Dördünji Musa 19:1—22

  • Mele sygyr we tämizlik suwy (1—22)

19  Soňra Ýehowa Musa bilen Haruna şeýle diýdi:  «Ýehowa şeýle kanun berýär: „Ysraýyllara aýdyň, goý, olar sagdyn, şikessiz+, boýuntyryk salynmadyk mele sygyr getirsinler.  Sygry Algazar ruhana beriň. Ol ony düşelgäniň daşyna çykarsyn. Algazaryň öňünde sygryň damagyny çalsynlar.  Algazar ruhany barmagyny gana batyryp, ýygnak çadyryna* tarap* ýedi gezek sepelesin+.  Sygry Algazaryň öňünde ýaksynlar. Malyň derisi, eti, gany we tezegi-de ýakylmalydyr+.  Soňra ruhany kedr şahasyny, issop otuny*+, gyrmyzy ýüplügi alsyn-da, olary sygyr ýakylan oda atsyn.  Ruhany eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Şondan soň düşelgä girip biler. Ýöne ol agşama çenli haram hasaplanar.  Sygry ýakan adam hem eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Ol agşama çenli haram bolar.  Tämiz adamlaryň biri sygryň külüni+ üýşürsin-de, düşelgäniň daşynda arassa ýerde goýsun. Ysraýyl halky şol küli tämizlik suwy+ üçin saklasyn. Sygyr günä gurbanlygy hökmünde berilýändir. 10  Sygryň külüni aýran adam hem eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram bolar. Şu zatlar ysraýyllar üçin hem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçin hem hemişelik kanun bolar+. 11  Jesede degen adam ýedi günläp haram hasaplanýandyr+. 12  Ol üçünji gün tämizlik suwuna ýuwunsyn, ýedinji gün doly tämizlener. Ýöne üçünji gün ýuwunmasa, ýedinji günde-de haramlygyna galar. 13  Jesede degen adam özüni tämizlemese, Ýehowanyň çadyryny haram edýändir+. Ol ysraýyl halkynyň arasyndan ýok edilsin*+. Üstüne tämizlik suwy+ sepilmändigi üçin, ol haramdyr, haramlygyna-da galar. 14  Bir çadyrda adam ölse, şu kanuna eýeriň: şol çadyra girenler-de, içinde oturanlar-da ýedi günläp haram hasaplanýandyr. 15  Agzy ýüp bilen daňylman, açyk galan gaplar hem haram hasaplanar+. 16  Kimde-kim açyk meýdanda gylyçdan ölen adama, jesede, adam süňküne ýa mazara degse, ýedi günläp haram hasaplanar+. 17  Haram hasaplanýan adamy tämizlemek üçin, bir gaba günä gurbanlygynyň külünden salyp, üstüne çeşme suwuny guýuň. 18  Soňra tämiz adamlaryň biri+ issop otuny+ alyp, suwa batyrsyn-da, çadyra, içindäki gap-gaçlara, adamlara, adam süňküni we öldürilen adamy ellän, jesede ýa-da mazara degen adama sepelesin. 19  Tämiz adam şol suwy haram hasaplanýan adamyň üstüne üçünji we ýedinji gün sepelemelidir. Şeýdip, ýedinji gün ol haram hasaplanýan adamy günäden tämizlär+. Tämizlenýän adam eşiklerini ýuwup, suwa düşsün. Agşamara ol tämiz hasaplanar. 20  Emma haram bolup, özüni tämizlemedik adam halkyň arasyndan ýok edilsin+, sebäbi ol Ýehowanyň mukaddes çadyryny haram edýändir. Üstüne tämizlik suwy sepilmändigi üçin, ol haram hasaplanýandyr. 21  Halk şu kanuna hemişe eýersin: tämizlik suwuny+ sepen adam eşiklerini ýuwsun. Tämizlik suwuna degen islendik adam agşama çenli haram hasaplanýandyr. 22  Haram adamyň ellän zady haram bolýandyr. Şol zada degen adam hem agşama çenli haram hasaplanar“»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýygnak çadyrynyň öňüne tarap.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: öldürilsin.