Bäşinji Musa 22:1—30

  • Biriniň malyna biparh bolmazlyk (1—4)

  • Aýal erkegiň, erkek aýalyň eşigini geýmeli däl (5)

  • Haýwanlara rehim etmek (6, 7)

  • Üçegiň germewi (8)

  • Aýry bolmaly zatlar (9—11)

  • Ýapynjanyň gotazlary (12)

  • Bikanun jynsy gatnaşyk (13—30)

22  Biriniň öküzi ýa goýny azaşan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň+, hökman eýesine eltip beriň.  Eger eýesi uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da tanamaýan bolsaňyz, maly öýüňizde saklaň. Eýesi gözläp gelende berersiňiz+.  Biriniň ýiten eşegini, geýimini ýa başga zadyny tapsaňyz, eýesine eltip beriň, biparh bolmaň.  Biriniň eşegi ýa öküzi ýolda ýykylyp ýatan bolsa, görmediksirän bolup geçmäň. Ildeşiňize malyny galdyrmaga kömekleşiň+.  Aýal erkegiň eşigini, erkek aýalyň eşigini geýmesin. Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz şeýle adamy ýigrenýändir.  Ýolda barýarkaňyz, agaçda ýa ýerde guşuň höwürtgesini görseňiz, ene guş jüýjelerini ýa ýumurtgalaryny basyryp ýatan bolsa, jüýjeleri enesi bilen alyp gitmäň+.  Jüýjeleri alsaňyz-da, enesini goýberiň. Şeýtseňiz, gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz.  Jaý salanyňyzda, üçege+ germew aýlaň. Ýogsam biri üçekden gaçsa, öý-içeriňiz adamyň ganyna galar.  Üzümlige başga* tohum sepmäň+. Ýogsam şol ekiniňizi-de, üzüm hasylyňyzy-da mukaddes çadyra getirmeli bolarsyňyz. 10  Öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salmaň+. 11  Ýüň bilen zygyr goşulyp dokalan eşik geýmäň+. 12  Ýapynjaňyzyň dört burçuna gotaz tikiň+. 13  Eger biri öýlenip, gelnine ýanaşsa*, soňam ony halamasa, 14  gyzy ahlaksyzlykda aýyplap: „Öýlenen gyzymyň ýanyna girdim welin, ol gyz däl eken“ diýip töhmet atsa, 15  gyzyň ene-atasy onuň gyzlygyny şäher derwezesindäki ýaşululara görkezsin. 16  Gyzyň kakasy ýaşululara: „Gyzymy şu adama durmuşa çykardym, ýöne ol gyzymy halaman, 17  ahlaksyzlykda aýyplap: „Ol gyz däl eken“ diýýär. Ine onuň gyzlygy“ diýip, gyzynyň gyzlygyny görkezýän matany ýaşulularyň öňünde goýsun. 18  Şäher ýaşululary+ öýlenen adama temmi bersinler+. 19  Ol ysraýyl gyzyny abraýdan gaçyrdy, şonuň üçin ýaşulular oňa 100 şekel* kümüş jerime salyp, puly gyzyň kakasyna bersinler+. Gyz onuň aýaly bolup galsyn, ol adam ömrüniň ahyryna çenli aýaly bilen aýrylyşmasyn. 20  Ýöne ol, hakykatdan-da, gyz däl bolsa, 21  gyzy atasy öýüniň gapysyna getirsinler, şäheriň ilaty ony daşlap öldürsin. Sebäbi ol durmuşa çykmanka*, ahlaksyzlyk edip+, Ysraýylda biabraýçylyk etdi+. Erbetligi araňyzdan aýryň+. 22  Eger biri başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutulsa*, olaryň ikisini-de: erkegi-de, aýaly-da öldüriň+. Ysraýyldan erbetligi aýryň. 23  Eger bir adam şäherde başga biriniň adaglysyny görüp, onuň bilen ýatsa, 24  ikisini-de şäher derwezesine getirip, daşlap öldüriň. Gyz şäherde bolsa-da, kömek sorap gygyrmady, ol adam bolsa başga biriniň aýalynyň namysyna degdi, şonuň üçin olary öldüriň+. Şeýdip, erbetligi araňyzdan aýryň. 25  Emma bir adam başga biriniň adaglysyny çola ýerde* tutup zorlasa, gyzyň namysyna degen adamy öldüriň. 26  Gyza degmäň, ölüme höküm etmäň, sebäbi ol günä etmedi. Zorlanan gyzyň ýagdaýy ganhoryň elinden ölen adamyň ýagdaýy ýalydyr+. 27  Ol adam adaglanan gyzy çola ýerde zorlady, gyz gygyrsa-da, dadyna ýetişjek ýokdy. 28  Eger biri adaglanmadyk gyzy tutup*, namysyna degse, munuň hem üsti açylsa+, 29  ol gyzyň kakasyna 50 şekel kümüş berip, gyza öýlensin+. Ol gyzyň namysyna degdi, şonuň üçin ömrüniň ahyryna çenli onuň bilen aýrylyşmasyn. 30  Hiç kim kakasynyň aýalyny almasyn, ýogsam kakasynyň namysyny depelär+.

Çykgytlar

Ýa-da: iki dürli.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: atasy öýünde.
Ýa-da: ýatandygy mälim bolsa.
Ýa-da: açyk meýdanda.
Ýa-da: başyny-gözüni aýlap.