Bäşinji Musa 13:1—18
-
Imandan dänenler bilen gatnaşyk (1—18)
13 Eger araňyzda bir pygamber ýa düýş arkaly gelejegi aýdýan adam peýda bolup, alamat aýtsa ýa-da pygamberlik etse,
2 onuň aýdan alamaty ýa pygamberligi dogry bolup çyksa, soňra ol: „Geliň, başga taňrylara sygynalyň, sežde edeliň“ diýip, sizi nätanyş taňrylara sežde etdirjek bolsa,
3 şol pygambere ýa düýş ýorýan adama gulak asmaň+. Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz siziň Ýehowany bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen söýýändigiňizi+ barlap görýändir+.
4 Diňe Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräň, diňe ondan gorkup, gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý ediň, diňe Hudaýyňyza gulluk ediň, wepaly boluň*+.
5 Şol pygamberi ýa düýş ýorýan adamy öldüriň+, sebäbi ol sizi Müsürden çykaran we gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Ýehowa garşy çykmaga höweslendirdi, Ýehowa Hudaýyňyzyň öwreden ýolundan daşlaşdyrjak boldy. Erbetligi araňyzdan aýryň+.
6 Eger süýtdeş doganyň, ogluň ýa gyzyň, mähriban aýalyň ýa jana-jan dostuň hiç kime bildirtmän: „Ýör, başga taňrylara sežde edeli“+ diýip, seniň-de, ata-babalaryň-da tanamaýan taňrylaryna,
7 golaýda ýa uzakda ýaşaýan başga halklaryň, ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň taňrylaryna sežde etdirjek bolsa,
8 aldanma, gulak asma+. Oňa rehim etme, dözmezçilik edip, etmişini gizleme*.
9 Ol hökman öldürilsin+. Oňa ilki bilen özüň daş zyň, soňra halk daşlasyn+.
10 Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowa Hudaýyňyzdan ýüz öwürmäge höweslendireni üçin, şol adamy daşlap öldüriň+.
11 Ysraýyl halky muny eşidip gorkar, gaýdyp hiç kim şeýle erbetlige baş goşmaz+.
12 Ýehowa Hudaýyňyzyň kömegi bilen köp şäherleri basyp alarsyňyz. Şol şäherleriň birinde:
13 „Geliň, başga taňrylara sežde edeliň“ diýip, halky nätanyş taňrylara sežde etdirjek bolýan bolgusyz adamlaryň dörändigini eşitseňiz,
14 sorap-idäp, anygyna ýetiň+. Dogrudanam, araňyzda şeýle nejislik edilýän bolsa,
15 şol şäheriň ilatyny gylyçdan geçiriň+. Şäheri we içindäki bar zady weýran ediň, mal-garany gyryň+.
16 Ähli oljany şäher meýdançasyna üýşüriň-de, şäheri otlaň. Şol oljalar Ýehowa Hudaýyňyz üçin ýakma gurbanlygy ýaly bolar. Şäher hemişelik haraba öwrülsin, hiç wagt dikeldilmesin.
17 Ýok edilmeli zatlaryň hiç birini almaň+. Şonda Ýehowanyň gahar-gazaby sowlar. Ata-babalaryňyza söz berişi* ýaly, size rehim eder we sanyňyzy artdyrar+.
18 Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryny berjaý edip, Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde dogry işleri ediň+.