Bäşinji Musa 8:1—20
8 Berýän tabşyryklarymy birkemsiz berjaý ediň. Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* ýurduny+ miras alyp, has-da köpelip, uzak ýaşarsyňyz+.
2 Ýehowa Hudaýyňyzyň 40 ýyllap çölüň içinden ýöreden uzak ýoluny unutmaň+. Ol şeýdip size pesgöwünli bolmagy öwretjek boldy, ýüregiňizi barlap gördi+, tabşyryklaryny berjaý edýäniňizi-etmeýäniňizi biljek boldy.
3 Ol size pesgöwünli bolmagy öwretdi. Hudaý siziň açlyk çekmegiňize ýol berip+, adamyň diňe çörek bilen däl, eýsem Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandygyny+ düşündirdi. Sizi özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da ömründe görmedik mannasy+ bilen ekledi.
4 Geçen 40 ýylyň içinde egniňizdäki eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyz gabarmady+.
5 Özüňiz gowy bilýäňiz, atanyň ogluny terbiýeleýşi ýaly, Ýehowa Hudaýyňyz hem sizi terbiýeledi+.
6 Ýehowa Hudaýyňyzyň ýolundan ýöräp, ondan gorkup, tabşyryklaryny berjaý ediň.
7 Ýehowa Hudaýyňyz sizi gowy ýurda+, akar suwly, jülgeleri we daglary çeşme-çaýly,
8 arpa-bugdaýa, üzüme, injire, nara+, bala we zeýtun ýagyna baý+,
9 iýmiti bol, daşlaryndan demir, daglaryndan mis alyp bolýan ýurda elter, kem zadyňyz bolmaz.
10 Bolelin durmuşda ýaşap başlanyňyzda*, şeýle gowy ýurda eltendigi üçin, Ýehowa Hudaýyňyza alkyş aýdyň+.
11 Seresap boluň, Ýehowa Hudaýyňyzy unudyp, men arkaly berýän tabşyryklaryny, hökümlerini, kada-kanunlaryny bozaýmaň.
12 Bolelin durmuşa ýeteniňizde*, owadan jaýlar gurup, ýaşap başlanyňyzda+,
13 mal-garaňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, rysgal-döwletiňiz artanda,
14 gopbamsylyk edip+, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Hudaýyňyz Ýehowany unutmaň+.
15 Hudaý sizi zäherli ýylanly, içýanly, ägirt uly, gorkunç we gurak çölüň içi bilen ýöretdi+, kert gaýadan suw çykardy+.
16 Çölde sizi hatda ata-babalaryňyzyň hem ömründe görmedik mannasy bilen ekledi+. Hudaý şeýdip size pesgöwünli bolmagy öwretdi+, gelejekde gowy ýaşamagyňyz üçin ýüregiňizi barlady+.
17 Ýöne içiňizden: „Ähli baýlygymy öz güýjüm, öz zähmetim bilen gazandym“+ diýseňiz,
18 ýatdan çykarmaň, baýlygy gazanmaga güýç berýän Hudaýyňyz Ýehowadyr+. Ol ata-babalaryňyz bilen baglaşan* ähtini berjaý etmek üçin, şu çaka çenli size ýagşylyk edip gelýär+.
19 Eger Ýehowa Hudaýyňyzy unudyp, başga taňrylara sygynsaňyz*, olara tagzym edip, sežde etseňiz, bilip goýuň*, hökman heläk bolarsyňyz+.
20 Ýehowa beýleki halklary ýok edişi ýaly, sizi-de ýok eder, sebäbi siz Ýehowa Hudaýyňyza gulak asmadyňyz+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ant içen.
^ Ýa-da: Iýip doýanyňyzda.
^ Ýa-da: Iýip doýanyňyzda.
^ Ýa-da: ant içip baglaşan.
^ Ýa-da: yzyna eýerseňiz.
^ Sözme-söz: bu gün size garşy şaýatlyk edýärin.