Bäşinji Musa 30:1—20
30 Şu aýdan zatlarym berjaý bolanda, Ýehowa Hudaý sizi halklaryň arasyna+ dargadanda, alkyş* we gargyş+ baradaky sözlerimi ýatlarsyňyz+.
2 Şonda özüňiz hem, ogullaryňyz hem bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+ bilen Ýehowa Hudaýyňyza dolanyp+, men arkaly beren tabşyryklaryna gulak assaňyz,
3 Ýehowa Hudaýyňyz rehim edip+, ýesirleri yzyna getirer+. Ýehowa Hudaýyňyz sizi dargadan halklarynyň arasyndan ýygnar+.
4 Ýeriň aňry ujuna çenli dargan bolsaňyz-da, Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýygnap, yzyňyza getirer+.
5 Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyzyň miras alan ýurduna getirer, ýurda eýe çykarsyňyz. Ol eşretli durmuş berip, sanyňyzy ata-babalaryňyzdan hem köpelder+.
6 Ýehowa Hudaýyňyz siziň we nesilleriňiziň ýüregini arassalar*+. Şonda Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen söýüp, uzak ýaşarsyňyz+.
7 Gargyşlary bolsa Ýehowa Hudaýyňyz sizi ýigrenýän we yzarlaýan duşmanlaryň başyndan inderer+.
8 Siz Ýehowa dolanyp, gulak asarsyňyz, men arkaly beren tabşyryklaryny berjaý edersiňiz.
9 Ýehowa Hudaýyňyz ähli işiňize bol bereket berip+, ogul-gyzyňyzy, mal-garaňyzy köpelder, topragyňyzy hasylly eder. Ýehowa ata-babalaryňyzy ýalkanda nähili begenen bolsa, sizi gowy ýaşadanda hem şeýle begener+.
10 Sebäbi siz Ýehowa Hudaýyňyza gulak asarsyňyz, Kanun kitabynda ýazylan tabşyryklary, kanunlary berjaý edip, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen Ýehowa Hudaýyňyza dolanarsyňyz+.
11 Size berýän tabşyrygym kyn ýa-da elýetmez* däldir+.
12 „Kanuny öwrenip, berjaý ederis, ýöne kim göge çykyp, getirip berer?“+ diýer ýaly, kanun gökde däl.
13 Ýa-da: „Kanuny öwrenip, berjaý ederis, ýöne kim deňizden geçip, getirip berer?“ diýer ýaly, deňziň aňyrsynda däl.
14 Kanuny berjaý etmek aňsat bolar ýaly+, ol siziň ýanyňyzda, diliňizde we ýüregiňizde+.
15 Ynha, öňüňizde iki ýol bar: biri ýaşaýşa we ýagşylyga, beýlekisi ölüme we ýamanlyga eltýär+.
16 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryna gulak asyp, Ýehowa Hudaýyňyzy söýseňiz+, ýolundan ýöräp, tabşyryklaryny, kanunlaryny we hökümlerini berjaý etseňiz, uzak ömür sürersiňiz+, has-da köpelersiňiz. Miras aljak ýurduňyzda Ýehowa Hudaýyňyz üstüňize bereket ýagdyrar+.
17 Emma Hudaýdan daşlaşyp*+, gulak asmasaňyz, özüňizi oýnadyp, başga taňrylara tagzym etseňiz, sežde etseňiz+,
18 bilip goýuň, baryňyz heläk bolarsyňyz+. Iordandan geçip, miras aljak ýurduňyzda uzak ýaşamarsyňyz.
19 Ine, ýer-gök şaýatdyr: öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş* we gargyş goýýaryn+. Ýaşaýşy saýlaň, şonda özüňiz-de, nesilleriňiz-de+ uzak ömür sürer+.
20 Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, gulak asyp, wepaly boluň+, sebäbi ýaşaýşyňyz Hudaýa baglydyr. Ýehowa ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurdunda sizi uzak ýaşadar»+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: bereket.
^ Sözme-söz: sünnetlär.
^ Sözme-söz: uzakda.
^ Ýa-da: ýüregiňiz daşlaşyp.
^ Ýa-da: bereket.
^ Ýa-da: ant içen.