Danyýar 10:1—21
10 Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda Belteşazar ady dakylan Danyýar+ görnüş* gördi. Ol beýik uruş baradaky çyn habardy. Danyýara habary düşündirenlerinde, ol manysyna düşündi.
2 Şol günler men, Danyýar üç hepde ýas tutdum+.
3 Tagamly nahar iýmedim, agzyma ne et, ne-de şerap aldym. Üç hepdeläp bedenime ýag çalmadym.
4 Birinji aýyň 24-ne men beýik Tigr*+ derýasynyň kenarynda durdym.
5 Başymy galdyryp seredenimde, zygyr* köýnekli+, bili Upaz altyn guşakly birini gördüm.
6 Bedeni zeberjet* daşy+ ýaly ýalpyldaýardy, ýüzi ýyldyrym kimin ýagty saçýardy, gözleri alaw ýaly ýanyp durdy, elleri we aýaklary mis ýaly öwşün atýardy+, sesi uly märekäniň galmagaly ýalydy.
7 Görnüşi diňe men, Danyýar gördüm, ýanymdakylar ony görmediler+. Olaryň ýüregine gorky aralaşdy, olar gaçdylar we gizlendiler.
8 Men ýeke galdym. Täsin görnüşi görüp, ysgyndan gaçdym, ýüzüm ak tam ýaly boldy, güýç-kuwwatym galmady+.
9 Soňra onuň sesini eşitdim. Ol gepläp başlanynda, men ýere ýüzin düşüp, uklap galypdyryn+.
10 Şonda biri eli bilen meni yralady+. Men ellerime daýanyp, dyzymyň üstüne galdym.
11 Ol maňa diýdi:
«Danyýar, Hudaý seni gowy görýär*+, sözlerimi ünsli diňle. Ýeriňden tur, Hudaý meni ýanyňa ugratdy».
Ol bulary aýdanda, men sandyr-sandyr edip, ýerimden turdum.
12 Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýar, gorkma+, sen bulara düşünmegi, Hudaýyň öňünde pespäl bolmagy ýüregiňe düwen günüň doga edipdiň. Eden dogaň şol günüň özünde kabul boldy. Şonuň üçinem men seniň ýanyňa geldim+.
13 Emma Pars patyşalygynyň serkerdesi+ 21 günläp meniň bilen söweşdi. Şonda baş serkerdeleriň biri Mikaýyl*+ kömege ýetişdi. Men bolsa Pars patyşalarynyň ýanynda durdym.
14 Men dünýäniň ahyrynda+ seniň halkyň başyna nämeleriň injekdigini düşündirmäge geldim, sebäbi görnüş gelejek döwür hakdadyr»+.
15 Ol gepläp durka, men başymy aşak saldym, dilim tutuldy.
16 Ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degrende+, dilim açyldy. Men garşymda durana şeýle diýdim: «Agam, görnüşden ýaňa sandyrap, güýç-gurbatdan düşdüm+.
17 Agam, guluňyz nädip geplesin?+ Men tapdan düşdüm, demim tutuldy»+.
18 Ynsana meňzeş biri ýene maňa elini degrip ruhlandyrdy+.
19 Ol: «Gorkma!+ Hudaý seni gowy görýär*+. Alada etme!+ Mert bol, mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende maňa güýç geldi. Men: «Agam, aýdyber, sebäbi sen maňa kuwwat berdiň» diýdim.
20 Ol şeýle diýdi: «Seniň ýanyňa näme üçin gelendigimi bilýäňmi? Men yzyma dolananymda, Pars serkerdesi bilen söweşerin+. Men gidenimden soňra Gresiýanyň serkerdesi söweşmäge geler.
21 Emma men saňa hakykat kitabynda nämeleriň ýazylandygyny gürrüň bereýin. Meni serkerde+ Mikaýyldan+ başga goldaýan ýokdur.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: Hiddekel.
^ Ýa-da: hrizolit. Sary ýa-da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.
^ Ýa-da: sen sylanýan adamsyň.
^ Manysy: Hudaýa taý geljek barmy?
^ Ýa-da: Sen sylanýan adamsyň.