Bäşinji Musa 9:1—29

  • Ýurduň ysraýyllara berilmegi (1—6)

  • Halkyň dört gezek Ýehowany gaharlandyrmagy (7—29)

    • Altyn göle (7—14)

    • Musa halk üçin ýalbarýar (15—21, 25—29)

    • Halk Hudaýy ýene üç gezek gaharlandyrýar (22)

9  Eý ysraýyllar, diňläň! Indi Iordandan geçip+, sizden has beýik hem güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. Olaryň beýik-beýik, depesi göge ýetýän galalary* bardyr+.  Bilýänsiňiz, olaryň ilaty anaklardan dörän uzyn hem äpet adamlar+. Il arasynda-da: „Anaklara garşy çykmaga kimiň gaýraty çatar?“ diýilýär.  Ýöne ýadyňyzda bolsun, Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp gider+. Ol ýakyp ýandyrýan otdur+, halklary kül edip taşlar. Hudaý olary size boýun egdirer. Ýehowanyň söz berişi ýaly, ýurdy gysga wagtyň içinde eýeläp, halklary derbi-dagyn edersiňiz+.  Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary ýurtdan kowup çykaranda, içiňizden: „Ýehowa bizi gowy* adam bolanymyz üçin şu ýurda getirdi“ diýmäň+. Aslynda, Ýehowa şol halklary erbet işleri+ üçin ýurdundan kowýar.  Siz olaryň ýurduny gowy ýa akýürekli adam bolanyňyz üçin miras alaňyzok. Ýehowa Hudaýyňyz şol halklary erbet işleri üçin ýurtdan kowýar+. Şeýtmek bilen, Ýehowa ata-babalaryňyz Ybraýyma+, Yshaga+ we Ýakuba+ beren wadasyny* berjaý edýär.  Şuny berk belläň: Ýehowa Hudaý eşretli ýurdy size gowy adam bolanyňyz üçin berenok. Aslynda, siz boýnuýogyn halk+.  Çölde Ýehowa Hudaýyňyzyň gaharyny getireniňizi+ ýatdan çykarmaň, hiç haçan unutmaň. Müsürden çykan günüňizden bäri Ýehowa garşy gozgalaň turzup gelýäňiz+.  Horepde-de Ýehowanyň gaharyny getirdiňiz. Şonda Ýehowanyň size şeýle bir gahary geldi welin, baryňyzy ýok etjek boldy+.  Ýehowa siz bilen äht baglaşypdy+. Men äht daşlaryny almak üçin daga çykyp+, 40 gije-gündizläp+ iýmän-içmän, dagda boldum. 10  Ýehowa şol iki daşa tabşyryklaryny öz eli* bilen ýazdy. Dagyň eteginde ýygnanan halka Ýehowanyň ot içinden aýdan sözleri şol daşlara ýazylypdy+. 11  Şeýdip, 40 günden soň Ýehowa maňa iki äht daşyny berdi. 12  Ýehowa maňa: „Bar, häziriň özünde aşak düş. Müsürden çykaran halkyň azgynlyga ýüz urdy+. Olar meniň öwreden ýolumdan çalt çykdylar, özlerine but* ýasadylar“+ diýdi. 13  Soňra Ýehowa: „Görýärin welin, halk boýnuýogyn+. 14  Gowusy, olary ýer ýüzünden bütinleý ýok edeýin-de, senden has güýçli hem uly halk döredeýin“+ diýdi. 15  Men iki äht daşy elime alyp+, ýanyp duran dagdan aşak düşdüm+. 16  Görsem, siz Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä edip, göläniň butuny ýasapsyňyz! Hawa, siz Ýehowanyň öwreden ýolundan çalt çykdyňyz+. 17  Şonda elimdäki iki daşy ýere zyňyp, gözüňiziň alnynda çym-pytrak etdim+. 18  Soňra ýene-de öňkim ýaly 40 gije-gündizläp iýmän-içmän+, Ýehowanyň huzurynda ýüzümi ýere berip ýatdym. Sebäbi siz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, göwnüne degdiňiz. 19  Men gaty gorkdum, Ýehowa size gaharlanyp+, baryňyzy ýok etjek boldy. Ýöne şol gezek hem Ýehowa dilegimi eşitdi+. 20  Ýehowanyň Haruna-da gahary gelip, ýok etjek boldy+. Şonda Hudaýa Harun üçin hem ýalbardym. 21  Siziň günä edip ýasan göläňizi+ bolsa ýakyp, kül-owram etdim-de, külüni dagdan akýan çeşmä sepdim+. 22  Siz Taberada+, Messada+ we Kibrot-hatawada+ hem Ýehowanyň gaharyny getirdiňiz. 23  Ýehowa sizi Kadeş-barneýadan+ ýola salyp: „Gidiň-de, mülk edip berjek ýurdumy eýeläň!“ diýende, Ýehowa Hudaýyňyzyň buýrugyna ýene garşy çykdyňyz+, iman etmediňiz+, gulak asmadyňyz. 24  Sizi tanan günümden bäri Ýehowa garşy çykyp gelýäňiz. 25  Men 40 gije-gündizläp+ Ýehowanyň huzurynda ýüzümi ýere berip ýatdym. Ýehowa sizi ýok etjek diýeni üçin şeýtdim. 26  Men Ýehowa ýalbaryp: „Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa, haýyş edýärin, halkyňy ýok etme. Olar seniň öz mirasyň+, olary beýik gudratyň, güýçli goluň bilen Müsürden çykardyň+. 27  Guluň Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby ýada sal+. Halkyň boýnuýogynlygyna, erbet işlerine, günälerine üns berme+. 28  Ýogsam bizi alyp gaýdan ýurduň ilaty: „Ýehowa olary wada beren ýurduna eltip bilmändir. Ol bu halky ýigrenýän eken, şonuň üçin çöle äkidip gyrypdyr“+ diýerler. 29  Olar seniň öz halkyň, güýç-kuwwatly goluň bilen Müsürden alyp çykan+ mirasyň“+ diýdim.

Çykgytlar

Diňli diwarly şäherler göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: halal; dogruçyl.
Ýa-da: içen antyny.
Sözme-söz: barmagy.
Ýa-da: guýma but.