Dördünji Musa 23:1—30
23 Soňra Bilgam Ballaga: «Şu ýerde ýedi sany gurbanlyk ojagyny* gurup+, maňa ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla» diýdi.
2 Ballak dessine Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdiler+.
3 Bilgam Ballaga: «Sen ýakma gurbanlygynyň ýanynda dur, men gideýin, belki, Ýehowa meniň bilen gepleşer. Ol näme diýse, saňa aýdaryn» diýip, depä çykdy.
4 Şonda Hudaý Bilgam bilen gepleşdi+. Bilgam Hudaýa: «Men ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goç gurbanlyk berdim» diýdi.
5 Ýehowa Bilgamyň aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar-da, şu sözleri aýt» diýdi.
6 Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp durdy.
7 Şonda Bilgam parasatly sözleri aýdyp başlady+:
«Mowap patyşasy Ballak:„Meniň üçin Ýakuby näletle,
Ysraýyla garga“+ diýip, meni Aramdan+,
Gündogar daglardan getirdi.
8 Ýöne Hudaý halkyny näletlemese, men nädip näletläýin?!
Ýehowa gargamasa, men nädip gargaýyn?!+
9 Gaýalaryň depesinden olary görýärin,Baýyrlardan olara syn edýärin.
Başga halklardan aýry+,Öz başyna ýaşaýan halk+.
10 Ýakubyň çäge deý neslini kim sanap biler?+Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler?
Halal adam kimin ölsedim,Ömrümiň soňy şu halkyňky deý bolsady!»
11 Muny eşiden Ballak Bilgama: «Edýäniň näme? Seni duşmanlaryma gargyş oka diýip getirdim, sen bolsa olara ak pata berýäň!»+ diýdi.
12 Bilgam: «Ýehowanyň aýdan sözlerini aýtmaly bolaryn-a!»+ diýdi.
13 Şonda Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Şol ýerden tutuş halky däl-de, bir bölegini görersiň. Gaýrat edip, olara gargyş oka»+ diýdi.
14 Ballak Bilgamy Pisganyň depesindäki+ Sopym baýryna eltdi we ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, hersinde bir öküz bilen goçy gurban berdi+.
15 Soňra Bilgam Ballaga: «Hudaý bilen gepleşip gelýänçäm, ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaş» diýdi.
16 Ýehowa Bilgam bilen gepleşdi. Hudaý oňa aýtmaly zatlaryny öwredip+: «Ballagyň ýanyna bar-da, şu sözleri aýt» diýdi.
17 Bilgam yzyna baranda, Ballak bilen Mowap begleri ýakma gurbanlygynyň ýanynda garaşyp duran eken. Ballak: «Ýehowa näme diýdi?» diýip sorady.
18 Şonda Bilgam şeýle parasatly sözleri aýtdy+:
«Eý Ballak, gulak as!
Sefur ogly, sözümi diňle!
19 Hudaý adam ýaly ýalan sözlemez+,Ynsan ýaly pikirini üýtgetmez*+.
Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi?!
Beren sözünde durmazmy?!+
20 Hudaý meni halkyna ak pata bermäge getirdi,Isleýşi ýaly ak pata hem berdi+, muny üýtgedip bilmerin+.
21 Ol Ýakuby jadyly güýçden gorar,Ysraýylyň heläk bolmagyna ýol bermez.
Ýehowa Hudaý olary goraýar+,Halkyna patyşa bolup, şöhrat gazanýar!
22 Hudaý halkyny Müsürden çykardy+,
Öküziň şahy deý güýji bilen gorady+.
23 Ýakuba hiç hili doga-tumar+,Ysraýyla jadygöýlik täsir etmez+.
Ýakup, Ysraýyl hakda söz açylanda:
„Görsene, Hudaýyň gudratyny!“ diýerler.
24 Ysraýyl halky ýolbars deý aýaga galar,Arslan deý ýerinden turar+.
Awuny ýalmap-ýuwudýança,Oljasynyň ganyndan doýýança ýatmaz».
25 Ballak Bilgama: «Olara gargyş okap bilmeseň, ak pata bir berme!» diýdi.
26 Bilgam bolsa: «Men diňe Ýehowanyň aýdanyny ederin diýdim ahyryn»+ diýdi.
27 Ballak: «Ýör, onda başga ýere gideli. Belki, hak Hudaý halka şol ýerde gargyş okamagyňy makullar»+ diýdi.
28 Ballak Bilgamy alyp, Pegoryň depesine çykdy. Şol ýerden Ýeşimon* görünýärdi+.
29 Bilgam Ballaga: «Ýedi sany gurbanlyk ojagyny gurup, ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarla»+ diýdi.
30 Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her gurbanlyk ojagynda bir öküzi we goçy gurbanlyk berdi.