Bäşinji Musa 21:1—23

  • Näbelli ganhor (1—9)

  • Ýesir alnan gyza öýlenmek (10—14)

  • Nowbaharlyk haky (15—17)

  • Kesir ogul (18—21)

  • Pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenji (22, 23)

21  Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda ýaşaýarkaňyz, bir çola ýerde* jeset tapsaňyz, ýöne kimiň öldürenini bilmeseňiz,  ýaşulular bilen kazylar+ jeset tapylan ýerden golaýdaky şäherlere çenli aralygy ölçesinler.  Soňra şol ýeriň iň golaýyndaky şäheriň ýaşululary heniz azala goşulmadyk we boýuntyryk salynmadyk göle* getirsinler.  Olar göläni akar suwly, sürülmedik we ekin ekilmedik jülgä eltip, boýnuny omursynlar*+.  Lewi ruhanylary hem gelsin, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz olary huzurynda hyzmat edip+, Ýehowanyň adyndan halka ak pata bermekleri üçin saýlady+. Olar zorluk-sütem bilen bagly meseläni çözüp bererler+.  Soňra jeset tapylan ýeriň golaýyndaky şäheriň ýaşululary jülgede boýny omrulan göläniň üstünde ellerini ýuwup+,  şeýle diýsinler: „Bu adam biziň elimizden ölmedi, kimiň öldürenini-de görmedik.  Eý Ýehowa, azat eden halkyňy+ günäli hasaplama, ysraýyl halkyňy bigünä gan dökmekde aýyplama“+. Şonda halk dökülen gan üçin günäkärlenmez.  Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etseňiz, bigünä adamyň ganyndan azat bolarsyňyz. 10  Söweşde Ýehowa Hudaýyňyzyň kömegi bilen duşmany ýeňip, ýesir alsaňyz+, 11  ýesirleriň arasyndan bir owadan gyzy halap, öýlenjek bolsaňyz, 12  gyzy öýüňize getirip bilersiňiz. Ol saçyny syryp, dyrnagyny alsyn, 13  öýünden geýip gaýdan* eşigini çalşyp, sizde ýaşasyn. Ol bir aýlap ene-atasynyň ýasyny tutsun+. Soňra gyza ýanaşyp*, är-aýal bolup bilersiňiz. 14  Emma soňabaka ony halaman başlasaňyz, islän ýerine goýberiň+. Ýöne ol aýaly satmaň ýa-da ýowuz daraşmaň, sebäbi namysyna degdiňiz. 15  Eger adam iki aýal alsa, birini söýüp, beýlekisini känbir halamasa, aýallaryň ikisi-de ogul dogursa, nowbahar ogly halamaýan aýalyndan bolan bolsa+, 16  ol mirasyny bölende, halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbaharlyk hakyny söýýän aýalynyň ogluna bermesin. 17  Halamaýan aýalyndan bolan oglunyň nowbahardygyny boýun alyp, mal-mülkünden iki esse paý bersin, sebäbi şol ogly ýigitlik çagynyň miwesidir. Nowbaharlyk haky onuňkydyr+. 18  Eger biriniň kesir, özdiýenli, ene-ata gulak asmaýan ogly bar bolsa+, näçe düzetjek bolsalar-da, asla diňlemese+, 19  ene-atasy ogluny şäher derwezesinde oturýan ýaşulularyň ýanyna eltsin. 20  Olar şäher ýaşulularyna: „Oglumyz kesir, özdiýenli, diýenimizi edenok. Onsoňam, açgöz+ hem içegen“+ diýsinler. 21  Soňra şäheriň ilaty oglany daşlap öldürsin. Erbetligi araňyzdan aýryň, tutuş ysraýyl halky muny eşidip gorkar+. 22  Eger biri ölüme mynasyp günä etse, ony öldürip+, pürsden assaňyz+, 23  jesedini gijesi bilen pürsde goýmaň+, şol günüň özünde jaýlaň, sebäbi pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenjidir*+. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny haram etmäň+.

Çykgytlar

Ýa-da: açyk meýdanda.
Urkaçy mal göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: döwsünler.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: ýesirlik.
Ýa-da: adamy Hudaý näletländir.