamy hem halkyň arasyndan ýok ederin.
31 Hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
32 Sebäbi ol doly dynç alynýan Sabat günüdir. Aýyň dokuzyna agşam günäleriňize toba ediň+. Şol gün agşamdan ertesi agşama çenli Sabat gününi belläň» diýdi.
33 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi:
34 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň 15-den başlap ýedi günüň dowamynda Ýehowanyň şanyna Çatma baýramyny belläň+.
35 Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçirip, hiç hili agyr iş etmäň.
36 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Sekizinji gün mukaddes ýygnak geçirip+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Şol gün uly baýram ediň we hiç hili agyr iş etmäň.
37 Şu baýramçylyklary+ mukaddes ýygnak+ hökmünde jar çekdirip, Ýehowanyň şanyna belläň. Baýramçylyk günleri Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary: ýakma gurbanlygyny+, ýany bilen galla+ we şerap sadakasyny+ hödürläň. Her günki gurbanlygy öz wagtynda beriň.
38 Şol gurbanlyklary Ýehowa hödürläň. Ýehowa bagyş edilen Sabat günlerinde+ başga-da sadakalary, sowgatlary+, wada beren+ we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy+ berersiňiz.
39 Ekiniň hasylyny ýygnanyňyzdan soň, ýedinji aýyň 15-den başlap ýedi günläp+ Ýehowanyň şanyna baýram ediň. Baýramçylygyň birinji we sekizinji güni doly dynç alyň+.
40 Birinji gün iň gowy miweleri, palma şahalaryny+, gür ýaprakly we jülgede ösýän derek agaçlaryň şahalaryny alyp geliň-de, ýedi günläp+ Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şatlyk-şagalaň ediň+.
41 Ýehowa bagyşlanan şol baýramy her ýyl ýedi gün bellemelisiňiz+. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Baýramçylygy ýedinji aýda belläň.
42 Ýedi günläp çatmada ýaşaň+. Ysraýylyň her bir ýaşaýjysy baýramçylyk günleri çatmada ýaşasyn.
43 Şonda geljekki nesilleriňiz+ hem ysraýyllary Müsürden çykaryp, çatmada ýaşadandygymy biler+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».
44 Musa ysraýyllara Ýehowanyň baýramçylyklary hakda habar berdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: küýzäniň dörtden bir bölegi. Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: gowrulan bugdaý.
^ Sözme-söz: ýaşaýan ýeriňizden.
^ Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: janyňyza ezýet berip. Agyz beklemek we özüňi käbir zatlardan kesmek göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Başga manysy: agyz beklemese.
^ Ýa-da: öldürilsin.