Üçünji Musa 7:1—38
7 Ýazyk gurbanlygyny+ şeýdip beriň: ol örän mukaddesdir.
2 Ýazyk gurbanlygyny hem ýakma gurbanlyklary soýulýan ýerde soýup, ganyny+ gurbanlyk ojagynyň* çar tarapyna sepsinler+.
3 Ruhany* malyň ähli ýagyny+: guýruk ýagyny, içýagyny,
4 iki böwregini we olaryň ýagyny alsyn. Bagryň töweregindäki ýagy hem böwregi bilen aýyrsyn+.
5 Ruhany olary gurbanlyk ojagynda Ýehowa ýakyp gurban bersin+. Ýazyk gurbanlygy şeýdip berilmelidir.
6 Ruhanylar ony mukaddes ýerde iýsinler+. Ol örän mukaddes gurbanlykdyr+.
7 Ýazyk gurbanlygyny hem günä gurbanlygy ýaly edip beriň. Malyň etini gurbanlygy hödürleýän ruhana bermelidir+.
8 Ruhany biriniň ýakma gurbanlygyny hödürlände, malyň derisini+ özüne alyp biler.
9 Tamdyrda, gazanda ýa-da saçda*+ bişirilen galla sadakasy ony hödürleýän ruhanynyňky bolsun. Ol ruhanynyň paýydyr+.
10 Emma ýag goşulan+ we goşulmadyk+ galla sadakalary Harunyň ogullaryna deň paýlansyn.
11 Parahatlyk gurbanlygyny+ Ýehowa şeýdip bermelidir:
12 eger adam parahatlyk gurbanlygyny Hudaýa minnetdarlyk hökmünde berjek bolsa+, şükür gurbanlygynyň ýany bilen ýaga ýugrulan halka görnüşli petir*, çelpek*, ýokary hilli undan gowy ýaglanyp bişirilen halka görnüşli çörek getirsin.
13 Ol minnetdarlyk hökmünde berýän parahatlyk gurbanlygy bilen halka görnüşli hamyrmaýaly çörekleri-de getirsin.
14 Çörekleriň hersinden birini Ýehowa mukaddes paý edip aýyrsyn. Olary parahatlyk gurbanlygynyň ganyny sepjek ruhana beriň+.
15 Minnetdarlyk hökmünde berilýän parahatlyk gurbanlygynyň eti hödür edilen güni iýilsin, ertire galmasyn+.
16 Wada berlen+ ýa-da göwnüňden çykarylyp+ berilýän gurbanlyk hem hödürlenen güni iýilsin. Eger galsa, ertesi günem iýse bolýandyr.
17 Ýöne üçünji güne galan gurbanlyk etini ýakyň+.
18 Eger parahatlyk gurbanlygynyň eti üçünji gün iýilse, gurbanlyk berýän adam Hudaýy razy edip bilmez, gurbanlygy kabul bolmaz. Sebäbi ol mukaddes zady äsgermezlik edýändir. Şol etden iýen adam günäsi üçin jogap berer+.
19 Haram hasaplanýan zada degen eti iýmäň, ony ýakyň. Halal etden diňe halal* adam iýip biler.
20 Haram bolan adam Ýehowa hödürlenen parahatlyk gurbanlygyndan iýse, halkyň arasyndan ýok edilsin*+.
21 Kimde-kim haram adama+, haram haýwana+ ýa-da haram hasaplanýan ýigrenji zada+ degip, Ýehowa hödürlenýän parahatlyk gurbanlygyndan iýse, halkyň arasyndan ýok edilsin“».
22 Soňra Ýehowa Musa:
23 «Ysraýyllara şeýle diý: „Öküziň, erkek toklynyň we geçiniň ýagyny iýmäň+.
24 Haram ölen ýa-da ýyrtyjy haýwanyň parçalan malynyň ýagyny islendik zat üçin ulanyp bilersiňiz, ýöne iýmeli dälsiňiz+.
25 Biri Ýehowa ýakyp gurban berýän malynyň ýagyndan iýse, halkyň arasyndan ýok edilsin.
26 Nirede ýaşasaňyzam, guşlaryň-da, başga haýwanlaryň-da ganyny iýmäň+.
27 Gan iýen adam halkyň arasyndan ýok edilsin“»+ diýdi.
28 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi:
29 «Ysraýyllara aýt: „Ýehowa parahatlyk gurbanlygyny berýän adam gurbanlygyň bir bölegini Ýehowa hödür etsin+.
30 Ol malyň ýagyny we döşüni Ýehowa ýakyp gurban bermek üçin öz eli bilen getirip+, Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy+ hökmünde eýläk-beýläk galgatsyn.
31 Ruhany malyň ýagyny gurbanlyk ojagynda ýaksyn+, döşüni bolsa Harun bilen ogullaryna bermelidir+.
32 Parahatlyk gurbanlyklaryň sag buduny ruhana mukaddes paý edip beriň+.
33 Harunyň ogly parahatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlände, malyň sag buduny öz paýy hökmünde alyp biler+.
34 Sebäbi men ysraýyl halkynyň hödürleýän parahatlyk gurbanlyklaryndan göterme sadakasy hökmünde galgadylan döşi we mukaddes paý edip aýrylan budy Harun ruhana we ogullaryna berýärin. Ysraýyllar muny hemişelik kanun hökmünde berjaý etsin+.
35 Şol zatlar Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklardan Harun bilen ogullaryna düşen paýdyr. Şol paý olara Ýehowanyň ruhanysy edip bellenen güni berlipdi+.
36 Ýehowa ruhanylary bellän güni+ ysraýyllaryň gurbanlyklaryndan olara paý bermegi tabşyrypdy. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň“».
37 Ýakma gurbanlygy+, galla sadakasy+, günä gurbanlygy+, ýazyk gurbanlygy+, ruhanylyga bellemek üçin berilýän gurbanlyk+ we parahatlyk gurbanlygy+ hakdaky kanun şeýledir.
38 Ýehowa şu kanuny Musa Sinaý dagynda beripdi+. Şol gün ol Sinaý çölünde ysraýyllara Ýehowa gurbanlyk getirmegi tabşyrypdy+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Gurbanlyk berýän adam.
^ Ýa-da: tabada.
^ Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
^ Ýa-da: ýukajyk çörek; gatlama.
^ Ýa-da: arassa; tämiz.
^ Ýa-da: öldürilsin.