Danyýar 11:1—45

  • Pars we Gresiýa patyşalary (1—4)

  • Günorta we demirgazyk patyşalary (5—45)

    • Salgytçy iberilýär (20)

    • Äht Baştutany ýok ediler (22)

    • Galalaryň taňrysy şöhratlandyrylýar (38)

    • Günorta we demirgazyk patyşalary çaknyşýar (40)

    • Gündogardan we demirgazykdan gelen şum habar (44)

11  Men midiýaly Dariýiň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda onuň arkadaýanjy boldum.  Men saňa hakykaty gürrüň bereýin: Pars patyşalygyndan ýene⁠-⁠de üç patyşa geler, dördünji patyşa beýleki patyşalaryň ählisinden has baý bolar. Ol baýlygyna daýanyp, güýç⁠-⁠kuwwat toplar we her kesi Gresiýa patyşasyna+ garşy aýaga galdyrar.  Soňra güýçli bir patyşa tagta çykar. Ol erk⁠-⁠ygtyýar bilen höküm sürer+ we islän zadyny eder.  Emma ol beýgelende patyşalygy dargap, dört bölege bölüner+. Patyşalyk onuň nesline geçmez we hiç kim onuň ýaly güýçli bolmaz. Onuň patyşalygy köki bilen sogrular we başga biriniň eline geçer.  Günorta patyşasy, ýagny onuň serkerdeleriniň biri güýçlener. Emma biri* ony ýeňip, höküm sürüp başlar. Häkimiýeti onuňkydan has kuwwatly bolar.  Olar birnäçe ýyldan soňra dostlaşarlar. Günorta patyşanyň gyzy demirgazyk patyşasy bilen ylalaşyk baglaşmaga barar. Emma ol gyzyň goly güýçden gaçar. Patyşa⁠-⁠da, onuň güýç⁠-⁠kuwwaty⁠-⁠da ýok bolar. Gyzyň özi, kakasy, gyzy şu ýere getirenler we ony şol döwürde goldanlar başgalaryň eline berler.  Gyzyň kökünden çykan baldak kakasynyň ýerini eýelär. Ol goşuna we demirgazyk patyşanyň galasyna garşy çykar, olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar.  Olaryň taňrylaryny, guýma butlaryny, altyn⁠-⁠kümüşden ýasalan gymmatbaha zatlaryny we ýesirlerini Müsüre getirer. Ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasy bilen söweşmez.  Demirgazyk patyşasy günorta patyşasyna garşy söweşe çykar, emma öz watanyna dolanar. 10  Onuň ogullary urşa taýýarlyk görüp, uly goşun toplar. Olaryň biri* ýurdy sil ýaly süpürip taşlar we üstünlik gazanar. Ol yzyna dolananda, galasyna gelýänçä ýolboýy söweşer. 11  Emma günorta patyşasy gazaplanyp, oňa, ýagny demirgazyk patyşasyna garşy söweşe çykar. Ol hem uly goşun toplar, ýöne goşun beýleki patyşanyň eline geçer. 12  Goşun äkidiler. Ol tekepbirlik edip, on müňlerçe adamy öldürer. Emma ol gazanan üstünliginden peýdalanyp bilmez. 13  Demirgazyk patyşasy yzyna dolanar we öňküden⁠-⁠de köp adam toplar. Biraz wagtdan, birnäçe ýyldan soňra ähli zady üpjün edilen uly goşun bilen geler. 14  Şol döwürde köpler günorta patyşasyna garşy çykar. Seniň halkyň arasyndaky zalym adamlar görnüşi* amala aşyrjak bolar, emma olar ýykylar. 15  Demirgazyk patyşasy gelip, galanyň daşyna gabaw depesini galdyrar we basyp alar. Günorta patyşanyň goşuny we batyr ýigitleri garşy durup bilmezler, sebäbi güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçar. 16  Günorta patyşasyna çozan demirgazyk patyşasy islän zadyny eder. Hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol Owadan ýurda+ geler we derbi⁠-⁠dagyn etmäge ygtyýary bolar. 17  Ol patyşalygyň ähli güýjüni toplap gelmegi ýüregine düwer. Onuň bilen ylalaşyk baglaşarlar we ähli işi rowaçlanar. Oňa gyzy ýok etmek ygtyýary berler. Gyz oňa biwepalyk eder, onuň tarapyny tutmaz. 18  Patyşa kenar ýakasyndaky ýurtlary basyp almagy ýüregine düwer we köp adamlary ýesir alar. Şonda goşun serkerdesi patyşanyň kemsitmeleriniň soňuna çykar. Indi hiç kim kemsidilmez, kemsidýäniň özi masgara bolar. 19  Soňra ol ýurdundaky galalara dolanar, ýöne büdräp ýykylar, ony hiç kim tapmaz. 20  Onuň ýerine başga biri geçip, salgytçyny* beýik patyşalygyň içinden geçmäge iberer. Ol birnäçe günden aradan çykar, ýöne ol ne biriniň elinden, ne⁠-⁠de söweş meýdanynda öler. 21  Onuň ýerine ýigrenji biri geçer, emma oňa patyşa hökmünde hormat goýmazlar. Ol asuda döwürde* geler we mekirlik bilen patyşalygy eýelär. 22  Ol sile meňzeýän goşuny derbi⁠-⁠dagyn eder. Goşun dargadylar we äht+ Baştutany+ ýok ediler. 23  Olar onuň bilen äht baglaşar. Ol mekirlik bilen beýgeler we kiçi halkyň saýasynda güýçlener. 24  Ol asuda döwri* ata⁠-⁠babalarynyň başarmadyk işini edip, welaýatlaryň mes topragyny eýelär. Ol talanan, olja düşen zatlary we emläkleri halklara paýlap berer. Ol galalara garşy hile gurar, ýöne uzaga çekmez. 25  Ol güýjüni we uly goşunyny toplap, günorta patyşasy bilen söweşmegi ýüregine düwer. Günorta patyşasy hem onuň bilen söweşmek üçin uly we güýçli goşun toplar. Ýöne ol* durup bilmez, sebäbi oňa garşy dildüwşük gurnalar. 26  Çöregini iýen adamlar ony ýok ederler. Onuň goşuny bolsa derbi⁠-⁠dagyn ediler we köp adamlar gyrlar. 27  Zalym işleri etmegi ýüregine düwen iki patyşa saçak başynda oturyp, biri⁠-⁠birine ýalan sözlärler. Emma üstünlik gazanmazlar, sebäbi olaryň soňy bellenen günde geler+. 28  Ol köp olja bilen ýurduna dolanar, ýüregi mukaddes ähte garşy bolar. Ol üstünlik gazanyp, ýurduna dolanar. 29  Hudaýyň bellän wagty ol ýene⁠-⁠de günorta patyşasyna garşy çykar, ýöne bu gezek öňküsi ýaly bolmaz. 30  Kittim+ gämileri onuň bilen söweşip, ony peselder. Ol dolanyp geler, gahar⁠-⁠gazap bilen mukaddes ähte garşy çykar+ we üstünlik gazanar. Ol gaýdyp gelende, mukaddes ähti bozanlara nazar salar. 31  Onuň goşuny aýaga galar we galany, mukaddes ýeri haram eder+, her gün berilýän gurbanlygy+ gadagan eder. Şol ýerde weýrançylyk getirýän ýigrenji zat dikiler+. 32  Demirgazyk patyşasy ähti bozýan adamlary aldap, imandan dänderer. Emma Hudaýy tanaýan halk üstünlik we ýeňiş gazanar. 33  Halkyň akyldarlary+ köp adamlara bilim bererler. Olar birnäçe günüň dowamynda gylyçdan, otdan, ýesirlikden we talaňçylykdan ejir çekerler*. 34  Şonda olara biraz kömek ediler. Köp adamlar ýalana ynanyp, olara goşular. 35  Akyldarlaryň birnäçesi ýykylar. Şeýlelikde, dünýäniň soňuna çenli köp adamlar arassalanar, tämizlener, päk bolar+. Bularyň soňy bellenen wagtda geler. 36  Patyşa islän zadyny eder, tekepbirlik bilen ähli taňrylardan özüni ýokary tutar. Ol hudaýlaryň Hudaýyna+ paýyş sözleri aýdar. Ol gahar gününe çenli üstünlik gazanar, ýöne çykarylan höküm hökman ýerine ýeter. 37  Patyşa ata⁠-⁠babalarynyň Hudaýyna hormat goýmaz. Aýallaryň haýyşyny we taňrylary äsgermän, diňe özüni şöhratlandyrar. 38  Patyşa galalaryň taňrysyny şöhratlandyrar. Ol altyn⁠-⁠kümşi, gymmatbaha daşlary we hazynalary ata⁠-⁠babalarynyň bilmeýän taňrysyna berer. 39  Patyşa ýat taňrynyň kömegi bilen galalary basyp alyp, üstünlik gazanar. Ol özüni goldaýanlara* sylag⁠-⁠serpaý ýapar we halkyň üstünden baştutan edip goýar. Ol ýer paýlaryny hak töläne berer. 40  Dünýäniň soňunda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Demirgazyk patyşasy arabalary, atlylary we ençeme gämileri bilen onuň üstüne çozar. Ol ýurda hüjüm eder we ony sil ýaly süpürip äkider. 41  Ol Owadan ýurda+ çozar we köp ýurtlary weýran eder. Ýöne Mowabyň, Edomyň we ammonlaryň baştutanlary onuň elinden gaçyp gutular. 42  Ol ähli ýurtlara hüjüm eder, Müsür ýurdy⁠-⁠da halas bolup bilmez. 43  Ol Müsüriň altyn⁠-⁠kümüşden doly gizlin hazynalaryna we ähli gymmatbaha zatlaryna eýeçilik eder. Liwiýalylar we efiopiýalylar onuň yzyndan gider. 44  Gündogardan we demirgazykdan gelen habar onuň gaharyny getirer. Ol köp adamlary gyryp, ýoguna çykmak üçin gahar⁠-⁠gazaba müner. 45  Ol şa çadyrlaryny uly deňiz bilen Owadan ýurduň+ mukaddes dagynyň aralygynda diker. Ol ýok ediler we onuň dadyna ýetişjek bolmaz.

Çykgytlar

Demirgazyk patyşasy göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: Ol.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: harby gulluga ýazýany.
Başga manysy: duýdansyz.
Başga manysy: duýdansyz.
Belki, demirgazyk patyşalygy.
Sözme⁠-⁠söz: büdrärler.
Başga manysy: özüniň goldaýanlaryna.