Dördünji Musa 30:1—16

  • Erkek adamyň wadasy (1, 2)

  • Gyzyň we aýalyň wadasy (3—16)

30  Soňra Musa ysraýyl taýpalarynyň baştutanlaryna+ şeýle diýdi: «Ýehowanyň tabşyrygyny diňläň:  eger adam Ýehowa bir zady wada berse+ ýa-da bir zatdan geçmäge ant içse+, sözünden dänmesin+. Näme wada beren bolsa berjaý etsin+.  Eger gyz atasynyň öýünde ýaşaýarka, Ýehowa bir zady wada berse ýa-da bir zatdan geçmäge ant içse,  kakasy gyzynyň beren wadasy ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen anty hakda eşidibem, garşy bolmasa, gyz wadasyny berjaý etmelidir.  Ýöne kakasy gyzynyň beren wadasy ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen anty hakda eşidip, garşy çyksa, onda gyz wadasyndan azatdyr. Kakasynyň rugsat bermändigi üçin, Ýehowa gyzy bagyşlar+.  Eger bir zady wada beren ýa-da oýlanman ant içen gyz durmuşa çyksa,  äri hem muny eşiden güni garşy çykmasa, aýal ähli wadasyny berjaý etsin.  Emma äri aýalynyň wada berendigini ýa-da oýlanman ant içendigini eşidip, garşy çyksa, ol aýalynyň beren wadalaryny ýatyrýandyr+. Şol sebäpli Ýehowa aýaly bagyşlar.  Emma dul galan ýa-da ärinden aýrylyşan aýal ant içse, wadasyny hökman berjaý etsin. 10  Eger aýal äriniň öýünde ýaşaýan wagty bir zady wada berse ýa-da bir zatdan geçmäge ant içse, 11  äri hem muny eşidip, garşy çykmasa we närazylyk bildirmese, aýal ähli wadasyny berjaý etsin. 12  Ýöne äri aýalynyň beren wadasy ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen anty hakda eşidip, çürt-kesik garşy çyksa, onda aýal wadasyndan azatdyr+. Äriniň rugsat bermändigi üçin, Ýehowa aýaly bagyşlar. 13  Är aýalynyň islendik wadasyny ýa-da bir zatdan geçmek üçin içen antyny goldap hem, ýatyryp hem bilýändir. 14  Eger är aýalynyň wada berendigini ýa-da ant içendigini eşidibem, birnäçe günläp hiç zat diýmese, aýalynyň beren wadasyny goldadygy bolýandyr. Sebäbi ol muny eşiden güni garşy çykmady. 15  Ýöne ol muňa birnäçe wagtdan soň garşy çyksa, onda aýalynyň günäsi üçin jogap bermeli bolar+. 16  Ýehowanyň är-aýal we heniz atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen kakasy hakda Musa beren kanunlary şeýledir».

Çykgytlar