Danyýar 8:1—27

  • Goç we teke hakdaky görnüş (1—14)

    • Kiçi şah özüni beýgeldýär (9—12)

    • 2 300 günüň dowamynda irden we öýlän berilýän gurbanlyk (14)

  • Jebraýyl görnüşi düşündirýär (15—27)

8  Belşazaryň+ hökümdarlygynyň üçünji ýylynda men, Danyýar öňküden başga ýene bir görnüş* gördüm+.  Men Elam+ welaýatynyň Şuşan*+ galasyndadym. Görnüşde men Ulaý çeşmesiniň boýunda otyrdym.  Başymy galdyryp seredenimde, çeşmäniň boýunda iki şahly+ goç+ durdy. Onuň iki şahy⁠-⁠da uzyndy, ýöne bir şahy beýlekisinden biraz uzynrakdy. Uzyn şahy soň çykypdy+.  Men goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsüp durandygyny gördüm. Hiç bir wagşy haýwan onuň öňünde durup bilmedi. Hiç kim onuň hüjüminden gaçyp gutulyp bilmedi+. Ol tekepbirlik bilen islän zadyny edýärdi.  Men seredip durdym, günbatardan bir tekäniň+ gelýändigini gördüm. Ol aýagyny ýere basmazdan, bütin ýer ýüzüni aýlanyp çykdy. Onuň maňlaýynda ullakan bir şahy bardy+.  Ol çeşmäniň boýunda duran iki şahly goça gaharlanyp, üstüne okdurylyp barýardy.  Men onuň goça gazaplanyp, ýanyna barandygyny gördüm. Ol goçy süsüp, onuň iki şahyny döwdi. Goçuň gaýtawul bermäge gurbaty çatmady. Teke goçy ýere ýykyp depeledi. Onuň hüjüminden goçy hiç kim halas edip bilmedi.  Soňra teke ulumsylyk etdi, ol güýçlenende uly şahy döwüldi. Onuň ýerine çar tarapa* seredip duran dört şah çykdy+.  Olaryň birinden başga bir kiçi şah çykyp, günorta, gündogara we Owadan ýurda+ tarap ösüp ulaldy. 10  Ol şeýle bir ösdi welin, gögüň goşunlaryna ýetdi. Ol goşundan käbirini we ýyldyzlaryň birnäçesini ýere gaçyryp depeledi. 11  Ol goşunyň serkerdesine⁠-⁠de garşy çykdy. Şonuň üçin serkerdäniň elinden her gün berilýän gurbanlyk alyndy. Onuň dikelden mukaddes ýeri ýumruldy+. 12  Şaha goşun berildi, günä sebäpli her gün berilýän gurbanlyk gadagan edildi. Ol hakykaty ýere zyňýardy we edýän işinde üstünlik gazanýardy. 13  Men bir perişdäniň gepleýändigini eşitdim. Başga bir perişde gelip, şeýle diýdi: «Her gün berilýän gurbanlyk we weýran edýän günä hakyndaky görnüş haçana çenli dowam eder?+ Haçana çenli mukaddes ýer we goşun depelener?» 14  Ol maňa: «Mukaddes ýer dikeldilip, öňki ýagdaýyna gelýänçä, 2 300 günüň dowamynda irden we öýlän gurbanlyk berler» diýdi. 15  Men, Danyýar görýän görnüşimiň manysyna düşünjek boldum. Birden garşymda ynsana meňzeş biriniň durandygyny gördüm. 16  Soňra Ulaýyň+ ortarasyndan: «Jebraýyl+, oňa gören zadyny düşündir»+ diýen ynsan sesini eşitdim. 17  Ol meniň ýanyma gelende, gorkudan ýaňa ýüzin ýykyldym. Ol maňa: «Ynsan ogly, görnüş dünýäniň soňunda ýerine ýeter»+ diýdi. 18  Ol gepläp durka, men uklap galypdyryn, ýöne ol maňa elini degrip, ýerimden galdyrdy+. 19  Soňra ol şeýle diýdi: «Gahar⁠-⁠gazabyň soňky pursadynda näme boljakdygyny gürrüň bereýin, sebäbi ol dünýäniň soňunda berjaý bolmaly+. 20  Gören iki şahly goçuň Midiýa we Pars patyşalary+. 21  Tüýlek teke Gresiýa patyşasy+. Onuň gözleriniň ortasyndaky uly şah birinji patyşasy+. 22  Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy+ şol milletden dört patyşalygyň dörejegini aňladýar. Ýöne olar birinji şah ýaly güýçli bolmazlar. 23  Patyşalygynyň soňky günlerinde günäli işler has köpeler, aýlawly gep⁠-⁠gürrüňlere düşünýän* zalym patyşa tagta geçer. 24  Ol kuwwatly bolar, ýöne muňa öz güýji bilen ýetmez. Ol öňde⁠-⁠soňda görülmedik weýrançylygy getirer, üstünlik gazanyp, işi rowaç bolar. Ol güýçlüleri we mukaddes halky ýok eder+. 25  Ol mekirlik edip üstünlik gazanar, ýüreginde özüni beýgelder. Ol asuda döwürde* köpleriň soňuna çykar. Ol hatda serkerdeleriň Serkerdesine garşy çykar. Şonda ol ynsan eli degmese⁠-⁠de ýykylar. 26  Irden we öýlän berilýän gurbanlyklar hakynda aýdylan sözler hakykatdyr. Sen görnüşi hiç kime aýtma, sebäbi ol gelejekde ýerine ýeter»+. 27  Men, Danyýar tapdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym+. Soňra turup, patyşalyk işleri bilen gümra boldum+, ýöne gören görnüşlerimden ýaňa dilim tutuldy. Muňa hiç kim düşünmedi+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Suza.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň dört ýeline.
Ýa⁠-⁠da: duzak gurmaga ökde.
Başga manysy: duýdansyz.