Bäşinji Musa 1:1—46

  • Horep dagy (1—8)

  • Baştutanlar we kazylar (9—18)

  • Kadeş⁠-⁠barneýada gulak asmazlyk (19—46)

    • Ysraýyllar ýurda girmekden boýun gaçyrýar (26—33)

    • Kengany basyp almak başartmaýar (41—46)

1  Iordan topragynda, Sufuň garşysyndaky sähralykda, Paranyň, Topeliň, Labanyň, Haserotyň, Dizahabyň golaýynda* Musa ysraýyllara ýüzlendi.  Segir dagyna tarap gideniňde, Horepden Kadeş-barneýa+ çenli 11 günlük ýoldy.  Musa 40-njy ýylyň+, 11-nji aýynyň birine ysraýyllara Ýehowanyň tabşyran zatlaryny aýtdy.  Şondan biraz wagt öň Musa Heşbonda ýaşaýan amor hany Sihony+ we Aştarotda ýaşaýan Başan hany Ogy+ Edreý şäherinde+ ýeňipdi.  Iordanyň gündogaryndaky Mowap topragynda Musa halka Hudaýyň kanunyny+ düşündirip başlady:  «Horepde Ýehowa Hudaýymyz: „Bu daglyga geleniňize köp wagt boldy+.  Indi ýola düşüň-de, amorlaryň+ daglyk ýerlerine we olaryň golaýyndaky Araba+, daglyga, Şepela, Negebe, deňiz ýakasyndaky ýurda+ baryň. Kenganlaryň ýurduna giriň-de, Liwana*+ we beýik Ýewfrat derýasyna+ çenli eýeläň.  Şol ýurdy size bererin. Gidiň-de, Ýehowanyň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga+, Ýakuba+ we olaryň nesline wada beren* ýurdunda ýaşaň“+ diýdi.  Şonda men: „Size ýeke özüm baş bolup bilmerin+. 10  Ýehowa Hudaýyňyz sizi juda köpeltdi, sanyňyz asman ýyldyzlary deý boldy+. 11  Goý, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowa sanyňyzy ýene-de müň esse köpeldip+, wada berişi ýaly ýalkasyn+. 12  Ýöne ýeke özüm size nädip baş bolaýyn, derdiňizi nädip çekişeýin, dawaňyzy nädip çözeýin?+ 13  Her taýpadan paýhasly, düşünjeli we başarjaň* adamlary saýlaň. Olary size ýolbaşçy belläýin“+ diýdim. 14  Siz hem muny makulladyňyz. 15  Şonda men her taýpadan paýhasly, başarjaň* baştutanlary üstüňizden müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy, onbaşy we gözegçi edip goýdum+. 16  Kazylara bolsa tabşyryk berip: „Ysraýyllaryň arasynda bolsun, ysraýyllar bilen gelmişekleriň+ arasynda bolsun, dawany adalatly çözüň+. 17  Höküm çykaranyňyzda, hiç kimi ala tutmaň+. Garybyň arzyny-da baýyň arzyny diňleýşiňiz ýaly diňläň+. Adamdan gorkmaň+, sebäbi siz Hudaýyň wekili hökmünde höküm çykarýaňyz+. Çözüp bilmedik meseläňizi maňa aýdyň, özüm serederin“+ diýdim. 18  Şonda etmeli işleriňiz hakda görkezme beripdim. 19  Şeýlelikde, Horepden gaýdyp, Ýehowa Hudaýymyzyň tabşyryşy ýaly, amorlaryň daglyk ülkesine+ barýan ýoldan, ägirt uly we gorkunç çölüň içi bilen ýöräp+, Kadeş-barneýa+ geldik. Muny özüňiz hem gördüňiz. 20  Şonda men: „Ine, Ýehowa Hudaýymyzyň bize berýän ýurduna, amorlaryň daglyk ülkesine geldiňiz. 21  Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy eliňize berýär. Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň aýdyşy ýaly, gidiň-de, ýurdy basyp alyň+. Hiç zatdan gorkmaň, howsala düşmäň“ diýdim. 22  Ýöne siz ýanyma gelip: „Öňümizden adam ibereli, goý, olar ýurdy we basyp aljak şäherlerimizi gözden geçirsinler+, haýsy ýoldan gitmelidigimizi bilip gelsinler“ diýdiňiz. 23  Menem teklibiňizi halap, her taýpadan bir adamy, jemi 12 adamy saýladym+. 24  Olar daglyga çykyp+, Eşkol jülgesine bardylar-da, ýurdy gözden geçirdiler. 25  Ýurduň ir-iýmişlerini getirip: „Ýehowa Hudaýymyzyň bize berjek ýurdy gowy eken“+ diýdiler. 26  Siz bolsa ol ýere gitmekden boýun gaçyryp, Ýehowa Hudaýyňyzyň buýrugyna garşy çykdyňyz+. 27  Çadyrlaryňyzda hüňürdeşip: „Ýehowa bizi ýigrenýär. Ol bizi amorlaryň eline berip, ýok etmek üçin Müsürden çykarypdyr. 28  Biz ol ýurda nädip gideli? Doganlarymyz: „Ýurduň ýaşaýjylary bizden has güýçli hem daýaw, galalary beýik-beýik, göge ýetip dur*+. Ol ýurtda anaklary+ hem gördük“ diýip, ýüregimize howsala saldy“ diýdiňiz+. 29  Şonda size: „Olardan gorkmaň, howsala düşmäň+. 30  Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp, Müsürdäki ýaly+ siziň üçin söweşer+. 31  Çölde özüňiz hem görensiňiz, Ýehowa Hudaýyňyz ogluny elinde göterýän ata ýaly, sizi ýolboýy elinde göterip geldi“ diýdim. 32  Ýöne şonda-da Ýehowa Hudaýyňyza iman etmediňiz+. 33  Ol bolsa öňüňizden gidip, size düşlemäge ýer gözleýärdi. Gijesine ot sütüni, gündizine bulut sütüni arkaly ýol görkezdi+. 34  Ýehowa ýolboýy aýdan zatlaryňyzy eşidip geldi. Ahyry ol gaharyna ant içip+: 35  „Şu zalym nesliň ýekejesi-de ata-babalaryna wada beren* eşretli ýurdumy görmez+. 36  Ýurda olardan diňe Ýepunnanyň ogly Kalep girer. Kalep ýurdy görer, aýak basan ýurduny oňa we ogullaryna mülk edip bererin, sebäbi ol bütin ýüregi bilen Ýehowa gulak asdy+. 37  (Ýehowa siz sebäpli hatda maňa-da gaharlanyp: „Sen hem ýurda girmersiň+, 38  kömekçiň*+ Nun ogly Ýuşa girer+. Ýuşany ruhlandyr*+, sebäbi şol ýurda ysraýyl halkyny Ýuşa äkider“ diýdi.) 39  Ýesir düşer öýdüp gorkan çagalaryňyzy+, heniz agy-garany* saýgarmaýan ogullaryňyzy şol ýurda eltip, mülk edip bererin+. 40  Siz bolsa Gyzyl deňze barýan ýol bilen yzyňyza çöle gidiň“+ diýdi. 41  Şonda: „Biz Ýehowa garşy günä etdik. Indi Ýehowa Hudaýymyzyň aýdyşy ýaly söweşmäge gideris!“ diýip, hemmäňiz ýaraglandyňyz. Daga çykmak aňsat bolar öýtdüňiz+. 42  Emma Ýehowa maňa: „Olara aýt, söweşe gitmesinler, sebäbi men olary goldamaryn+. Gitseler, duşmanlaryň elinden heläk bolarlar“ diýdi. 43  Size aýtsamam, diňlemediňiz, Ýehowanyň buýrugyna gulak asmadyňyz. Boýnuýogynlyk edip, daga çykjak bolduňyz. 44  Dagda ýaşaýan amorlar bolsa üstüňize ary ýaly çozup, sizi Segirden Horma çenli kowalap, derbi-dagyn etdiler. 45  Soňra yzyňyza gelip, Ýehowa dady-perýat etdiňiz. Emma Ýehowa sizi ne diňledi, ne-de nazar saldy. 46  Şonuň üçin ep-esli wagt Kadeşde ýaşamaly bolduňyz.

Çykgytlar

Sözme-söz: aralygynda.
Liwan daglary göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: ant içen.
Ýa-da: tejribeli.
Ýa-da: tejribeli.
Diňli diwarly şäherler göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: ant içen.
Başga manysy: Hudaý ony berkitdi.
Sözme-söz: öňüňde duran.
Ýa-da: ýagşy-ýamany.