Dördünji Musa 1:1—54

  • Goşun üçin hasaba alnanlar (1—46)

  • Lewiler hasaba alynmaýar (47—51)

  • Çadyrlaryň tertip boýunça gurulmagy (52—54)

1  Ysraýyllar Müsürden çykandan soň, ikinji ýylyň ikinji aýynyň birine+ Ýehowa Sinaý çölünde+, ýygnak çadyrynda*+ Musa şeýle diýdi:  «Ilat ýazuwyny+ geçirip, ysraýyl erkeklerini hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba al.  Harun ikiňiz ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekleri+ topar-topar* edip, hasaba alyň.  Her taýpanyň baştutanyny ýanyňyza alyň+.  Saýlamaly adamlaryňyz şulardyr: ruben taýpasyndan Şeduryň ogly Alysur+,  şimgon taýpasyndan Zuryşadaýyň ogly Şelumyýel+,  ýahuda taýpasyndan Aminadabyň ogly Nahşon+,  ysahar taýpasyndan Zugaryň ogly Netanel+,  zebulun taýpasyndan Helonyň ogly Alyýap+, 10  Ýusubyň ogullaryndan: efraýym taýpasyndan+ Emihutyň ogly Alyşam, manaşa taýpasyndan Pedahsuryň ogly Gamaliýel, 11  benýamin taýpasyndan Gedeýonaýyň ogly Abydan+, 12  dan taýpasyndan Emişadaýyň ogly Ahygezer+, 13  aşer taýpasyndan Okranyň ogly Pagyýel+, 14  gad taýpasyndan Deguweliň ogly Alyýasap+, 15  naftaly taýpasyndan Eýnanyň ogly Ahura+. 16  Olar ysraýylyň her taýpasyndan saýlanyp alynmaly baştutanlar+ we müňbaşylardyr»+. 17  Musa bilen Harun ady agzalan adamlary ýanyna aldylar. 18  Olar ikinji aýyň birine bütin halky ýygnap, 20 ýaşdan ýokary erkekleri+ hojalygy we tiresi boýunça bölüp, ýekeme-ýeke hasaba aldylar. 19  Ähli zady Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. Şeýlelikde, Musa Sinaý çölünde ilat ýazuwyny geçirdi+. 20  Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň+ nesilleri hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 21  ruben taýpasyndan 46 500 adam çykdy. 22  Şimgonyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 23  şimgon taýpasyndan 59 300 adam çykdy. 24  Gadyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 25  gad taýpasyndan 45 650 adam çykdy. 26  Ýahudanyň+ nesilleri hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 27  ýahuda taýpasyndan 74 600 adam çykdy. 28  Ysaharyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 29  ysahar taýpasyndan 54 400 adam çykdy. 30  Zebulunyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 31  zebulun taýpasyndan 57 400 adam çykdy. 32  Ýusubyň Efraýymdan+ dörän nesilleri hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 33  efraýym taýpasyndan 40 500 adam çykdy. 34  Manaşanyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 35   manaşa taýpasyndan 32 200 adam çykdy. 36  Benýaminiň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 37  benýamin taýpasyndan 35 400 adam çykdy. 38  Danyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 39  dan taýpasyndan 62 700 adam çykdy. 40  Aşeriň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 41  aşer taýpasyndan 41 500 adam çykdy. 42  Naftalynyň nesilleri+ hojalygy we tiresi boýunça ýekeme-ýeke hasaba alyndy. Goşunda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler sanalanda, 43  naftaly taýpasyndan 53 400 adam çykdy. 44  Olary Musa, Harun we ysraýylyň 12 taýpasynyň baştutanlary hasaba alypdy. Her baştutan öz taýpasyna ýolbaşçylyk edýärdi. 45  Ysraýyl goşunynda gulluk edip biljek 20 ýaşdan ýokary erkekler tiresi boýunça hasaba alyndy. 46  Olar jemi 603 550 adamdy+. 47  Emma lewiler+ beýleki taýpalar bilen hasaba alynmady+. 48  Ýehowa Musa: 49  «Lewi taýpasyny hasaba alma, olary beýleki ysraýyllara goşma+. 50  Lewileri äht sandygy+ duran mukaddes çadyra* we ähli esbaplara jogapkär edip belle+. Olar mukaddes çadyry we esbaplaryny götersin+, şol ýerde hyzmat etsin+. Çadyrlaryny mukaddes çadyryň daş-töwereginde gurup ýaşasyn+. 51  Mukaddes çadyry göçürmeli bolanda, lewiler söküp düzsün+. Keseki adam* çadyra golaýlaşsa, ölüme höküm edilsin+. 52  Ysraýyl taýpalary üç-üçden bölünip+, her taýpa öz toparyna* berlen ýerde* çadyr gursun. 53  Lewiler çadyrlaryny äht sandygy duran mukaddes çadyryň* daş-töwereginde gursun. Şonda ysraýyl halky Hudaýyň gazabyna sezewar bolmaz+. Lewiler äht sandygy duran mukaddes çadyra jogapkärdir»+ diýdi. 54  Ysraýyllar Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklaryny ýerine ýetirip, ähli zady aýdyşy ýaly etdiler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: goşunlaryna görä.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyryna.
Ýagny lewilerden bolmadyk adam.
Sözme-söz: goşunyna.
Ýa-da: çäginde; düşelgesinde.
Sözme-söz: şaýatlyk çadyrynyň.