Danyýar 1:1—21

  • Wawilonlylar Iýerusalimi gabaýar (1, 2)

  • Patyşanyň neslinden bolan ýigitlere bilim berilýär (3—5)

  • Dört ýewreý ýigidiň wepalylygy synalýar (6—21)

1  Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymyň+ patyşalygynyň üçünji ýylynda Wawilonyň patyşasy Nawuhodonosor Iýerusalime gelip, daşyny gabady+.  Ýehowa Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy we hak Hudaýyň ybadathanasynyň käbir gap⁠-⁠gaçlaryny Nawuhodonosor patyşanyň eline berdi+. Ol gap⁠-⁠gaçlary Şyngar*+ ýurduna, öz taňrysynyň öýüne eltip, hazynasynda goýdy+.  Nawuhodonosor baş wezir Aşpenaza Ysraýyl patyşasynyň we han⁠-⁠begleriniň neslinden bolan ýigitleri getirmegi buýurdy+.  Ýigitler* sagdyn*, görmegeý, akylly⁠-⁠başly, zehinli, düşünjeli+ we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge ukyply bolmalydy. Aşpenaz olara haldeýleriň ýazuwyny we dilini öwretmelidi.  Patyşa günde olara öz saçagyndan nahar we şerap bermegi buýurdy. Ýigitlere üç ýyl bilim berilmelidi*. Üç ýyldan soň, olar patyşanyň huzurynda hyzmat etmelidiler.  Olaryň arasynda ýahuda taýpasyndan Danyýar*+, Hananýa*, Mişaýyl* we Azarýa*+ bardy.  Baş wezir olara täze at* dakdy. Danyýara Belteşazar+, Hananýa Sedrah, Mişaýyla Meşah, Azarýa Abdynag+ adyny goýdy.  Danyýar özüni haram etmek islemedi, şonuň üçin patyşanyň saçagyndan nahar iýmezligi we şerap içmezligi ýüregine düwdi. Ol baş wezirden nahar we şerap bermezligi haýyş etdi.  Hak Alla baş weziriň ýüregini ýumşatdy. Baş weziriň Danyýara rehimi inip, ýagşylyk etdi+. 10  Baş wezir Danyýara: «Men patyşadan gorkýaryn. Ol size nahardan we şerapdan paý berdi ahyryn. Eger patyşa sizi deň⁠-⁠duşlaryňyzdan ejiz görse, maňa näme boljagyny bilýärmiň? Siz sebäpli patyşahym meniň başymy alar» diýdi. 11  Şondan soň Danyýar Hananýanyň, Mişaýylyň, Azarýanyň we özüniň üstünden baş weziriň bellän gözegçisiniň ýanyna baryp, şeýle diýdi: 12  «Haýyş edýärin, gullaryňyzy on gün synap görüň. Bize iýere gök önümler, içere suw beriň. 13  Soňra bizi patyşanyň saçagyndan naharlanýan ýigitler bilen deňeşdirip görüň. Eger göwnüňize ýaramasak, bize islän zadyňyzy ediň». 14  Gözegçi ýigitleriň teklibi bilen razylaşdy we olary on gün synap gördi. 15  On günden dört ýigit patyşanyň saçagyndan naharlanýan ýigitlerden has görmegeý we sagdyn göründi. 16  Şeýlelikde, gözegçi olara patyşanyň saçagyndaky nahara we şeraba derek gök önümleri berdi. 17  Hak Hudaý dört ýigide golýazmalara düşüner ýaly akyldarlyk, bilim we parasatlylyk berdi. Danyýara bolsa görnüşleri* we düýşleri ýormaga ukyp berildi+. 18  Patyşanyň bellän möhleti gelip ýetende+, baş wezir ýigitleri Nawuhodonosoryň huzuryna getirdi. 19  Patyşa ýigitler bilen gepleşip gördi. Olaryň arasyndan Danyýara, Hananýa, Mişaýyla we Azarýa+ taý geljek tapylmady. Şonuň üçin olary patyşa hyzmat etmäge bellediler. 20  Patyşa olardan akyldarlygy we düşünjäni talap edýän meseleler hakda sorady. Olaryň patyşalygyndaky ähli jadygöýlerden* we palçylardan*+ on esse artyk gelýändigini gördi. 21  Danyýar Kir patyşanyň+ hökümdarlygynyň birinji ýylyna çenli köşkde hyzmat etdi.

Çykgytlar

Ýagny Wawiloniýa.
Sözme⁠-⁠söz: Çagalar.
Sözme⁠-⁠söz: şikessiz.
Başga manysy: Ýigitleriň üç ýyl aladasy edilmelidi.
Manysy: Ýehowa ýagşylyk edýär.
Manysy: Ýehowa kömek edýär.
«Hudaýa taý geljek barmy?» diýmegi aňladýan bolmaly.
Manysy: Hudaý meniň Kazym.
Ýagny wawilonlylaryň atlary.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: jadygöýlik bilen meşgullanýan ruhanylardan.
Ýa⁠-⁠da: tersokanlardan.