Bäşinji Musa 15:1—23

  • Ýedinji ýyl algylary geçmek (1—6)

  • Garyplary goldamak (7—11)

  • Ýedinji ýyl gullary azat etmek (12—18)

    • Guluň gulagyny deşmek (16, 17)

  • Ilkinji doglan mallary Hudaýa bagyş etmek (19—23)

15  Her ýedi ýyldan azatlyk yglan ediň+.  Şol ýyl ähli algylaryňyzy geçiň. Karz beren adam algysyny geçsin. Ol ýakynyndan ýa doganyndan algysyny talap etmesin, sebäbi Ýehowanyň hatyrasyna algylar geçilmelidir*+.  Gelmişeklerden algyňyzy talap edip bilersiňiz+, ýöne doganyňyzdan algyňyzy soramaň.  Ysraýyl doganlaryňyz garyp düşmesin. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurdunda Ýehowa rysgal-döwletiňizi artdyrar+.  Ýöne munuň üçin Ýehowa Hudaýyňyza ýürekden gulak asyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny gyşarnyksyz berjaý etmelisiňiz+.  Şonda Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, üstüňize bereket ýagdyrar. Köp halklara karz berersiňiz, ýöne özüňiz karz soramarsyňyz+. Ençeme halklaryň üstünden agalyk edersiňiz, emma hiç kim siziň üstüňizden agalyk etmez+.  Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda bir doganyňyz garyp düşse, doňýürek bolmaň, zadyňyzy gysganmaň+.  Gaýtam jomart* bolup+, näçe diýse karz beriň.  Ýöne içiňizden: „Ýedinji ýyl, karz geçilýän ýyl golaýlap gelýär“+ diýip pikir etmekden ägä boluň, öz peýdaňyzy gözläp, gysgançlyk etmäň, garyp doganyňyzy boş goýbermäň. Eger ol sizden nägile bolup, Ýehowa perýat etse, günä galarsyňyz+. 10  Zadyňyzy göwünli-göwünsiz däl-de, jomartlyk bilen beriň+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňizi ugruna edip, bereket berer+. 11  Ýurtda garyplar hemişe-de bolar+. Şol sebäpli size: „Mätäç we garyp doganyňyza jomart* boluň“+ diýip tabşyrýaryn. 12  Ýewreý doganlaryňyzdan biri özüni size gul ýa gyrnak edip satsa*, alty ýyl hyzmat etsin, ýedinji ýyl azatlyga çykaryň+. 13  Azatlyga çykaranyňyzda, elini boş goýbermäň. 14  Mal-garaňyzdan, gallaňyzdan, ýagyňyzdan we şerabyňyzdan jomartlyk bilen beriň. Ýehowa Hudaýyňyz size bol bereket berýär, şonuň üçin siz hem jomartlyk bilen beriň. 15  Müsürde gul bolup ýaşanyňyzy we Ýehowa Hudaýyňyzyň azat edenini unutmaň. Ine, şonuň üçinem size şeýle tabşyryk berýärin. 16  Emma gul size öwrenişip, maşgalaňyzy gowy görüp: „Sizde galasym gelýär“+ diýse, 17  bir temen alyň-da, gulagyny gapa diräp deşiň. Şonda ol bütin ömrüne guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň. 18  Ýöne guluňyzy azatlyga çykarmagy ýa-da goýbermegi kyn görmäň*, sebäbi ol alty ýyl hyzmat edip, hakyna tutma işçiden iki esse köp zähmet çekdi. Şonda Ýehowa Hudaýyňyz ähli zadyňyza bereket beripdi. 19  Süriňizdäki ilkinji doglan erkek mallary Ýehowa Hudaýyňyza bagyş ediň+. Ilkinji doglan göläni iş üçin ulanmaň, ilkinji doglan owlak-guzularyň ýüňüni gyrkmaň. 20  Olary her ýyl maşgalaňyz bilen Ýehowanyň saýlan ýerinde, Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda iýiň+. 21  Emma agsak, kör ýa başga bir şikesli maly Ýehowa Hudaýyňyza gurban bermäň+. 22  Şol maly şäheriňizde iýip bilersiňiz. Keýigiň ýa-da maralyň etini iýşiňiz ýaly, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler+. 23  Ýöne ganyny iýmäň+, ony edil suw ýaly ýere döküň+.

Çykgytlar

Ýa-da: algylaryň geçilmelidigi yglan edilmelidir.
Ýa-da: eli açyk.
Ýa-da: eli açyk.
Ýa-da: birini size gul ýa gyrnak edip satsalar.
Ýa-da: ýokuş görmäň; gynanmaň.