Dördünji Musa 29:1—40

  • Gurbanlyklar babatda görkezme (1—40)

    • Surnaý çalynýan gün (1—6)

    • Günä geçilýän gün (7—11)

    • Çatma baýramy (12—38)

29  Ýedinji aýyň birine mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmäň+. Şol gün surnaý çaldyryň+.  Bir öküzçäni, bir goçy we ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun.  Öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny getiriň.  Ýedi erkek toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň.  Şeýle-de günäleriňizi ýuwmak üçin, bir owlagy* günä gurbanlygy edip beriň.  Olary Ýehowa ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde ýakyň. Şol gurbanlyklar kanunda tabşyrylan her aýky+ we her günki+ ýakma gurbanlygynyň, olaryň galla we şerap sadakalarynyň+ daşyndan berilsin.  Ýedinji aýyň onuna mukaddes ýygnak geçiriň+, günäleriňize toba ediň*. Hiç hili iş etmäň+.  Bir öküzçäni, bir goçy we ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+.  Öküzçäniň ýany bilen üç jam*, goçuň ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny getiriň. 10  Ýedi toklynyň hersi üçin bolsa bir jam* una ýag garyp getiriň. 11  Günäleriňizi ýuwmak üçin hödürleýän günä gurbanlygyňyzdan+, her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň. 12  Ýedinji aýyň 15-ne mukaddes ýygnak geçiriň. Hiç hili agyr iş etmän, Ýehowanyň şanyna ýedi günläp baýramçylyk belläň+. 13  Şonda 13 öküzçäni, 2 goçy, 14 erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň+. Mallar şikessiz bolsun+. 14  Şol 13 öküzçäniň hersi üçin üç jam*, 2 goçuň hersi üçin iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, galla sadakasyny getiriň. 15  Şeýle-de 14 erkek toklynyň hersi üçin bir jam* una ýag garyp getiriň. 16  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň. 17  Ikinji gün 12 öküzçe, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 18  Öküzçeleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 19  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň. 20  Üçünji gün 11 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 21  Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 22  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň. 23  Dördünji gün 10 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 24  Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 25  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir owlak getiriň. 26  Bäşinji gün 9 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 27  Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 28  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň. 29  Altynjy gün 8 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 30  Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 31  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň. 32  Ýedinji gün 7 öküz, 2 goç, 14 erkek tokly getiriň. Mallar şikessiz bolsun+. 33  Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 34  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň. 35  Sekizinji gün uly baýram ediň. Hiç hili agyr iş etmäň+. 36  Bir öküzi, bir goçy we ýedi sany erkek toklyny Ýehowa ýakymly ysly ýakma gurbanlygy edip beriň. Mallar şikessiz bolsun+. 37  Öküzleriň, goçlaryň, erkek toklularyň hersi üçin kanunda tabşyrylyşy ýaly, galla we şerap sadakalaryny-da beriň. 38  Her günki ýakma gurbanlygyndan, galla we şerap sadakalaryndan+ başga-da günä gurbanlygy üçin bir geçi getiriň. 39  Baýramçylyklarda+ Ýehowa hödürlemeli gurbanlaryňyz şulardan ybaratdyr. Olary wada beren+ we göwnüňizden çykaryp berýän+ ýakma gurbanlygyňyzyň+, galla+ we şerap sadakalaryňyzyň+, parahatlyk gurbanlygyňyzyň+ daşyndan hödürläň“». 40  Musa Ýehowanyň ähli tabşyrygyny ysraýyllara ýetirdi.

Çykgytlar

Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Erkek mal göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: janyňyza ezýet beriň. Agyz beklemek we özüňi käbir zatlardan kesmek göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan üç bölegi. 6,6 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan iki bölegi. 4,4 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: çuwalyň ondan bir bölegi. 2,2 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.