Üçünji Musa 24:1—23

  • Mukaddes çadyrdaky şemdan üçin ýag (1—4)

  • Hödür çörekleri (5—9)

  • Hudaýa dil ýetiren adamyň daşlanmagy (10—23)

24  Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi:  «Şemler mydama ýanyp durar ýaly, ysraýyllara şemdan üçin arassa zeýtun ýag getirmegi tabşyr+.  Harun ýygnak çadyrynda*, äht* sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda duran şemleriň Ýehowanyň huzurynda her gün agşamdan irdene çenli ýanyp durmagyna gözegçilik etsin. Muny nesilden⁠-⁠nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.  Harun şemleri elmydama Ýehowanyň huzurynda duran sap altyndan ýasalan şemdana+ düzüp goýsun.  Ýokary hilli undan 12 sany halka görnüşli çörek bişir. Çörekleriň hersini iki jam* undan bişiriň.  Olary Ýehowanyň huzuryndaky sap altyndan ýasalan stoluň üstünde+ alty⁠-⁠altydan iki hatar edip goý+.  Her hataryň üstüne⁠-⁠de arassa ladan* goý. Ol Ýehowa ýakylyp berilýän ýatlama sadakasynyň*+ çöregidir.  Her Sabat güni Ýehowanyň huzuryndaky çörekler täzelensin+. Ysraýyllar bilen baglaşan hemişelik ähtim şeýledir.  Çörekler Harun bilen ogullarynyň paýydyr+. Olar çöregi mukaddes ýerde iýsinler+. Sebäbi Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlardan ruhana düşýän paý örän mukaddesdir. Muny hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň». 10  Halkyň arasynda ejesi ysraýyllardan, kakasy müsürli biri bardy+. Bir gün ol düşelgede ysraýyllaryň biri bilen urşup başlady. 11  Ysraýyllardan bolan aýalyň ogly sögünip, Hudaýyň adyna* gargap başlady+. Şonda oglany Musanyň ýanyna getirdiler+. Onuň ejesi dan taýpasyndan Dibriniň gyzy Şelomitdi. 12  Ýehowanyň hökümi belli bolýança, oglany tussaglykda sakladylar+. 13  Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 14  «Hudaýa dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryň. Gargyşyny eşidenleriň bary onuň kellesine elini goýsun, soňra halk ony daşlap öldürsin+. 15  Ysraýyllara aýt: „Kimde⁠-⁠kim Hudaýa dil ýetirse, günäsi üçin jogap bermeli bolar. 16  Ýehowanyň adyna gargan adam hökman ölüme höküm edilsin+. Halk ony daşlap öldürsin. Gelmişek bolsun, ýerli halkdan bolsun, Hudaýyň adyna dil ýetiren adamy ölüme höküm ediň. 17  Kimde⁠-⁠kim adam öldürse, hökman öldürilsin+. 18  Biriniň malyny urup öldüren adam öwezini dolup, mal deregine mal bersin. 19  Birini ýaralan adamyň özüni⁠-⁠de ýaralaň+. 20  Döwük deregine döwük, göz deregine göz, diş deregine diş bolsun. Ol kime nähili şikes ýetiren bolsa, özüne⁠-⁠de şeýle edilsin+. 21  Bir haýwany öldüren adam ýetiren zyýanynyň öwezini dolsun+. Ýöne kim adam öldürse, onuň özi⁠-⁠de öldürilsin+. 22  Gelmişek üçinem, ýerli halk üçinem bir kanuna eýeriň+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“». 23  Musa Hudaýyň aýdan sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olar hem Hudaýa dil ýetiren adamy düşelgeden çykaryp daşladylar+. Ysraýyllar Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şaýatlyk.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
15, 16-njy aýatlara görä, «Ýehowa» diýen at göz öňünde tutulýar.